Nowruz geldi sahabatly ülkäme!

20-03-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe berkararlyk baýdagynyň astynda türkmen ilimizde toý baýramlar uly şatlyk şowhun bilen bellenilýar. Ine şolaryň biri hem gündogar halklarynyň durmuşynda örän berk ornaşan Nowruz baýramy parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan baýramlaryň biridir. Nowruz galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklar, birek-birege ynam Nowruz baýramynyň esasy ýörelgeleridir. Nowruz baýramy mynasybetli hem kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň arasynda dürli sport ýaryşlary, baýramçylyk aýdym-sazly dabaralary gurnalýar. Medeniýetleriň gadymy taryhyny, zähmet dessurlaryny we maşgala däplerini saz mirasyny häzirki zamanyň sungat ýörelgeleri bilen utgaşdyryp, adamlaryň şatlygyna şatlyk goşýar.

Milli däp-dessurlarymyzy özünde jemleýän nowruz baýramy özüniň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. gadymy baýramçylygyň tebigatyň janlanýan bahar paslynyň ilkinji aýynda bellenilmeginde hem uly many bar. güneşli diýarymyzda gahryman arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda halkara nowruz baýramy ýurdumyzda giň gerimde bellenilip geçilýär. nowruz baýramy häzirki wagtda dünýäniň onlarça döwletinde has takygy, eýranda, owganystanda, azerbaýjanda, täjigistanda, yrakda, hindistanda, gyrgyz Respublikasynda, türkiýede, özbegistanda, gazagystanda giňden bellenilýär. 2010-njy ýylyň fewral aýynda birleşen milletler guramasynyň baş assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny halkara nowruz güni diýip bellemek hakynda ýörite rezolýusiýa kabul edildi. bu bolsa nowruz baýramynyň halkara derejesindäki ähmiýetiniň ýokarydygyny ýene bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi.

Nowruz baýramynda gadymdan gelýän milli däp-dessurlar ýaýbaňlandyrylyp, özboluşly datly tagamlar taýýarlanylýar, toý saçaklary giňden ýazylýar. Bu ajaýyp şanly senede köpsanly süýji tagamlar taýýarlanylyp, birek-birege hödür edilýär. Halkara Nowruz baýramçylygynda taýýarlanylýan esasy tagam hem semenidir. Halk arasynda «Äşe Patmanyň aşy» ýa-da bolmasa «Ekiniňi ýaş gördüm, duzsuz bişen aş gördüm» diýip tarypy ýetirilýän semeni ýaz paslynyň şol sanda Nowruz baýramynyň iň datly tagamlarynyň biridir. Mälim bolşy ýaly, semeni duzsuz bişirilýär. Datly tagam köp zähmeti talap edýär. Şonuň üçin zenanlarymyz semeni bişirmek üçin bir hepdeläp taýýarlyk görýär. Gadymdan gelýän bu tagamy adatça Nowruzyň öň ýanyndaky gijede uzak wagtlap gaýnadýarlar. Semeni taýýar bolansoň, gazanyň gapagyny ýapyp, ojakdan düşürmän goýýarlar. Ertire çenli semeni gaýmaklap, gasyn-gasyn bolýar. Şonda onuň ýüzünde dörän yzlara, halk arasynda Äşe Patmanyň barmagynyň yzy diýlip atlandyrylýar. Semeni ýokumly iýmit hasaplanýar.

Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan Nowruz baýramy täzelenişe we döredijilige, parahatçylykly durmuşa ruhlandyrýar, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak däplerini pugtalandyrýar. Nowruz baýramy ýazyjydyr şahyrlaryň eserlerinde hem joşgunly beýan edilýär. Olar Nowruz baýramy, Milli bahar baýramy bilen bagly birnäçe eserleri döredýärler. Ýeri gelende belläp geçsek, Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp «Paýhas çeşmesi» kitabynda hem «Nowruz geçiň şahyny ezse, hasyla garaş», «Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň — ýaz», «Nowruzyň gaýynda, togsanyň haý-haýynda» ýaly, Nowruz bilen bagly birnäçe atalar sözi, nakyllar ýerleşdirilen.

Parahatçylygyň we gözelligiň baýramy hasaplanýan Nowruz baýramy umumadamzat medeniýetinde mynasyp orun aldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzyň welaýatlarynda, Arkadag şäherinde we paýtagtymyz Aşgabadyň töwereginde Halkara Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda müňlerçe düýp agaç nahallaryny ekmek işi asylly däbe öwrüldi. Bu bolsa ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan netijeli işleriň üstüni ýetirýär.

Bu günki gün mähriban halkymyz gadymdan gelýän Nowruz baýramyny agzybirlikde, jebislikde toýlaýar. Berkarar döwletimiziň dürli künjeklerinde şol sanda paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde hem giň gerimli baýramçylyk dabaralary, sergidir ýarmarkalar guramaçylykly geçirilýär. Şeýle dabaralarda ýurdumyzyň ussat medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeginde güneşli ülkämizi, gözel tebigatymyzy wasp edýän joşgunly aýdymlaryň belentden ýaňlanmagy, çagalaryň gadymdan gelýän milli oýunlary oýnamagy baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýýar. Bu bolsa dabara gatnaşyjylaryň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrýar.

Dünýä halklaryny birek-birek bilen baglanyşdyrýan bu baýramçylygyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan dostlugyň, goňşuçylygyň, parahatçylygyň nyşany hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem bu senäniň dünýä jemgyýetçiligi üçin hem aýratyn ähmiýete eýedigini görkezýär. Galyberse-de, Nowruz baýramçylygy diňe bir doganlyk goňşy ýurtlarymyzda däl, eýsem güneşli diýarymyzda hem dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilmegi halkymyzyň belent joşgunyny, kalplarynda ajaýyp söýgüni alamatlandyrýar. Taryhyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan Halkara Nowruz güni we Milli Bahar baýramyny giňden belleýän türkmen halkynyň Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe maddy we ruhy baýlyklaryny öwrenmekde, şan-şöhratyny, at-abraýyny dünýä ýaýmakda alyp barýan jogapkärli işlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň  janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw edýärin!

Garýagdy ANNADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.