ÝAŞLAR SYÝASATY DABARALANÝAR

05-03-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň beden taýdan sagdyn ösmegine, döwrebap bilim-terbiýe almagyna aýratyn üns berýär. Bu günki ýurdumyzda gurlup, ulanylmaga berilýän umumybilim berýän orta mekdepleriň, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriň döwrebap binalary, olarda ornaşdyrylýan häzirki zaman okuw enjamlary, şol sanda kämil kompýuterler, multimedia-interaktiw enjamlary, görkezme esbaplary buýsanç bilen agzalmaga mynasypdyr.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda talyp ýaşlar döwrebap bilim ojaklarynda okamak bilen, özleri üçin döredilýän giň şertlerdir mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýarlar, bilimiň esaslaryny çuňňur öwrenýärler, hünärleri höwes bilen ele alýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň kabul edilmegi ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň rowaçlanýandygynyň alamatydyr. Şonuň bilen baglanyşykly, berkarar Watanymyzda ýaşlar syýasaty milli kanunçylyk namalary, halkara ýörelgeleri esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olaryň arasynda ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, milli däpdessurlarymyzy wagyz etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da rowaçlandyrmak, watansöýüjiligi, raýat jogapkärçiligini, zähmete söýgini terbiýelemek, ýaşlaryň jemgyýetçilik şahsy başlangyçlaryny ileri tutmak, goldamak we höweslendirmek boýunça döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňde goýlan esasy wezipelerdir. Şol wezipeleriň hatarynda ýaşlar toparlarynyň isleglerini öwrenmek, hasaba almak we olary kanagatlandyrmak ýaly möhüm ugurlary hem agzamak ýakymlydyr. Häzirki wagtda agzalan ugurlarda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işler bagtyýar ýaşlara özlerini has-da bagtyýar duýmaga, hünär kämilligine ýetmäge, ähli taraplaýyn sazlaşykly ösüp, kämil şahsyýetler bolup ýetişmäge hyjuw döredýär.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, döwlet ýaşlar syýasaty Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny amala aşyrmaga gönükdirilen durmuş, ykdysady, syýasy, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamynyň döredilmegini göz öňünde tutýar. Şonuň üçin bu işe jemgyýetçilik guramalary hem-de degişli döwlet edaralary işjeň goşulmalydyr.

Özleri hakynda edilýän aladalara mynasyp jogap bermek bilen, bu gün ýaşlarymyz döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, hususy ulgamda yhlasly zähmet çekýärler, durmuş ugurly döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylyşyna işjeň gatnaşýarlar. Bu bolsa ýaşlaryň islendik döwletiň ykdysady ösüşinde hem aýratyn orun tutýandygyny görkezýär. Bagtyýar ýaşlar bolsa bilimlerini kämilleşdirip, bildirilýän belent ynamy ödemek ugrunda gujur-gaýratlaryny gaýgyrmajakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Prezidentimiziň ýaşlar üçin döredýän ähli taraplaýyn şertleridir mümkinçilikleri biziň watançylyk ruhumyzy has-da belende göterýär. Munuň üçin halkymyzy beýik işlere, päk zähmete ruhlandyryjy Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyzyň çägi ýokdur.

Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Azat MUHIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.