Garaşsyzlyk — halkymyzyň nurana ýoly
29-09-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyz Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllyk toýuny uly dabara bilen garşy aldy. Garaşsyzlyk bagtyýarlygyň, döwletliligiň, agzybirligiň, jebisligiň aýdyň nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininiň, ýadawsyz zähmetsöýerliginiň, giň dünýägaraýşynyň, halkara başlangyçlarynyň oňyn netijeleri ähli ulgamlardaky ösüşlerde aýdyň şöhlelenýär.
Bagtyýar zamanada ýaşaýan halkymyz Garaşsyzlygy örän möhüm milli gymmatlyk hökmünde sarpalaýar. Bu gün Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda şöhratly Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk toýuny dabaraly ýagdaýda belledi. Ýurdumyzyň hem dünýäniň syýasy, ykdysady, ulag-aragatnaşyk we medeni durmuşynda möhüm yz goýan, şeýle-de döwlet berkararlygynyň berkemegi, ykdysady durnuklylygyň gazanylmagy hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň ösmegi üçin ählumumylaşmagyň üýtgewsizdigini aýan eden Garaşsyzlyk ýyllarynda bu gadymy Diýarda asyrlara barabar işler edildi. Bu bolsa geçmişde onlarça döwlet gurup, taryha ýaň salan türkmen halkynyň gurmak hem döretmek başarnygyny ýene bir ýola dünýä äşgär etdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň milli bähbitlerinden ugur alnyp, goňşy hem dostlukly döwletler bilen parahatçylyga, agzybirlige daýanýan hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly üstünlikler gazanyldy. Dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly, deňhukukly gatnaşyklary saklamakda, özara bähbitli syýasy, ykdysady, söwda, medeni gatnaşyklary ösdürmekde täze başlangyçlar öňe sürüldi. Halkymyzyň asudalygyny we abadançylygyny üpjün edip, ykdysady hem-de durmuş taýdan ösüşiň maksatnamalaryny ýerine ýetirmekde täze çykalgalar emele getirildi. Sebit, yklym hem-de halkara derejedäki özara bähbitlere, ynanyşmaga, dialoga daýanýan şeýle hyzmatdaşlygyň häzirki döwürde işjeň dowam etdirilýändigi türkmen parahatçylyk söýüjiliginiň we ynsanperwerliginiň mizemez ykraryny görkezýär.
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasy, ykdysady, medeni taýdan we dünýä döwletleri bilen özara söwda dolanyşygyny işjeňleşdirmekde gazanan ösüşleri, onuň halkara derejedäki ornuny kesgitledi. Netijede, ýurdumyzyň ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerinden gözbaş alýan içeri hem-de daşary syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan doly goldaw tapdy. Bu ýagdaý, beýleki ugurlar bilen birlikde, türkmen ykdysadyýetiniň halkyň isleglerini kanagatlandyryp, jemgyýetiň ösüşini üpjün edip bilmegine, daşarky täsirleriň durnukly ýagdaýa gelmegine, ulgamlaýyn ösüşleriň depginini saklamaga we dünýädäki häzirki ýagdaýlar bilen baglanyşykly bolşy ýaly, dürli döwürlerde dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çökgünligiň milli ykdysadyýete edýän täsirlerini azaltmaga şert döretdi. Dünýä taryhynyň tejribelerinden belli bolşy ýaly, ykdysadyýetde şeýle şertleriň emele gelmegi ýa-da emele getirilmegi häzirki zaman döwlet gurluşynyň ulgamynyň döredilmegine mümkinçilik berýär. Bu bolsa, ilkinji nobatda, halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna gönüden-göni täsir edýär hem-de döwletiň döwletlilik mertebesini ýokarlandyrýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda we dünýäde Türkmenistanyň gatnaşmagynda geçirilen çäreler — forumlar, sergiler, konferensiýalar, halkara maslahatlar, özara geňeşmeler… dünýädir sebit döwletleriniň, iri maliýe guramalarynyň, abraýly halkara şereketleriň depginli ösýän Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan islegleriniň barha artýandygyny ýüze çykardy.
Garaşsyzlyk halkymyzyň ata-baba dowam edip gelýän milli ýol-ýörelgelerini gaýtadan dikeldip, dünýä ýüzüne milli ruhy baýlyklarymyza ýol açýan gymmatlykdyr. Halkymyzyň ruhy gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň biri hem ata-babalarymyzyň parahatçylyga, özara ynanyşyp ýaşamaga ymtylmagydyr. Garaşsyzlyga eýe bolan halkymyz özüniň röwşen geljegine bolan ynamyny beýik işler bilen berkidýär. Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda – Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýylynda durmuşa geçirilen ägirt uly işler türkmen döwletiniň özboluşly ösüş ýörelgeleriniň dabaralanmasydyr. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň zähmetsöýerligidir, ruhubelentligidir, watansöýüjiligidir hem-de agzybirligidir.
Dünýä dursun, şanly Garaşsyzlygymyz dursun! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň abraý-mertebesini dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!
Maýa SAPAROWA,
Daşoguz şäheriniň 34-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.