Esasy Kanunymyz – parahatçylygyň beýany
20-03-24
Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwlet gurluşynyň dünýä tejribesini, milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esaslaryny öz içine alyp, demokratik, hukuk hem-de dünýewi döwlet gurmagyň möhüm wezipelerini bir ýere jemleýär. Bu bolsa bazar ykdysadyýetine hem-de adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejesini döredýän wezipelerden ugur alýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmakda emele gelýän jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar, şunda baş gymmatlyk adam bolup durýar. Konstitusiýa türkmen döwletiniň milli ýörelgelerini — Garaşsyzlygy we Bitaraplygy, parahatçylygy, raýat ylalaşygyny, demokratiýany we kanunlaryň ileri tutulmagyny özünde jemläp, jemgyýetimiziň durmuş-ykdysady ösüşini kesgitleýär.
1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Garaşsyz Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň — Konstitusiýasynyň kabul edilmegi bilen, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň gurluşynda ilkinji aýgytly ädimler ädildi. Bu möhüm resminamada döwlet gurluşynyň esaslary, adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary, erkinligi we borçlary, häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň ulgamynyň gurluşy, ýurduň saýlaw ulgamy kesgitlenip, ol türkmen halkynyň taryhy mirasyna, däp-dessurlaryna, ýaşaýyş-durmuşyna, milli häsiýetine esaslandyryldy.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça 2008-nji, 2016-njy we 2020-nji ýyllarda degişli işler alnyp baryldy we ýurdumyzyň Esasy Kanuny döwrüň we jemgyýetiň ýeten derejelerine laýyklykda döwrebaplaşdyryldy. Şeýlelikde, Esasy Kanuna iň oňat dünýä tejribesi, milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esaslaryny düzýän ýörelgeler ornaşdyryldy. Şonuň netijesinde, Esasy Kanunymyz diňe bir mazmun däl, eýsem, gurluş taýdan hem kämilleşdirildi.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet isländigi baradaky şygry diňe bir şahyryň şahsy garaýşyny däl-de, eýsem, tutuş halkyň isleglerini beýan edýändigi üçin dilden düşürilmän gelýär. Halkymyz bu gün Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eýesi boldy. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly: «Adyl we demokratik Konstitusiýasy bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan indi dünýäde giňden tanalýar we uly abraýa eýe boldy».
Konstitusiýamyz adamlaryň hukuk goraglylygyny ýokarlandyryp, jemgyýetçilik tertibini pugtalandyrmaga, halkymyzyň jemgyýetde resmi taýdan ykrar edilen hukuk we ahlak kadalaryny berjaý etmegine gönükdirilendir.
«Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň hem-de ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň şanly 32 ýyllyk senesine taýýarlyk görülýär. Halkymyzyň şöhratly geçmişini, ajaýyp döwrümiziň ösüşlerini, nurana geljegimizi alamatlandyrýan bu goşa mukaddeslik kalbymyzda aýratyn orun tutýar. Bu gymmatlyklar bagtyýar raýatlarymyzyň ata Watana bolan söýgüsini artdyrýar. Esasy Kanunymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri milli guwanjymyza hem buýsanjymyza öwrülen ýaşyl Tugumyzyň astynda dabaralanýar. Şanly seneler biziň gazanýan ösüşlerimizi, üstünliklerimizi dünýä buşlaýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň sebitde we dünýäde syýasy durnuklylygy saklamak we goldamak, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerini ösdürmek baradaky başlangyçlary gyzgyn goldanylýar. Parahatçylygyň we ynsanperwerligiň asylly maksatlarynyň hatyrasyna dünýä bileleşigi bilen halkara gatnaşyklaryny kämilleşdirmek Konstitusiýamyzyň mazmunynda mynasyp orun alandyr.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolmagyny, tutýan il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklar beslenmegini arzuw edýäris!
Güljahan HOJAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.
Rus dilini öwrenmekde türkmen-rus gumanitar gatnaşyklarynyň ähmiýeti
Bütindünýä derejesinde ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk hem-de ata-baba ynsanperwerlik syýasatyny üstünlikli alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz durnukly ösüş depginleri bilen öňe barýar. Türkmen döwleti özüniň Bitaraplyk derejesiniň çäklerinde dünýäniň ýurtlary bilen deňhukuklylyk esasynda, ähli ugurlar boýunça özara bähbitli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýar hem-de yzygiderli ösdürýär.
Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.
Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.
TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi
«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.
DÖWREBAP MERKEZ
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň okamagy öwrenmegi döretmegi üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Talyp ýaşlarymyzyň ýokary okuw jaýlarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan labaratoriýalarda okan zatlaryny tejribe usulda özleşdirmekleri olaryň okuw sapaklaryna bolan höwesini hasda artdyrýar.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda döwrüň talaplaryndan ugur alnyp we möhüm wakalara bagyşlanyp, her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy agzybir halkymyzyň watançylyk ruhunyň ýokarlanmagyna, her bir raýatyň Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik işlere dahylly bolup, oňa öz goşandyny goşmak höwesiniň artmagyna getirýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.