Ýollarymyz ak bolsun, uzaga gitsin!

22-05-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşlerden-ösüşlere barýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ähli babatda ösüşleriň we kämilleşmegiň çalt depginlerde amala aşyrylýan, gurmagyň we döretmegiň şöhratly zamanasy bolup, täze taryha girýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen hukuk we dünýewi döwletimiziň kämil binýady kemala getirildi. Şunda gysga döwrüň içinde ýurdumyzda ýokary ahlak terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli nesli kemala getirmek babatda toplumlaýyn we sazlaşykly esasda alnyp barylýan işleriň ählisi döwletiň, jemgyýetiň, ykdysadyýetiň hem-de medeniýetiň ösüşinde özüniň aýdyň netijelerini görkezdi. Bularyň ählisi, bitewülikde ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyny, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagyny, durmuş üpjünçiliginiň oňyn çözülmegini üpjün etdi.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň aprel aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy. Bu şanly waka Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça başy başlanan giň gerimli özgertmeleriň häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde ulag ulgamy esasy ugurlaryň hatarynda durýar. Häzirki wagtda ulag ulgamynyň dünýä ykdysadyýetiniň, şol sanda halkara hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna hem-de deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýändigini dünýä döwletleriniň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlyklaryň netijeleri äşgär etdi. Bu pudak Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde hem möhüm orny eýeleýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça dürli ýyllarda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalary biragyzdan kabul edendigini bellemek has-da ýakymlydyr. Elbetde, munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli çuň parasatynyň aýdyň netijeleridigi aýratyn buýsandyryjydyr.

Şu ýylyň 17-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylmagy bu ugurda amala aşyrylýan beýik işleriň hatarynda möhüm ädim boldy. Bu taryhy waka Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça başy başlanan giň gerimli özgertmeleriň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini äleme äşgär etdi. Halkara derejeli döwrebap awtomobil ýolunyň açylyş dabarasynda dünýäniň bu ugurdaky iri meşhur kompaniýalarynyň güwänamalarynyň gowşurylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy Aşgabat — Tejen (203 kilometr), Tejen — Mary (109 kilometr), Mary — Türkmenabat (288 kilometr) ugurlary boýunça üç tapgyrda amala aşyrylýar. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy Türkmenistandaky iň iri ulag taslamalarynyň hatarynda durýar. Onuň durmuşa geçirilmegi üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän awtoýollaryň köpşahaly ulgamyna çalt çykmagyny üpjün eder. Şunlukda, ýakyn geljekde Türkmenistanda uzak aralyga ýükleriň çalt we arzan daşalmagyna mümkinçilik berjek täze ýokary tizlikli awtomobil ýoly peýda bolar. Munuň daşary ykdysady hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine uly ýardam etjekdigi şübhesizdir. Bu ulgamda bar bolan ägirt uly kuwwatdan netijeli peýdalanmaga çalyşýan ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ulagyň ähli görnüşleriniň — awtomobil, demir ýol, howa, deňiz ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Täze howa menzilleri, polat ýollar, deňiz-derýa ýollary, ýurdumyzy goňşy ýurtlar bilen birleşdirýän awtomobil ýollary, köprüler gurulýar, toplumyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üsti döwrebap täze tehnikalar bilen üpjün edilýär, bularyň ählisi, bitewülikde diňe bir türkmen döwletiniň däl, sebitiň ösüşinde örän ýokary ähmiýete eýedir. Berkarar Diýarymyz ählumumy ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak bilen, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça wajyp ýollarydyr merkezleri birleşdirýän esasy üstaşyr ulag geçelgeleriniň düzümini döwrüň ýokary talabyna laýyk getirýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu ugurlar boýunça möhüm ulag geçelgeleriniň döredilmegi Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek we Ýewraziýanyň ykdysady zolaklaryny birleşdirmek wezipelerini durmuşa geçirmek babatda aýratyn ähmiýete eýedir. Şol taryhy günde hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň, Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, täze ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi, şeýle hem Mary welaýatynyň ilatyna döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň sowgat hökmünde gowşurylmagy ýaly beýik işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy hem milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyndan habar berýär. Bu desgalar ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşlerine kuwwatly itergi bolup hyzmat eder.

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça başy başlanan giň gerimli özgertmeler täze taryhy döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň netijeli ulanylmagyny, ýurdumyzyň halkara ähmiýetli ulag çatrygy hökmünde ornunyň pugtalandyrylmagyny şertlendirýär. Döwrümizi beýgeldýän, Watanymyz, halkymyz üçin bähbitli bolan döwletli işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

 Daýanç JUMANAZAROW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň talyby.

Ýolbaşçy Sülgünjemal ORAZMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.