Milli ykdysadyýetimizde sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar
05-12-22
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasatynyň netijesinde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna halkara ülňülerine laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işler üstünlikli amala aşyrylýar. Sanly ykdysadyýete geçmek boýunça wezipeler maglumat-aragatnaşyk üpjünçilik ulgamynyň, şol sanda Internet hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyndan, şeýle hem adamyň intellektual ukyplarynyň doly derejede ulanylmagyndan we zerur bolan beýleki şertleriň ýerine ýetirilmeginden ybaratdyr.
Häzirki wagtda öňdebaryjy ýurtlaryň tejribesinde hökümet tarapyndan ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak meselelerine işeňňirlik bilen çemeleşilýär, hususan-da, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy, şeýle hem döwlet hyzmatlarynyň elektron görnüşleriniň hereket edip başlamagy ýaly özgertmeler yzygiderli amala aşyrylýar. Dünýä ykdysady ulgamynda sanly özgertmelere sezewar bolmaýan pudaklaryň sany barha azalýar, sebäbi olar döwrüň talaplaryna laýyk gelip bilmeýär, şonuň netijesinde bolsa pudak özüniň bäsleşige ukyplylygyny ýitirýär. Sanly ykdysadyýete geçmek meselesinde, ilki bilen, döwlet dolandyryş edaralaryna we bank ulgamlaryna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny gazanmaly, soňra şol tehnologiýalaryň degişli ykdysadyýetiň pudaklarynda we jemgyýetde ýüze çykýan gaýry zerurlyklary kanagatlandyrmak üçin peýdalanylmagynyň aýdyň netijeleri ykdysadyýete umumylykda oňaýly täsirini ýetirýär.
Ykdysadyýetiň sanly ulgamy jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän ykdysady we durmuş hadysalardan düzülen ulgam bolmak bilen, şol bir wagtda Internet torundan peýdalanmaga giň mümkinçilikleri bolan täze görnüşli ykdysady nusgany emele getirýär. Sanly ykdysadyýet şertlerinde zähmet öndürijiliginiň artmagy, önümçilik harajatlarynyň pese düşmegi, harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagy şonuň ýaly-da, beýleki peýdaly aýratynlyklar ýüze çykýar. Ykdysadyýetde innowasion özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin üpjünçilik ulgamynyň döwrebaplygyna, elektron dolanyşygynyň ýola goýulmagyna we elektron söwdasynyň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berilýär.
Ykdysadyýetiň innowasion pudaklarynyň emele gelmegi bolsa sanly ykdysadyýetde bolup geçýän prosesleriň kanunalaýyk dowamaty hökmünde çykyş edýär. Şeýlelikde, sanly ykdysadyýet jemgyýeti we döwleti düzýän ähli elementleriň bütinleýin yzygiderli sanlylaşdyrylmagynyň netijesinde emele gelýär, sanly ykdysadyýetiň ösüşi bolsa onuň subýektleriniň özara amala aşyrylýan sanly şertnamalaýyn gatnaşyklaryny ýola goýmak işiniň gurnalmagy bilen bagly bolup durýar. Şu işde berk kanunçylyk binýadynyň döredilmegi ilkinji mesele bolup çykyş edýär. Bu wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin «Türkmenistanda 2019 - 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Ol resminama Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Elektron resminama hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we Internet-hyzmatlaryny elýeterli etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýýarlandy hem-de sanly ulgamy ösdürmegiň maksatlaryny we esasy ugurlaryny, şeýle hem ýerine ýetirilmeli esasy wezipelerini özünde jemledi. Bazar gatnaşyklarynyň kämilleşmegi dürli şertnamalaryň hem-de amallaryň döwrebap görnüşleriniň ýüze çykmagyna oňyn şert döredýär. Bu bolsa ykdysadyýetiň hususy bölümlerini ösdürmekde, ilatyň durmuş wezipelerini çözmekde, şertnamalaýyn gatnaşyklaryň aýdyňlygyny ýokarlandyrmakda netijeli gural bolup durýar.
Maral ATAJANOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Karhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy kafedrasynyň öwreniji mugallymy.
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.