ULAG DIPLOMATIÝASY: RÖWŞEN GELJEGE BADALGA

04-11-24

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň amala aşyrýan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki döwletara hyzmatdaşlygy, şonuň ýaly-da, abraýly halkara guramalaryň, düzümleriň çäklerinde ýokary derejede geçirýän gepleşikleri we duşuşyklary, olarda gazanylýan netijeli ylalaşyklar diňe bir ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna däl, eýsem, sebitiň we dünýäniň ösüşine gönükdirilendir.

Ata Watanymyz rowaçlyklaryň ýoly bilen öňe barýar, täze sepgitlere eýe bolýar. Şeýle ösüşler ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, hususan­-da ulag ulgamynda hem gazanylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, halkara we sebit derejesinde ulag-logistika ulgamyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Milli Liderimiziň öňden görüjilikli hem-­de parasatly teklipleri esasynda ulag ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlar dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Hususan­da, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça 2014­-nji, 2015-­nji, 2017-­nji we 2021-nji ýyllarda durnukly ulag ulgamynyň ösdürilmegi boýunça BMG­-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary biragyzdan kabul edildi. Şeýle hem 2016-­njy ýylyň noýabr aýynda ýurdumyzda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahat geçirildi.

Her bir döwletiň ählumumy ösüş derejesiniň ol ýurduň ulag ulgamynyň ösüş derejesi bilen gönüden-göni baglydygy aýdyň hakykatdyr. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky başlangyçlarynyň dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe bolandygy, aslynda, ol başlangyçlaryň Merkezi Aziýany, Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogar, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýany birleşdirýän täze geoykdysady giňişligiň binýadyny döretmegiň ulag ulgamynda Türkmenistanyň döwlet ösüş strategiýasynyň esasy ugry bolup durýandygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Milli Liderimiziň eziz Diýarymyzda ulag ulgamlarynyň köpugurly düzümlerini döretmek hakyndaky yzygiderli öňe sürýän başlangyçlary sebitiň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge uly ýardam edýär. Munuň özi parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, howpsuzlygyň, durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar. Şeýlelik bilen, möhüm çatrykda ýerleşýän ýurdumyz Ýewraziýa yklymynyň köp sanly ýurtlaryny birleşdirýän döwlete öwrülýär.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda durnukly ösüşiň aýdyň ýoly bilen beýik geljege barýan ýurdumyzda iri halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk hem işjeň ösdürilýär. Daşary ýurt maýa goýumlaryny we karz serişdelerini çekmek boýunça netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-­2025-nji­ ýyl­lar­da­ dur­muş ykdy­sa­dy taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, dürli kysymly gämileriň gurulmagy göz öňünde tutulýar.

Ulag ulgamynda netijeli we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň hem-de giňeltmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyna Gahryman Arkadagymyzyň bu möhüm ugurda öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň ählumumy goldawa eýe bolýandygy we dünýä bileleşiginiň ykrar edýändigi doly şaýatlyk edýär. Logistik strategiýany ösüşiň esasy ugry hökmünde kesgitleýän hem-de Ýewropa bilen Aziýany birleşdirýän Türkmenistan ulag düzümlerini kemala getirmekde we halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde geljegi nazarlaýan täze ýollary açýar. Ulag logistikasy dürli ulag görnüşlerini ulanmak bilen, halkara ýük daşalyşy amala aşyrylanda olaryň amatly, çalt we howpsuz daşalmagyny üpjün edýär. Bu bolsa, dünýä bazarlarynyň ösýän döwründe ulag-aragatnaşyk infrastrukturalaryň ösmegine, halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegine amatly şertleri döredýär.

Logistika ulgamynyň ähli görnüşleri dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we tehnikalaryny ornaşdyrmak arkaly döwrebaplaşdyrylýar. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sebit we halkara utgaşykly ulag-logistika düzümini kemala getirmek bilen Beýik Ýüpek ýoly täze, döwrebap görnüşde dikeldilýär. Sözüň doly manysynda Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz BMG-niň çäklerindäki işjeň halkara gatnaşyklaryna hemişe ygrarly bolup, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köpugurly ulag-aragatnaşyk geçelgelerini döretmek boýunça giň möçberli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek bilen, olaryň ýerine ýetirilmegi ugrunda anyk başlangyçlary öňe sürýän ýurt hökmünde dünýäde uly abraýa eýedir. Şonuň bilen bir hatarda ýurdumyz geoykdysady giňişligiň strategik ösüşini bahalandyrmagyň döwrebap çemeleşmelerini hem-de dünýä halklarynyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşine hyzmat edýän hyzmatdaşlygyň oňyn nusgalaryny işläp taýýarlamaga mynasyp goşant goşýar.

Döwletimiziň dünýädäki at-­abraýyny belende göterýän, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Gülnur TUWAKOWA,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň "Howa hereketiniň dolandyrylyşy" hünäriniñ 2-nji ýyl talyby.

Halypa mugallymy: Zaman KULYÝEW, Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyñ mugallymy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.