Ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda

15-04-25

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň ylym-bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylyp, dünýä ülňülerine laýyk gelýän kämil tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Bilşimiz ýaly, häzirki döwürde iň wajyp giň möçberli meseleleriň çözgüdini tapmakda bilim möhüm delil hökmünde ykrar edilýär. Şoňa görä-de, dünýäniň ösen we ösýän döwletleriniň syýasatynda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak meselesine aýratyn üns berilýär. Bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimizde hem bu ugurda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek işleri üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamy döwrüň talabyna laýyklykda ösýär, özgerýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Prezidentimiziň döredýän mümkinçilikleri netijesinde halkara ylmy maslahatlardyr forumlar yzygiderli guralýar. Sanly ulgamyň kömegi bilen geçirilýän şeýle çäreler ylym-bilimiň çalt depginler bilen ösdürilmegine, has-da kämilleşdirilmegine, berilýän bilimiň hiliniň ýokarlandyrylmagyna ähli zerur şertleri döredýär. Şonuň netijesinde, bilim ulgamynyň işgärleri ylymly-bilimli, Watana, halka wepaly, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýelemek, häzirki zaman tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, öz hünärine ezber hünärmenleri taýýarlamak üçin döredijilikli, yhlasly zähmet çekýärler.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizde uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk hem ösdürmekde we döwrebaplaşdyrmakda sanly ulgamyň aýratyn orny bardyr. Şonuň üçin bu ugra aýratyn üns berilýär we döwrebap mümkinçilikler durmuşa ornaşdyrylýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» wezipeleriniň yzygiderli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine, işewürlik we maýa goýum işjeňliginiň artmagyna, dolandyryşyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagyna ýardam edýär.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda sanly ulgamyň mümkinçilikleri döwrebap bilim ulgamynda giňden peýdalanylýar. Sanly ulgam arkaly okuw sapaklaryny guramagyň usullary kämilleşdirilýär, uzak aralykdan okatmak arkaly okuw sapaklary geçirilýär. Ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek ileri tutulýan ugurlar hasaplanylýar.

Eziz Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermek üçin has amatly şertleriň döredilmegi, döwrebap bilim edaralarynyň gurulmagy, olaryň häzirki zaman okuw-tehniki serişdeleri bilen üpjün edilmegi, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde, milli bilim ulgamynda halkara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirilýär. Bu bolsa öz gezeginde, ýurdumyzda bilimiň hilini ýokarlandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär.

Häzirki wagtda ylym-bilim ulgamlarynda dünýä ýurtlary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklar netijeli ösdürilýär. Şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň arasynda uzak aralykdan ikitaraplaýyn okuw sapaklary guralýar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda berkarar döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Feruza ÝOLDAŞOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.