SANLY BILIM ULGAMY KÄMILLIGIŇ BINÝADYDYR
24-02-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, bilim ulgamy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy ösdürmekdäki baş ýörelgesidir. Şoňa baglylykda, bilim ulgamy döwrebaplaşdyrylyp, halkara tejribeleri esasynda has-da kämilleşdirilýär. Türkmenistanda dünýäniň ösen döwletleriniň ylym-tehnika babatda döwrebap gazananlaryndan ugur alnyp, kämil tehnologiýalardan, innowasiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerini ýerine ýetirmekde anyk netijeler gazanylýar.
Şeýlelikde, Türkmenistan ylym, bilim babatda dünýäniň iň bir gülläp ösýän ýurtlarynyň hataryna goşuldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň paýhasly başlangyçlary netijesinde durmuşa geçirilýän halk bähbitli toplumlaýyn özgertmeler, bagtyýarlyk döwrümiziň belent maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň saýlap alan hünärleri boýunça bilim almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de Türkmenistany mundan beýläk-de has-da ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipelere, ykdysadyýetimiziň ösüş aýratynlyklaryna laýyklykda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde täze hünärler açylýar. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy toplumlaýyn we ylmy-innowasion esasda döwrebap ösdürilýär. Ýaş nesliň bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, döredijilige ugrukmagy, eziz Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine ygrarly raýatlar bolup kemala gelmegi üçin ähli şertler döredilýär.
Maglumat hem-de innowasiýa tehnologiýalarynyň ýokary tizlik bilen ösýän, olaryň her bir ynsanyň, jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna çuňňur ornaşýan döwründe bilim ulgamynda täze wezipeler, usullar we bilim bermegiň täze çemeleşmeleri kemala gelýär. Eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň maksady ýurdumyzda ähli zadyň gözbaşy bolan ylmy ösdürmekden ybaratdyr.
Bilim ojaklarynda sapaklary multimedia serişdelerini peýdalanyp interaktiw usulda geçmäge mümkinçilikler döredilýär. Okuw maglumatynyň multimedia serişdesini peýdalanmak arkaly interaktiw usulda geçilmegi sapagyň gyzykly, özüne çekiji, çuňňur özleşdirilmegine we okuwçylaryň döwrüň ösen tehnikasynyň mümkinçiligine akyl ýetirmegine kömek edýär. Şeýle hem sanly bilim ulgamynyň çäginde bilim ojaklarynyň arasynda guralýan teleköpri arkaly geçirilýän okuwlara aýratyn orun degişlidir. Ýaşlara bilim bermegiň bu tejribesi, bir tarapdan, ýaşlara ýurdumyzyň beýleki bilim ojaklarynda zähmet çekýän tejribeli mugallymlaryň sapaklaryny öz bilim ojagynyň çäginden çykman özleşdirmeklerine mümkinçilik berýän bolsa, ikinji tarapdan, ol mugallymlara özara tejribe alyşmaga hem kömek edýär. Maglumatlaryň sanly ulgama geçilýän döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim ojaklarynyň arasynda ylmy maglumatlary alyşmagyň toruny emele getirmek, olaryň onlaýn ulgamy arkaly baglanyşdyrylmagy hem möhüm ähmiýete eýedir. Ylym-bilim ojaklaryndaky kitaphanalaryň onlaýn ulgamy arkaly baglanyşdyrylmagy Diýarymyzyň kitap goruny ulanyjylara elýeterli etmäge mümkinçilik berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümizde ýurdumyzyň geljegi üçin ukyply hem-de zehinli ýaşlary terbiýelemekde, olary öz kärine ökde hünärmenler edip ýetişdirmekde durmuşa geçirilýän işler örän netijeli häsiýete eýe bolýar. Şeýlelikde, dünýä ylmynyň gazanan döwrebap usullary, şonuň bilen birlikde halkymyzyň milli medeniýetinden gözbaş alýan ruhy-ahlak gymmatlyklary esasynda ýaş nesli terbiýelemek babatda amala aşyrylýan özgertmeler özüniň datly miwelerini berýär.
Hormatly Prezidentimiziň sanly bilim ulgamynda öňe sürýän oňyn özgertmeleri we başlangyçlary bolsa bu ulgamyň mümkinçilikleriniň çägini barha artdyrýar. Pursatdan peýdalanyp, Berkarar döwrümizi bagtyýar zamana ýetiren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!
Şanur ALLANUROW,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.