SANLY TEHNOLOGIÝALARYŇ ORNY

24-02-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda bilim bermegiň ähli basgançaklaryna sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak işleri giň gerime eýe bolýar. Ýurdumyzyň mekdeplerinde okuwçylaryň kompýuter tehnologiýasyny özleşdirmeklerine giň mümkinçilik döredilýär. Munuň özi ýaş nesliň döwrebap tehnologiýalar bilen has içgin tanyşmagyna hem­-de geçýän okuw derslerini täsirli özleşdirmegine kömek edýär.

Bilim, ylym babatda netijeli ösüşleri gazanýan ýurdumyz kompýuter we telekommunikasi­ýa tehnologiýalaryny peýdalanmagyň hem­-de goşmaça elektron hyzmatlarynyň hasabyna sanly önümçiligi ösdürmek üçin giň mümkinçiliklere eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda bilim bermek işi sanlylaşdyrylýar. Okuw maglumatlarynyň sanly gorunyň yzygiderli täzelenmegi we üstüniň ýetirilmegi ýola goýulýar.

Milli ýörelgelere, dünýäniň ösen tejribelerine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň we okuw gollanmalarynyň mazmuny hemde ylmy usulyýet ugurlary barha kämilleşdirilýär. Şonuň netijesinde hem sanly bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Ol elektron maglumat binýadynyň ähli ugurlarynyň üpjünçiligini öz içine alýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynyň sanly ulgamlaryny bir umumy tora birikdirmek işiniň başlangyç tapgyry dowam edýär. Şeýle hem umumy tora degişli maglumatlary ýygnamak boýunça alnyp barylýan işler oňyn netijelerini berýär. Bilim ulgamynyň sanly giňişligi döredilende dünýäniň ösen bilim ulgamlary bilen baglanyşdyrmak işlerine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde sanly bilim ulgamyny peýdalanmak arkaly okuw kitaplaryny elektron görnüşe geçirmek, her aýda okuwçylaryň, talyplaryň bilimlerini barlamak üçin internet torunyň üsti bilen sowalnamalary almak, beýleki okuw mekdepleri bilen elektron okuwlaryny ýola goýmak işleri sanly ulgamyň hyzmatlarynyň giňişleýin ulanylýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly tehnologiýalary ulanmak bilen, ylmy, ylmy­-tehniki we innowasiýa işleriniň netijeliligi ýokarlandyrylýar. Şonuň esasynda ylmy­barlag işleriniň ykdysady bähbitliligini artdyrmak, ylmy­-barlag edaralarynyň özara hem-­de halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň özara baglanyşygynyň has­da jebisleşmegini üpjün etmek, ykdysadyýetdäki sanly özgertmeleri ylmy-­tehniki we intellektual taýdan goldamak arkaly ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň öňünde täze wezipeler goýulýar we giň mümkinçilikler açylýar.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkyny­şy:­ Türk­me­nis­ta­ny ­2022­—2052-nji­ ýyl­lar­da durmuş­ ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmegiň bar­şynda ýurdumyzyň ähli bilim ojaklary kompýuter tehnologiýalary, multimedia tagtalary, lingafon otaglary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Eziz Watanymyzyň geljegi, daýanjy bolan ýaş nesliň zehinini artdyrmak ugrunda daşary ýurtlar bilen halkara hyzmatdaşlygy ýola goýulýar. Bu üstünlikler ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň ýeten sepgitleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şeýle buýsandyryjy işler ata Watanymyzy ösüşleriň täze, guwandyryjy belentliklerine çykarýar.

Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Läle ATAÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.