TÄZELENIŞIŇ WE GÖZELLIGIŇ BAÝRAMY
12-03-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni giňden bellenilip geçilýär. Nowruzyň gelmegi bilen goja Zemin, ene toprak juwan keşbe girýär, adamlaryň ruhuna ruh goşulýar, jümle-jahanda täzeleniş başlanýar. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän esasy baýramlarynyň biri hem Milli bahar baýramydyr.
Tebigatda bolup geçýän her bir hadysany synçy nazary bilen saldarlan ata-babalarymyzdan galan halk ýorgutlarynda aýdylyşy ýaly, togsan dolup, ýere ýyly gidende, tebigatda täze bir janlanyş peýda bolýar. Şonuň üçinem «Ýylyň gelşi Nowruzyndan bellidir» diýen paýhasly pederlerimiz tutuş täze ýylyň rysgal-berekedini, mal-garanyň, ekin-dikiniň ýagdaýyny bu tebigy öwrülişik bilen kesgitläpdirler.
«Gaýalaryň gary eräp bireýýäm,
Pyntyklady pisse bilen badamlar.
Bahar ýeli aýnalary kakyp dur:
― Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!»
Şahyr Halyl Kulyýewiň bu goşgy setirlerindäki buşluk köňüllere ýylylyk, ýaz mährini paýlaýar. Çünki tebigatyň gül-gunçalara, lälezarlyga bürenip, ajaýyp keşbe girmegi, her bir göwne üýtgeşik teselli berýär. Şahyr Gurbannazar Ezizow bolsa bahary «Ülkäme toý bolup gelen ýazlarym» diýip wasp edýär. Hakykatdanda, bu ajaýyp pasyl toý-baýrama baý. Milli bahar baýramy hem bu paslyň iň naýbaşy baýramlarynyň biri.
Halkara derejesinde ykrar edilen Nowruz baýramynyň özboluşly däpleri, edim-gylymlary bar. Ol gün ýerine ýetirilýän däpler adamlary biri-birine ýakynlaşdyryp, gatnaşyklaryny berkidipdir. Nowruz — täzelenişiň baýramy. Ol hasyllylygy, dostlugy we mähribanlygy alamatlandyrýar. Gündogar halklarynda Nowruzyň gelmegi täze ýylyň gelmegi hasaplanylýar. Nowruz — täze durmuşyň buşlukçysy, täze umytlaryň, meýilleriň, raýdaşlygyň başlangyjy. Gadymy senenama görä, adatça, 22-nji mart — gije-gündiziň deňleşýän güni. Gije gysgalyp, gündiz uzalyp başlaýar. Şonuň üçin Nowruz «täze gün» diýlip atlandyrylýar, tebigatda täzeleniş bolýar, mylaýym bahar şemaly öwsüp, ýyldyrym çakýar, ýagyş ýagýar, älemgoşar görünýär, agaçlar pyntyklaýar, otlar gök öwüsýär.
Taryhy müňýyllyklara uzaýan bu baýram 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda öz halkynyň baý medeni mirasyna, milli gymmatlyklaryna aýratyn sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 24 döwletiň goldamagynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Güneşli ýurdumyzda Halkara Nowruz güni döwlet derejesinde giňden bellenilip geçilýär. Gözbaşyny taryhyň çuňluklaryndan alyp gaýdýan bu baýramyň ajaýyp däp-dessurlary häzirki wagtda döwrebap dowam etdirilýär. Her ýylda Nowruz baýramçylygy günlerinde tutuş ýurdumyz boýunça bag ekmek dabarasyna badalga bermek asylly däp bolup durmuşymyza ornaşdy.
Bahar paslynyň eziz Diýarymyza toý bolup gelýändigini äleme jar edýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni her birimiziň, aýratyn-da, bagtyýar ýaş nesilleriň kalbynda gülläp ösýän ata Watanymyza, bagtly şu günümize hem-de nurana geljegimize bolan buýsanç duýgularyny terbiýeleýär. Şu günler bagtyýar halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň baharyny aýratyn joşgun, söýgi, mähir bilen garşylaýar.
Halkara Nowruz baýramyňyz gutly bolsun! Täze günüň, täze ýylyň, baharyň buşlukçysy Nowruz baýramynda ediljek arzuw-niýetler hasyl bolsun!
Maýsa MOMMYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň patologik anatomiýa kafedrasynyň öwrenji mugallymy.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler
2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.