Howa ulaglary

01-01-20

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly göwrümli maksatnamalary arkaly ýurduň ösüşiniň täze tapgyry üçin düýpli esaslar goýuldy. 2020-nji «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda, ýagny hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy toýlanýan ýylda hem halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalanmagynda we işjeňleşmeginde, durnukly ösüşiň üpjün edilip, halklaryň bolelinligini gazanmakda kesgitleýji orun eýeleýän bu özgertmeleri, giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmekde üstünlikler gazanylýar. Bu üstünlikler bolsa ata Watanymyzyň halkara abraýynyň belende göterilmegine mümkinçilik döredýär. Bu babatda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda howa ulaglary pudagynyň ýokary depginli ösüşini gazanmakda hem uly aladalar edilip, dünýä ähmiýetli iri infrastruktura, şol sanda halkara ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär. Howa

ulag pudagyndaky daşary ykdysady gatnaşyklar daşary ýurtlar bilen baglaşylan halkara ylalaşyklaryň esasynda we raýat awiasiýa pudagyndaky halkara konwensiýalaryň esasynda amala aşyrylýar, şeýlelik bilen bu pudak daşary ýurtlar bilen 50-den gowrak dürli ylalaşyklaryň gatnaşyjysydyr, şeýle hem Raýat awiasiýasynyň halkara guramasynyň (ICAO), Howa giňişligini ulanma geňeşiniň, şeýle hem Döwletara awiasiýa komitetiniň agzasydyr, Uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça Ýewropa agentligi bilen bilelikde hereket edýär (EASA). Türkmenistanyň raýat awiasiýasy ýyl-ýyldan uly depginde üýtgäp, Türkmenistanyň halk hojalygynda, saglygy goraýyşda ýolagçylarynyň, goşlaryň, ýükleriň, poçtanyň daşamasy, Türkmenistanyň howa giňişliginde howa gämileriň gatnawyny, şeýle-de Türkmenistanyň ilatynyň dürli zerurlyklaryny üpjün etmek boýunça öz wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirýär.

Ýurduň raýat awiasiýanyň işiniň daşky gurşawy üçin onuň işiniň täsirini azaltmak babatdaky ähmiýeti we wajyplylygy ösýär. Daşky gurşawy babatda raýat awiasiýasynyň işi howa gämileriň çykarýan ep-esli güwwüldisine sezewar bolýan ýaşaýjylaryň sanyny çäklendirmäge ýa-da azaltmaga, awiasiýa emissiýasynyň ýerli howanyň hiline edýän we awiasiýanyň parnik gaz taşlandylarynyň global howa edýän täsirini azaltmaga gönükdirilendir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Raýat awiasiýasy köpfunksionally ulgamdyr: Aşgabat Halkara howa menzili, Türkmenbaşy halkara howa menzili, Türkmenabat halkara howa menzili, Daşoguz halkara howa menzili, Mary halkara howa menzili, şeýle hem Nebitdag ýerli ähmiýetli howa menzili, Awiasiýa işgärlerini taýýarlamak boýunça mekdebi, Lukmançylyk merkezi, “Laçyn” myhmanhana toplumy, “Türkmenistan” Awiakompaniýasy, şeýle hem awiadaşamalaryň we awiasiýa işlerini we Türkmenistanyň howa giňişliginde üstaşyr geçelgeleriniň üpjünçiligini howpsuz ýerine ýetirilmesi boýunça bitewi önümçilik-tehnologiki prosesini üpjün edýän beýleki awiasiýa guramalaryň bir toparydyr. Uçuşlaryň howpsuzlygyny we Türkmenistanyň howa giňişliginiň üstaşyr geçelgeleriň tygşytly ulanmasyny üpjün etmek üçin demirgazyk-günorta we gündogar-günbatar ugurlary boýunça täze howa ýollary girizilýär, bu bolsa howa gatnawlaryň depginliligini artdyrmaga mümkiçilik berýär.

Howpsuz aeronawigasion hyzmat etmesi üçin Türkmenistanyň howa menzilleri «Thales» öňde baryjy fransuz kompaniýa synyň howa gatnawynyň dolandyrmasynyň radiolokasion we nawigasion innowasion serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan. Häzirki günde ýurduň howa giňişliginde Howa gatnawyny dolandyrma gullugy tarapyndan dünýäniň 200-den gowrak awiakompaniýalarynyň howa gämilerine hyzmat edilýär. Esasy howa menzilleriň biri bolan Aşgabat Halkara howa menzili Türkmenistanyň baş “howa derwezisidir”, yklym we yklymara awiaýollaryndaky iri üstaşyr nokadydyr. Bahasy 2,253 milliard dollar bolan bu aeromenzil toplumy iki ýolagçy terminaldan we VIP-terminaldan ybarat bolup, onda sagatda 2000 ýolagça golaý hyzmat edilýär, bu bolsa, öz gezeginde, hemmesini jemläp aýdanyňda ýylda 17 milliondan köpräk ýolagçylara hyzmat etmäge mümkinçilik berýär. Ýük terminaly ýylda dürli ýükleriň 200 müň tonnasyny işläp taýýarlamaga ukyplydyr. Aşgabat aerodromynyň häsiýetlendirmesi: ICAO-4F/САТ-III. “Türkmenhowaýollary” agentligiň awiasion-tehniki bazasy, howa gämilerine hyzmat etmek boýunça uly döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan awiasion-tehniki merkezi bar, ol şol bir wagtyň özünde 5 sany inçe fýuzelýažly we 3 sany inli fýuzelýažly howa gämileriň hyzmat etmesini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň gurluşyk maksatnamasynyň ýerine ýetirilmesiniň çäklerinde 2010-njy ýylyň aprel aýynda geçiriji ukyplygy sagatda 800 ýolagçy bolan, islendik görnüşli howa gämilerini kabul etmek üçin 3.500 metr uzynlykda emeli uçuş-gonuş zolagy bolan Türkmenbaşy halkara howa menziliniň desgalarynyň täze toplumy açyldy. Türkmenbaşy aerodromynyň häsiýetlendirmesi: ICAO -4Е/САТ-I. Türkmenbaşynyň iri howa gawany Ýewropany, Kawkazy we Merkezi Aziýany birleşdirýän deňiz, howa, demir ýol we awtomobil ýollarynyň çatrygyndaky ýurduň iň ileri tutulýan sebitleriň biri bolan deňiz kenarynyň uly depginli ösüşi bilen berk baglanşykda bolandygy wajypdyr, ol depginli ösýän Deňiz ýakasyndaky ýerleriň üsti bilen howa gatnawynyň ösmeginde pozitiw roly ýerine ýetirmelidir. Täze awiaulag toplumy ilkibaşdan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň “howa derwezisi” bolmak üçin niýetlenendir.

Bahasy 477,4 mln. ABŞ-nyň dollary bolan Lebap welaýatynyň Türkmenabat halkara howa menzili 2018-nji ýylyň fewral aýyndan işe girizildi, onuň geçirijilik ukyby sagatda 500 ýolagçydyr. Bu howa menzil toplumy uçuşlaryň howpsuzlygyny we ýolagçylaryň hyzmat etme hilini ýokary derejede üpjün etmäge mümkinçilik berýän iň täze enjamlar, tehnika we mehanizmler bilen enjamlaşdyrylandyr. Türkmenabat aerodromynyň häsiýetlendirmesi: ICAO -4Е/САТ-II. Türkmenabat howa menziliniň amatly geografiki ýerleşişi Ýewropadan, Günorta-gündogar Aziýadan, Uzak gündogardan we Pars aýlagynyň raýonyndan uçuşlary ýerine ýetirýän howa gämileriň tehniki gonmasyny ýerine ýetirmäge ýardam edýär. Daşoguz şäherinde uzynlygy 3800 metr bolan emeli uçuş-gonuş zolagynyň gurluşygy tamamlandy, howa gämilerini ýangyç bilen doldurmak üçin merkezleşdirilen stansiýanyň desgalary, howa gatnawyny dolandyrma başnýasy, magistral we sürme ýodalary, howa gämileriň duralga ýerleri bilen perron guruldy, taslamanyň bahasy 209,0 mln. ABŞ-nyň dollaryna barabardyr. Daşoguz aerodromynyň häsiýetlendirmesi: ICAO -4Е/САТ-II.

2008-nji ýylda Mary welaýatynyň Mary şäherinde uçuşlaryň ýerüsti üpjünçiligiň serişdeleri bilen enjamlaşdyrylmasy bilen täze emeli uçuş-gonuş zolagy we geçirijilik ukyby sagatda 550 ýolagçy bolan awiaýolagçylara hyzmat etmek üçin täze terminal işe girizildi. Mary aerodromynyň häsiýetlendirmesi: ICAO -4Е/САТ-II.  Döwletiň Prezidenti tarapyndan tassyklanan maýa goýum maksatnamasynda ýerli ähmiýetli howa menzilleriň ösüşine aýratyn üns berilýär. Zerur serişdeler Lebap welaýatynyň Kerki şäherindäki täze howa menzil toplumynyň gaýtadan dikeldilmesine we gurulmasyna berildi, bu ýerde 2021-nji ýyla çenli geçirijilik ukyby sagatda 100 ýolagçy bolan we bahasy 300,0 mln manada deň bolan täze döwrebap howa menziliniň gurluşygy boýunça taslama ýerine ýetirilýär.

Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde 2023-nji ýyla çenli geçirijilik ukyby sagatda 100 ýolagçy bolan täze döwrebap howa menziliniň gurluşygy boýunça taslamasyň ýerine ýetirilmesi meýilleşdirilen. Täze howa menzil toplumlaryň taslamalary tehnologiki innowasiýalary we milli binagärligiň we bezegiň iň gowy däplerini utgaşdyrýan özboluşly dizaýn çözgütlerini birleşdirýän bu pudakdaky iň täze tehnologiýalary we öňde baryjy ýetilenleri hasaba almak bilen amala aşyrylar. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň awiaparky jemi ABŞ-nyň 2 050,9 mln. dollaryndan we 124,8 mln. ýewrodan gowrak möçberinde dolulygyna täzelendi. Dürli belli öndürijileriň 37 sany howa gämisi we 14 sany dikuçarlary, şol sanda «Boeing» dünýä belli amerikan kompaniýasyndan 29 sany howa gämisi satyn alyndy.

2021-nji ýylyň ýanwar aýynda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň awiaparky «Boeing 777-200» täze howa gämisi bilen dolar. Türkmen “Laçyn” nyşanly rahat «Boeing 757-200»; «Boeing 737-800»; «Boeing 737-700»; «Boeing 777-200» howa gämileri 14 ugur boýunça halkara gatnawlaryny amala aşyrmaga mümkinçiligi berdiler: Abu-Dabi, Alma-Ata, Ankara, Bangkok, Birmingem, Frankfurt, Deli, Dubaý, Minsk, Moskwa, Pekin, Stambul, Sankt-Peterburg we Kazan. Şeýle hem Il-76TD kysymly ýük howa gämisinde Abu-Dabi, Stambul, Deli, Bişkek we Urumçy ugurlary boýunça yzygiderli ýük uçuşlary amala aşyrylýar. Biziň awialaýnerlerimiziň uçuşlarynyň geografiýasyny giňeltmek boýunça meýilleşdirilen işler ýerine ýetirilýär, şeýle ýakyn günlerde aýynda gatnawlaryň kartasy Kuala-Lumpur (Malaýziýa) we Jidda (Saud Arabystany) ýaly täze ýurtlar we şäherler bilen dolar.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň awiasiýa işgärlerini taýýarlamak boýunça mekdebi her ýyl howa gämisiniň hereketlendirijileriniň we planeriň hyzmat etmesi boýunça, howa gämileriň radio elektron enjamlary we aeronawigasiýanyň ýerüsti serişdeleri boýunça tehnikleri-mehanikleri, ÝÇM hünärmenleri, elektrikler, bortprowodnikler ýaly 150 sany dürli hünärmenleri taýýarlaýar. Mekdep okuw merkeziniň döwrebap enjamlaşdyrylan binasyndan, 180 orunlyk talyplar üçin umumy ýaşaýyş jaýyndan we iň täze türgenleşik merkezinden we türgenleşik zalyndan ybaratdyr. Uçarmanlary taýýarlamak we talyplaryň uçuş taýýarlamasyny üpjün etmek üçin mekdepde «Diamond» kysymly dört sany okuw-türgenleşik howa gämisi bar. Her ýyl uçuş hünärmenleri howa gämileriň täze görnüşlerine täzeden okap öwrenýärler, hünär derejesini, iňlis dilini bilimini kämilleşdiriş okuwlaryny geçýärler we Beýik Britaniýanyň, ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Türkiýäniň türgenleşik merkezlerinde ýörite okuw-türgenleşik taýýarlamasyny dowam edýärler. Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalarynyň esasynda Türkmenistanyň raýat awiasiýasy özüni awiasiýanyň kämil we döwrebap ulgamy bolan ýurt hökmünde dünýä tanatdy.

Dünýäniň dürli künjeklerine milli “Laçyn” nyşanly uçarlarymyzyň gatnawy, kuwwatly howa menzillerimiziň diňe bir eziz halkymyza däl, eýsem, dünýä halklaryna netijeli hyzmat etmegi we tejribeli uçarmanlarymyzyň bolmagy aýdylanlara doly derejede şaýatlyk edip, ata Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende göterýär.

Giňişleýin maglumat okamak üçin «Türkmenhowaýollary» agentliginiň resmi saýtlaryna ýüzlenip bilersiňiz:

 

https://caa.gov.tm/ru hem-de https://turkmenistanairlines.tm 

 


10-09 001-profile - 00.jpg
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

– Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýaşaýan ynsanlaryň ählisi her bir ädimde özi hakynda Döwletimiziň, hökümetimiziň, Prezidentiniň özüniň yzygiderli alada edýändigini duýup ýaşamalydyr.