Bilim — ýurduň aýdyň geljegi
08-09-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ähli ulgamlarynda we pudaklarynda asyrlara barabar ýol geçilip, belent sepgitlere ýetilýär we dünýäni haýrana goýýan ösüşler gazanylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Ylym we bilim biziň üstünliklerimiziň hem-de öňe gitmegimiziň binýatlyk esasy bolup durýar» diýip bellemek bilen, güneşli Diýarymyzyň ylym-bilim edaralarynyň işiniň düýpli kämilleşdirilmegine aýratyn üns berýär.
Ýurdumyzda yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän mekdepleriiň, çagalar baglarynyň mysalynda hem biz hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bilim-terbiýeçilik edaralarynyň döwrüň belent ruhunda beýik galkynyşy, şanly özgerişi başdan geçirýändigine aýdyň göz ýetirýäris. Ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almaklary, daşary ýurt dillerini kämil öwrenmekleri üçin ýurdumyzyň ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynda sanly ulgama geçilmegi, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy häzirki zaman bilim ulgamynyň işini barha ilerledýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmeklige ünsüň güýçlendirilmegi netijesinde ähli pudaklarda, aýratyn-da ylym-bilim ulgamynda uly özgerişlikleriň gazanylmagyna giň mümkinçilikler döredilýär. Ylmyň soňky gazanan tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan, daşary ýurt dillerini suwara bilýän kämil hünärmenleriň kemala gelýändigi jemgyýetimiziň ösüşinde aýdyňlygy bilen duýulýar. Ata Watanymyzyň häzirki ýeten belent derejesinde durmuşyň çalt depginler bilen ösmegi öňde täze wezipeleri goýýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzy sanly ulgam esasynda ösdürmegiň maksadyny, wezipelerini we esasy ugurlaryny öz içine alýar. Sanly ulgam önümçilikde we hyzmatlar ulgamynda çykdajylaryň azalmagyna, zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna, maglumatlaryň çalt özleşdirilmegine ýardam berýär. Şundan ugur alnyp, häzirki döwürde sanly ulgamyň doly hereket etmegi üçin bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini artdyrmak we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek esasy talap bolup durýar. Işleriň döwrüň ruhuna kybap alnyp barylmagy bolsa ýaşlaryň geljekde hünär başarnyklarynyň artmagyna uly ýardam edýär. Bu asylly maksada gönükdirilen özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde bolsa sanly ulgamyň ähmiýeti we peýdaly taraplary diýseň ýokarydyr. Şu öňegidişlikler — bize mukaddes Garaşsyzlygymyzyň eçilen datly miwesi.
Elbetde, sanly ulgamyň mümkinçilikleri örän giňdir. Häzirki wagtda hyzmatlary döwrebap görnüşe geçirmek — maglumat-intellektual tehnologiýalary we sanlylaşdyrylan ulgamlary ösdürmek durmuş-ykdysady taýdan zerurlyga öwrülýär. Sanlylaşdyrmak, ozaly bilen, täze hyzmatlaryň we önümleriň sanly görnüşde döredilmegidir. Diýmek, sanlylaşdyrmagyň esasy tapawutly aýratynlygy täze işjeň we sarp edijilik häsiýetnamalary bolan innowasion hyzmatlaryň hem-de önümleriň döredilmegindedir.
Ýaşlar Garaşsyzlyk ýyllary içinde gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap ylym-bilim edaralarynda dünýä ülňülerine laýyk bilim almak, döredilen amatly mümkinçiliklerden giňden peýdalanmak bilen, döwrümiziň sesine ses, ýurdumyzyň ösüşlerine saldamly goşant goşýarlar. Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, ýaşlary ylymly bolan döwletiň sütünleri berkarar, güýji mizemezdir.
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Maksat MUHAMMETÝAZOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.