Bilim özgertmeleri – üstünlikleriň girewi
12-09-25

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler we ýetilen belent sepgitler kämil ylmyň, ösen aňyýetiň netijeleridir. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzyň edara kärhanalaryny mundan beýläk hem ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak esasynda ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde milli bilim we ylym ulgamlary özünde uly mümkinçilikleri jemleýär.
Häzirki ajaýyp döwrümizde kämil we döwrebap bilim almak we döredijilik mümkinçilikleriniň ösüş depgini ylmy tehniki täzelikleriň ornaşdyrylmagy bilen has-da rowaçlanýar. Ýurdumyzda bilim ulgamyny ösen döwrüň talaplaryna laýyk has-da kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Prezidentimiz dünýäniň gazanan öňdebaryjy tehnologiýalary esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy üçin maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýär. Eziz Diýarymyzyň talyp ýaşlarynyň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan doly baş çykaryp bilmegini gazanmak üçin bilim ulgamynda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Munuň özi sanly bilim ulgamyny ösdürmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly işlerden ugur alýar.
Aslynda, bilim kämilligiň binýady. Ata-babalarymyz bilim bermegiň asylly ýörelgelerini kemala getiripdirler, kitap okap, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekligi nesillere wesýet edipdirler. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hem Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen pederlerimiziň wesýeti döwrebap görnüşde, häzirki zaman bilim ojaklarynda hem-de bilim boýunça amala aşyrylýan işlerde durmuşa ornaşdyrylýar.
Bilim ojaklarynda sapaklary multimedia serişdelerini peýdalanyp interaktiw usulda geçmäge mümkinçilikler döredilýär. Okuw maglumatynyň multimedia serişdesini peýdalanmak arkaly interaktiw usulda geçilmegi sapagyň gyzykly, özüne çekiji, çuňňur özleşdirilmegine we okuwçylaryň döwrüň ösen tehnikasynyň mümkinçiligine akyl ýetirmegine kömek edýär. Şeýle hem sanly bilim ulgamynyň çäginde bilim ojaklarynyň arasynda guralýan teleköpri arkaly geçirilýän okuwlara aýratyn orun degişlidir. Ýaşlara bilim bermegiň bu tejribesi, bir tarapdan, ýaşlara ýurdumyzyň beýleki bilim ojaklarynda zähmet çekýän tejribeli mugallymlaryň sapaklaryny öz bilim ojagynyň çäginden çykman özleşdirmeklerine mümkinçilik berýän bolsa, ikinji tarapdan, ol mugallymlara özara tejribe alyşmaga hem kömek edýär. Maglumatlaryň sanly ulgama geçilýän döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim ojaklarynyň arasynda ylmy maglumatlary alyşmagyň toruny emele getirmek, olaryň onlaýn ulgamy arkaly baglanyşdyrylmagy hem möhüm ähmiýete eýedir. Ylym-bilim ojaklaryndaky kitaphanalaryň onlaýn ulgamy arkaly baglanyşdyrylmagy Diýarymyzyň kitap goruny ulanyjylara elýeterli etmäge mümkinçilik berýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, talyp ýaşlaryň öz hünärlerine bolan höwesini, tebigata, Watanymyza, taryhymyza söýgüsini artdyrmak maksady bilen, internet arkaly dürli dersler boýunça onlaýn bäsleşikler yzygiderli guralýar. Bu bolsa olaryň ylym-bilim ulgamynda gazanýan döredijilik üstünlikleriniň örüsini giňeldýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, hünärli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrundaky tagallalary rowaçlanýar. Şu pursatdan peýdalanyp, berkarar Watanymyzy bedew batly ösüşleriň ýoly bilen eşretli geljege alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyşlarymyzy aýdýarys.
Şeýle buýsançly günleriň şaýady bolýan ýaş nesillerimiziň kalbynda okamak, öwrenmek, ata Watana, il-halka wepaly ýaşlar bolup ýetişmek duýgusy barha artýar. Ylmyň, bilimiň kuwwatyny ýokarlandyrmagy, döredijilikli pikirlenmegi, ylmyň, tehnikanyň gazananlaryndan peýdalanmagy başarýan kämil ýaş nesiller ýetişýär. Şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Şöhrat BERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik anatomiýa kafedrasynyň mugallymy.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.