BILIMLI ÝAŞLARYŇ ALADASY
22-04-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyna uly üns gönükdirilýär hem-de ýaşlaryň ähli taraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda mynasyp tagallalar edilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäginde hem bu ugurda guwandyryjy işler alnyp barylýar. Bu maksatnamada ukyply çagalary we zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, goldamaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek göz öňüne tutulandyr.
Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň döwrebap bilim terbiýe almaga, hünär öwrenmäge, sport bilen meşgullanmaga bolan hukuklary kanun esasynda kepillendirilendir. Ýurdumyzyň geljegi bolan biz — ýaşlar özleriniň hukuklaryndan we borçlaryndan peýdalanyp, ata-baba dowam edip gelýän milli ýol ýörelgelerimizi gorap saklamaga, dünýäniň alys hem-de goňşy ýurtlary bilen alnyp barylýan hoşniýetli goňşuçylyk we «Açyk gapylar» syýasatyna eýermäge borçludyrys.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýeti öwrenmek, ösdürmek, ony dünýä giňden ýaýmak bilen bagly düýpli işler durmuşa geçirilýär. Ylym-bilimi ösdürmek bilen bagly alnyp barylýan döwlet syýasaty netijesinde talyplaryň, aspirantlaryň, ýaş alymlaryň we professor-mugallymlaryň toplumlaýyn ylmy barlaglaryny geçirmegi üçin ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda sanly tehnologiýa we innowasiýa merkezlerini döretmäge, täze tejribehanalarda önümçilik synaglaryny geçirmäge ýokary ähmiýet berilýär. Şeýle-de, ylym-bilim we ýaşlar syýasaty boýunça kabul edilýän täze döwlet Maksatnamalarynda şunuň bilen bagly wezipeleriň wajypdygy bellenilýär. Munuň şeýledigini «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasynyň» mysalynda hem görmek bolýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideriniň ruhy we beden taýdan sagdyn, ahlak taýdan arassa, ylmyň soňky gazananlaryny ele alan, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenen ýaş nesliň kemala gelmegi üçin ähli şert-mümkinçilikler döredýändigi biziň her birimiziň görüp, bilip ýören hakykatymyz.
Biz — ýaşlar Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän tutumly işlerine jogap edip, bilimimizi has-da artdyryp, Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin mynasyp goşandymyzy goşarys. Okamaga, öwrenmäge, döretmäge we gurmaga ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Iýmiş BALADOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.