BILIM — BAGTYŇ ÇYRAGY

27-12-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýurdumyzyň ählitaraplaýyn ösüşlere beslenýän, dürli ugurlarda we ulgamlarda öňegidişlikleriň, belent sepgitleriň gazanylýan, türkmen halkyna ýeňişleriň baky ýaran bolýan ajaýyp eýýamy. Çünki halkyň başynda ak arzuwly ertirlere ýeňişli ýollar bilen ynamly öňe alyp barýan Arkadagly Serdarymyz bar. Her bir tutumly başlangyçlary goldaw tapýan mähriban Prezidentimiziň öňdengörüjilikli parasatly syýasaty netijesinde bu gün ýurdumyzyň haýsy pudagyny alanyňda-da, diňe ösüşlere beslenýändigini aýdyň görmek bolýar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gazanylýan ösüşler, ýetilýän sepgitler halkymyzy, esasan hem, ýaş nesilleri täze zähmet üstünliklerine, täze-täze gözleglere ruhlandyrýar. Çünki okamak, öwrenmek, halal we önjeýli zähmet çekmek, medeniýetli dynç almak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, eşretli döwrüň hözirini görüp ýaşamak her bir ynsan üçin uly bagtdyr. Döredilýän şertlerden we mümkinçiliklerden peýdalanyp, türkmen ýaşlary häzirki ösen tehnologiýalar eýýamynda dünýä ülňülerine laýyk bilim alýarlar, ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gidip, jemgyýetimiziň ählitaraplaýyn ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

«Ýaşlar Watanymyzyň güýji, kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegidir» diýýän mähriban Arkadagymyz ýaş nesillere uly ynam bildirip, ýurdumyzyň geljegini şu günki ýaşlarda görýär. Çünki ýaşlar geljekde Watanymyzyň şu günki ösüşlerini, öňegidişliklerini dowam etdirmeli, ýurdumyzy has-da belent sepgitlere ýetirmeli. Gahryman Arkadagymyz munuň üçin ähli amatly şertleri döredip berýär.

Ýurdumyzda bilim syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamynyň işiniň döwre laýyk guralmagy, ýaş nesliň bilim, terbiýe, ylym, hünär öwrenmeginiň netijeliligi eziz Watanymyzyň gülläp ösüşlerini şertlendirýär. Milli bilim ulgamy döwrüň ösen tehnologiýalaryna erkin erk etmegi başarýan, zähmete höwesli, düzgün-tertipli şahsyýetleri terbiýeläp ýetişdirmekde oňyn tejribä eýedir. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen, talyplara berilýän bilimiň netijeliligi ýokarlandyrylýar we dersleriň okadylşynyň usulyýeti has-da kämilleşdirilýär. Häzirki zaman okuw işinden edilýän talaplaryň biri-de talyplary hünärlere ugrukdyrmagyň usulyýetini kämilleşdirmek bilen baglydyr.

Şeýle bagtyýar zamananyň ýaş nesilleriniň bu gün ümzügi öňe, täze üstünliklere, belent sepgitlere tarap. Çünki ýaşlar elmydama gözlegde bolup, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!» diýen şygaryndan ruhlanyp, Watanymyzy öňe, mundan-da beýik sepgitlere alyp gitmekde esasy hereketlendiriji güýji bolup durýarlar.

Ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilligiň ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! 

Abdylhalyl AMANOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.