NESILLER UNUTMAZ, ÇYKARMAZ ÝATDAN
07-05-24

Gaýduwsyzlyk, edermenlik, watansöýüjilik, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alýan milli aýratynlyklarynyň hem-de häsiýetleriniň düýpli esaslarydyr. Dünýä taryhynda iň pajygaly we aýylganç 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda halkymyz bu mukaddes ýörelgelere eýerip, müňlerçe türkmenistanly ýigitler doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, edermenligiň hem-de gahrymançylygyň beýik nusgasyny görkezdiler. Urşuň gazaply ýyllarynda Türkmenistanyň ähli halky ruhdan düşmän, beýik ýeňşe, ýagty geljege synmaz umyt bilen gijesini gündiz edip, yhlasly zähmet çekdiler.
Faşistik basybalyjylaryň garşysyna alnyp barlan deň bolmadyk söweşlerde türkmen esgerleri janlaryny aýaman, duşmana garşy mert durup, halkymyzyň azatlygy, erkinligi üçin gahrymanlarça söweşip, wepat boldular. Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýew hem eline ýarag alyp, Beýik Watançylyk urşunda duşmana garşy batyr we jan aýaman söweşmek bilen, gaýduwsyzlygyň we mertligiň belent nusgasyny görkezdi. Berdimuhamet Annaýewiň görkezen edermenligi biziň üçin watançylygyň, wepalylygyň ýokary nusgasy bolup durýar. Şeýle ynsanyň ömrüni, durmuşyny öwrenmek nesilleri terbiýelemek işinde örän möhümdir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Älem içre at gezer” romanynda Berdimuhamet aganyň il-ýurt goragyna gezek gelende, beýik watançylyk göreldesini görkezendigi baradaky gymmatly parçalary belent buýsanç bilen okaýarsyň. Halkymyz Watan gahrymanlaryny unutmaýar. Olary ýatlamak, hatyralamak biziň mukaddes borjumyz. Aldym-berdimli gazaply söweşlerde mertligiň we gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezen gahrymanlarymyz, Ýeňşi gazanmaga ägirt uly goşant goşan zähmetkeş watandaşlarymyz uly hormat bilen ýatlanylýar.
Berkarar döwletimizde yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda pederlerimiziň yhlasy ýerine gowuşdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda döredijilikli gurulýan binanyň düýbüni tutdy. “Döwlet adam üçindir!” diýen mukaddes ýörelgä eýerip, adam hakyndaky aladanyň ajaýyp nusgasyny görkezýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Mergen AKMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.