Geçmişiň şöhraty — geljegiň buýsanjy
07-05-24

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uruş we zähmet weteranlarynyň sarpasynyň belentden tutulmagy hem-de uruşda wepat bolanlaryň maşgalalarynyň maddy-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy Watan üçin jan beren edermen gerçeklere goýulýan çäksiz sylag-hormatyň nyşanydyr.
Adamzat taryhynyň iň aýylganç we elhenç wakasy bolan Beýik Watançylyk urşunda merdana pederlerimiziň görkezen gahrymançylykly ýoly biziň üçin ýol-ýörelge mekdebidir. Bize gahrymançylygyň, mertligiň, mukaddes ata Watana wepalylygyň belent nusgasyny görkezen uruş weteranlaryny, atalaryny, agalaryny, söwer ýarlaryny urşa ugradyp, tylda gaýratly zähmet çeken uruş döwrüniň gelin-gyzlaryny, oglan-uşaklaryny taryh hem, nesiller hem hiç haçan unutmaz.
Watanyň asudalygy üçin ähtiýalan duşmanyň hemmetaraplaýyn taýýarlykly harby güýjüniň öňünde mertlerçe duran, onuň gyzgyn güllesine döşüni geren gerçeklerimiziň wepat bolanlarynyň hem-de entek aramyzda gezip ýörenleriniň, urşuň yzynda galan, ýar ojagyna wepaly ak saçly enelerimiziň sarpasy bu gün belentden tutulýar.
1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygynyň bellenilýän günleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watany döş gerip goran gerçekleriň frontda geçen gahrymançylykly söweş ýoluny, olaryň yzynda galanlaryň tylda çeken gahrymançylykly zähmet ýoluny ýatlamak, ruhlaryny şat etmek biziň perzentlik borjumyzdyr. Geçip barýan her bir gün bizi şol agyr günlerden barha daşlaşdyrsa-da, uruşda gazanylan taryhy ýeňiş, ýeňiş üçin bagyş edilen ömürler ýatlanylmaga, öwrenilmäge mynasypdyr.
Hormatly Prezidentimize döredýän ýeňillikleri, ruhy hem maddy taýdan edýän hemaýatlary üçin il sylagly ýaşulularymyzyň alkyşy bimöçberdir. Biziň bagtly geljegimiz üçin şirin janyny gaýgyrman, söweş meýdanynda wepat bolan gerçeklere, uruş weteranlaryna tagzym edip, başymyzy egýäris. Olaryň hormatyna her ýylyň 9-njy maýy — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňiş güni uly dabaralara, şatlyk-şowhuna beslenip, toýuň hoş owazy belentden ýaňlanýar.
Türkmenistan Diýarymyzy şan-şöhraty dünýä dolsun! Her bir günümizi bagta besleýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Geldi GYLYJOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.