OKATMAGYŇ TEHNIKI USULLARYNY KÄMILLEŞDIRMEK

01-11-23

Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen durmuşyň ähli ugurlaryna, şol sanda milli bilim ulgamyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak işleri barha rowaçlanýar. Munuň özi geljekde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini üpjün etmäge, halk hojalygynyň dürli pudaklaryny ösdürmäge mynasyp goşant goşup biljek, çuňňur bilimli, giň dünýä garaýyşly öňde baryjy tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga ýardam berýär.

Gahryman Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda köp basgançakly milli we dünýä tejribesini sazlaşykly durmuşa ornaşdyrýan innowasion esasly bilim ulgamy kemala getirildi. Häzirki döwürde ylym‐bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň baş maksady türkmen ýaşlaryna dünýäniň ösen talaplaryna laýyk gelýän bilimi elýeterli etmekden ybaratdyr. Okatmagyň innowasion usullaryny kämilleşdirmek, ýaşlara ylym‐bilim öwretmek, ata‐babalarymyzyň bu ugurda ýeten derejesini geljekki nesillere döredijilikli geçirmek diýmekdir.

Ylmyň‐tehnikanyň güýçli ösüp, önümçilige ornaşdyrylýan döwründe ýokary okuw mekdeplerinde geçilýän dersleri okatmagyň usullary hem täze öwüşgine eýe bolýar. Okadylýan sapaklarda interaktiw, multimediýa tagtalaryndan, kompýuterlerden, proýektorlardan we internet maglumatlaryndan, halkara tejribelerinden peýdalanyp, okatmagyň döwrebap usullaryny ulanmak ýokary netije berýär. 

Mugallym okadýan dersinde internet maglumatlaryndan we dünýä tejribesini peýdalanyp, geçilýän temalar bilen baglanyşdyryp, okadýan dersi boýunça ýetilen sepgitler bilen baglanyşykly tapylan maglumatlar bilen çäklenmeli dälde, talyplary şu dersiň haýsy ugry gyzyklandyrýan bolsa, olary şol ugur boýunça maglumatlary ýygnamaga gönükdirmek bolýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän öňden görüjilikli syýasatynyň netijesinde her bir raýatyň, hususan‐da, ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň beden taýdan sagdyn, ruhubelent we döwrebap bilim almaklary, zähmet çekmekleri, sport bilen yzygider meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. 

Ýurdumyzyň sanly milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrundaky başlangyçlar halkymyzyň şu gününe we ýagty geljegine bolan ynamyny berkidýär. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa ornaşdyrylmagy okatmak işinde birnäçe ýeňillikleri döredýär hem-de işiň netijeliligini has-da artdyrýar. Sanly bilim ulgamynda peýdalanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audio ýazgylar ýaşlaryň nesliň has-da giň möçberdäki maglumatlary kabul etmäge ýardam edýär. Ýagny, bu maglumatlar birbada görüş we eşidiş ýollary arkaly kabul edilýär.

Mundan başga-da, bu mümkinçilikler dünýäniň islendik ýurdunyň alymlarynyň, mugallymlarynyň tejribesini öwrenmeklige, şeýle-de türkmen ýaşlarynyň we hünärmenleriniň daşary ýurtlarda bilim almaklary, ylmy barlaglary geçirmekleri üçin uly mümkinçilikleriň döredilmegine hem-de ýaşlaryň dünýä jemgyýetiniň ösüşi bilen deň gadam urmagyna ýardam edýär. Bu bolsa milli bilim ulgamynyň halkara tejribesiniň esasynda kämilleşdirilýändigini aňladýar. Şeýle hem, okatmagyň sanly usulyna geçilmegi talyplaryň internet torunyň üsti bilen dünýäniň beýleki okuw merkezleriniň çeşmelerinden peýdalanyp, dürli ýurtlaryň okuw edaralary bilen onlaýn görnüşde teleköpri arkaly sapaklaryň ýola goýulmagyna itergi berýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlaryň ussatlygyny ýüze çykarmak, saýlap alan ugry boýunça kämilligini gazanmak, dünýä derejesinde tejribe toplamagy ugrunda durmuşa geçirilýän işler ýurdumyzda alnyp barylýan oňyn döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. 

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän hem-de ösüp gelýän ýaş nesilleriň dünýä derejesinde kämil bilim almagy ugrunda birnäçe taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Mirhan TUWAKOW, 
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Mehanika-tehnalogik fakultetiniň mugallymy.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.