Bilim ulgamynda täze mümkinçilikler
18-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen ýaşlarynyň ylym-bilim we zehin babatda kämilleşmegi, dünýä derejesinde ussat hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda giň gerimli başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Bu ugurda ilkinji wezipeleriň hatarynda ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini mundan beýläk hem artdyrmak göz öňünde tutulýar.
Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi okatmak işinde birnäçe ýeňillikleri döredýär hem-de işiň netijeliligini artdyrýar. Ulanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audio ýazgylar ýaşlaryň has giň möçberdäki maglumaty kabul etmegine ýardam edýär. Ýagny maglumat birbada görüş we eşidiş ýollary arkaly kabul edilýär. Şeýlede bu mümkinçilikler ýaşlaryň dünýä jemgyýetiniň ösüşi bilen deň gadam urmagyna ýardam edýär. Mundan başgada, talyplar internet torunyň üsti bilen dünýäniň beýleki okuw merkezleriniň çeşmelerinden peýdalanyp bilýärler.
Okatmagyň sanly usulyna geçilmegi dürli ýurtlaryň okuw edaralary bilen onlaýn görnüşde teleköpri arkaly sapaklaryň ýola goýulmagyna itergi berdi. Dünýäniň islendik ýurdunyň alymlarynyň, mugallymlarynyň tejribesini öwrenmeklige, şeýle-de türkmen ýaşlarynyň we hünärmenleriniň daşary ýurtlarda bilim almaklary, ylmy barlaglary geçirmekleri üçin uly mümkinçilikler döredildi. Bu bolsa milli bilim ulgamynyň halkara tejribesiniň esasynda kämilleşdirilýändigini aňladýar. Şonuň netijesinde döwrebap bilimlerden baş çykarýan ýaş hünärmenleriň täze nesli kemala gelýär. Ussat hünärmenleriň sanynyň barha artmagy bolsa ýurduň kuwwatynyň artmagydyr.
Bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, barlaghana enjamlarynyň, multimediýa we lingafon gurnamalarynyň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda sanly aragatnaşyk ulgamy arkaly umumy okuw sapaklary guralýar. Häzirki wagtda sanly ulgama geçilmegi durnukly ösüşiň ileri tutulýan wezipelerini çözmegiň açary bolup hyzmat edýär. Okamak mümkinçilikleriniň düýpli özgerýän döwründe kitaphanalaryň sanlylaşdyrylmagy hem halkymyz üçin örän ähmiýetli boldy. Indi elektron görnüşdäki kitaplar, neşirler onlaýn tertipde doly elýeter edildi.
Ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň, bir tarapdan, düýpli we amaly ylymlar ulgamynda öňdeligi eýelemäge çalyşmagy, beýleki tarapdan bolsa, barlaglaryň netijeleriniň önümçilige ornaşdyrylmagynyň depginleriniň güýçlendirilmegi innowasiýalar hem-de ösüş döwrüniň häsiýetli aýratynlygy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ylmyň işjeň ösdürilmegi ýurdumyzy öňdebaryjy tehnologiýalary işläp taýýarlaýjylaryň hataryna çykarmak bilen çäklenmän, eýsem, uly durmuş-ykdysady netijä eýe bolýar.
Häzirki döwürde ylmy işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak, dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara guramalar we gaznalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin mümkinçilikler has-da giňeldi. Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän maslahatlar, simpoziumlar, okuw maslahatlary, sergiler, ylym we bilim ulgamynyň wekilleriniň duşuşyklary hem muňa şaýatlyk edýär.
Ýaş türkmen alymlarynyň ylmy taýýarlygy dowam etdirmäge, hünärini ýokarlandyrmaga, ylmy iş bilen meşgullanmaga gyzyklanmasynyň artmagy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzda düýpli we amaly ylmy ösdürmek, onuň ylmy-enjamlaýyn kuwwatyny berkitmek, milletiň täze intellektual gatlagyny kemala getirmek boýunça durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň aýdyň netijesidir.
Arkadagly Gahryman Prezidentimiz tarapyndan döredilýän şeýle ajaýyp şertleriň ýaşlaryň zehinini kämilleşdirmäge, ukyp başarnyklaryny doly derejede açmaga gönükdirilendigini we bu işleriň geljekde hem batly depginde alnyp baryljakdygyny aňladýar. Ýurdumyzda sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Toty JOMARTOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Ýokanç çaga keselleri kafedrasynyn assistenti.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.