ÝAŞ NESIL ÝURDUMYZYŇ YNAMLY GELEJEGIDIR

25-10-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan we barha ösüşlere beslenýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem, elbetde, ýaşlar baradadyr. Bu ugurda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýady hem pugtalandyrylyp, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň abadan, asuda durmuşda ýaşamagyna, okamagyna, zähmet çekmegine gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň geljeginiň ýaşlara baglydygyny hemişe nygtap, ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini has-da rowaçlandyrmak, sporty, ruhy ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmek, watansöýüjiligi, zähmete bolan söýgini terbiýelemek, olaryň jemgyýetçilik, şahsy başlangyçlaryny ileri tutmak, goldamak we höweslendirmek ýaly möhüm wezipeleri öňe sürýär.

Hormatly Prezidentimiz: “Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýip, uly buýsanç bilen belleýär. Arkadagly Serdarymyzyň özlerine bildirýän şeýle belent ynamyny ödemek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhly ýaşlarynyň baş maksady bolup durýar.

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar" ýyly ýaşlara bildirilýän uly ynamyň döwrüdir. Ýurdumyzda giň gözýetimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde, öňdebaryjy dünýä tejribesine daýanýan häzirki zaman bilimlerini ele almakda, ylym we döredijilik bilen meşgullanmakda ýaş nesilleri paýhasly pederlerimiziň asylly däp-dessurlary esasynda terbiýelemekde hem-de ata Watanymyza mynasyp ýaşlary kemala getirmekde mugallymlaryň üstüne uly borç düşýär. Bilşimiz ýaly, ata-babalarymyz ýaşlaryň dünýägaraýşyna tymsallaryň we rowaýatlaryň, çeper eserleriň üsti bilen uly täsir edipdirler. Häzirki wagtda bu ýörelgeler ýaş nesli terbiýelemekde işjeň ulanylýar.

Her bir işde ýaşlara hut özüniň nusgalyk görelde mekdebi bolup durýan, her bir ýaşraýatyň bagtyýar çagalygy, parlak geljegi, hözirli durmuşy, söýgüli kesp-käri barada irginsiz alada edýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, Ministrler Kabinetiniň ýanynda ýaşlaryň meseleleri bilen gyzyklanýan bölümiň açylmagy ýaşlar baradaky syýasatyň Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet syýasatynyň aýrylmaz düzüm bölegi bolup durýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryna, mähriban halkymyza şeýle ajaýyp zamanada ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Han NARMÄMMEDOW, 
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Mehanika-tehnologik fakultetiniň 4-nji ýyl talyby. 

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.