Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň

25-10-23

Hormatly Prezidentimiz ussat, başarjaň, kämil hünärmenleri taýýarlamak wezipesini hemişe üns merkezinde saklaýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen, sanlyja ýylyň içinde döredilen ýokary we orta okuw mekdepler kämil hünärmenleri taýýarlamaga döredilýän giň mümkinçiliklerdir. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ilki bilen ylym-bilimiň ileri tutulýan ýörelgeleri kesgitlendi. Bu babatda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meselelerinden ugur alyndy. Dünýä ylmynda gazanylan iň täze tehnikalar, tehnologiýalar önümçilige, bilime güýçli depginde ornaşdyrylýar.

Ata-babalarymyzyň paýhas eleginde elenip, biziň şu günlerimize gelip ýeten «Ylymly il ozar» diýen pähim häzirki döwrümizde ruhy gymmatlyklarymyzyň hatarynda mynasyp orny eýeleýär. Gurşunly kenek ýaly agramly, çuňňur many-mazmuny özünde jemleýän bu parasatly aýtgy bagtyýarlyk zamanamyzda has-da döwrebap ýaňlanýar. Bu paýhasyň süňňünde ylym-bilimiň uly ösüşleriň ýoly bilen röwşen geljege alyp barýandygy baradaky hakykat bar.

Ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-barlag edaralarynda açylan aspiranturalara, doktoranturalara, ordinaturalara dalaşgärleriň ýüzlerçesi kabul edildi. Olar häzirki wagtda ylmyň dürli ugurlary boýunça iş alyp barýarlar, özleri üçin döredilen şeýle ajaýyp mümkinçilikden peýdalanyp, öz ukypbaşarnyklaryny kämilleşdirýärler. Saýlap alan ugurlary boýunça ylym dünýäsiniň gizlin syrlaryna ynamly aralaşýarlar.

Olar ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny baýlaşdyrmaga we kämilleşdirmäge saldamly goşant goşjak ýaş alymlaryň hataryny artdyrýarlar. Şeýle hem orta mekdepleriň okuw meýilnamalaryna täze sapaklaryň, ýokary okuw mekdepleriniň meýilnamalaryna täze hünärleriň girizilmegi, talyp haklarynyň yzygiderli köpeldilmegi, okatmagyň interaktiw usullarynyň ýola goýulmagy ýurdumyzda amala aşyrylýan ylym-bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan oňyn özgertmeleriniň netijesinde, Watanymyzyň ykdysady kuwwaty barha artýar. Ýurduň ählumumy ykdysady ösüşleri döwletiň kuwwatlylygyny, halkyň ýaşaýyşdurmuş derejesiniň ýokarylygyny kesgitleýär. Ýurdumyzy ösüşleriň şa ýolundan ynamly öňe alyp gitmekde, ozaly bilen, ykdysady ugurlarda öňe sürlen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

Ruhy gymmatlyklarymyzyň hatarynda mynasyp orny eýeleýän «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň” diýen pähim häzirki döwrümizde hasda uly ähmiýete eýedir. Pederlerimiziň paýhas eleginden geçip, biziň şu günlerimize gelip ýeten bu parasatly aýtgy Ýer ýüzünde tutuş adamzat tarapyndan ykrar edilendir. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler we ýetilen belent sepgitler ylym-bilimiň miweleridir. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär.

Eziz Diýarymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim ojaklarynyň täze binalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyna aýdyňlygy bilen güwä geçýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, gazanylýan üstünlikler ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarýar. Bu bolsa ata Watanymyzyň geljeginiň has-da aýdyň we röwşen boljakdygyna güwä geçip, biziň her birimiziň buýsançly başymyzy göge ýetirýär.

Dursun BAÝRAMOWA, 
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Mehanika-tehnologik fakultetiniň 4-nji ýyl talyby. 

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.