SANLYLAŞDYRMAK — AÝDYŇ GELJEK
24-02-25

Sanly özgertmeleriň dünýäde ýokary tizlik bilen ýaýraýan döwründe milli ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmak, elektron senagatyny döretmek, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ykdysadyýeti kemala getirmek gaýragoýulmasyz wezipeler bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ykdysadyýetimize sanly ulgamy doly ornaşdyrmaga, ösdürmäge aýratyn üns berýär. Durmuşa geçirilýän sanly özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, bu ulgam bilen bagly kanunçylyk binýady berkidilýär, möhüm resminamalar yzygiderli kabul edilýär we durmuşa geçirilýär.
Ykdysadyýet örän çylşyrymly we ähli zady öz içine alýan gural hökmünde her bir adamyň durmuşyna gatnaşýar. Ol önümçiligi we sarp edişi, şeýle hem şunuň bilen baglylykda kesgitlenen haryda ýa-da hyzmata bolan islegiň we teklibiň emele gelmegini özünde jemleýär. Sanly ykdysadyýet düşünjesi giňden ulanylýar we soňky döwürde bilermenler tarapyndan giňden ara alnyp maslahatlaşylýan ugra öwrüldi. Munuň esasy sebäbini köp ýurtlaryň ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny, hususan-da, sanly maglumatlary ykdysadyýete ornaşdyrmak netijesinde uly öňegidişlikleri gazanmagy başarandyklary bilen düşündirip bolar.
Sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyk lar ulgamyna sanly ykdysadyýet diýilýär. Ol wagtyň we harajatlaryň tygşytlanylmagy bilen bir hatarda, girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykarmaga şert döredýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler halkymyzyň bähbidine we döwletimiziň gülläp ösmeginiň hatyrasyna gönükdirilendir. Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň mazmunyna, onuň ýurdumyzyň kuwwatyny artdyrmakdaky ornuna, şeýle-de dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşiniň netijeli ýollarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýär. Ykdysadyýetiň bu görnüşine geçmegiň zerurlygyna dogry düşünilmeginiň özi öňde duran wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna itergi berýär.
Şeýlelikde, sanly ykdysadyýet tizlik, ýokary hil we amatlylyk babatynda has netijeli we köptaraplaýyn ähmiýete eýe bolýar. Şeýle-de, sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurtda uzak möhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga ýardam berýän netijeli jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna we kämil görnüşleriniň ýola goýulmagyna, halkyň durmuş şertleriniň özgerdilmegine, internet ulgamynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine ýardam berýär. Sanly ykdysadyýet durmuş çäreleriniň ählumumy ulgamy bolmak bilen, internetiň mümkinçiliklerine daýanýan ykdysady ösüşi emele getirýär. Şunda, esasan, zähmet öndürijiliginiň artmagy, önümçilik harajatlarynyň peselmegi we bäsdeşlige ukyplylygyň ýokarlanmagy ýaly mümkinçilikler göz önünde tutulýar.
Maglumatlary alyşmagyň elektron ulgamlaryny (internet) we olaryň elýeterliligini, kanunçylyk binýadyny sanly ykdysadyýetiň aýrylmaz bölegi hökmünde görkezmek bolar. Sanly ykdysadyýet harajatlary peseltmäge, bazardaky üýtgeşmelere az wagtda uýgunlaşmaga hem-de ýokary çeýeligi üpjün etmäge ýardam berýär. Sanly ykdysadyýet maglumatlaryň we tehnologiýalaryň ähli ýerde, hemme wagtda elýeterliligine daýanýar. Munuň özi ýurdumyzda bazar şertlerinde özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryna ýol açýar, netijede bolsa, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär.
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Laçyn BABAJANOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.