YLYM — GELJEGIŇ GÖZBAŞY

27-10-23

Topragyň rysgal-bereketli bolmagy üçin suw nähili derejede gerek bolsa, ynsan ömrüniň manyly bolmagy üçinem ylym-bilim şonça derejede gerekdir. Danalaryň biri: «Bir gününi ylymsyz geçiren kişä gynanjymyň nähili bolandygyny we bir gününi ylym bilen geçiren kişä begenjimiň nähili bolandygyny bilen bolsaň, onda sen ömrüňi ylym bilen ötürerdiň!» diýipdir. Ata-babalarymyzyň «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat», «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň» ýaly gyzyla gaplaýmaly nakyllarydyr atalar sözlerindenem olaryň ylym-bilime örän ýokary derejede üns berendiklerine göz ýetirmek bolýar.

Ylma, bilime daýanýan döwletiň öňdebaryjy orunlara çykýandygy dünýä tejribesinde göre-göre gelinýän ýagdaý. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda hem düýpli özgertmeleriň durmuşa ornaşdyrylýan zamanasydyr. Agzybir hem-de zähmetsöýer halkynyň eşretli ýaşaýşynyň gözbaşyny bilim ulgamynyň kämilleşdirilmeginde görýän, ylymsyz ýurduň ösüşini gazanmagyň mümkin däldigini nygtaýan hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bu ugurda amala aşyrýan özgertmeleri, ulgamy dünýä derejesinde kämilleşdirmek boýunça tutumly maksatnamalary ata-babalarymyzyň parasatly wesýetleridir asylly ýörelgelerine daýanyp, halkymyzyň ylymly-bilimli, Watana wepaly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde toplan köpasyrlyk tejribesini özünde jemleýär. Ýurdumyzda häzirki zaman okuw-tehniki enjamlary, görkezme esbaplary bilen üpjün edilen bilim ojaklarynyň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, şeýle hem çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň gurulmagy, sanly bilim ulgamyna geçilmegi ýaş nesilleriň çuňňur bilimli, giň gözýetimli bolmaklaryny gazanmaklygyň döwlet syýasatynyň esasy üns berilýän ugurlarynyň biridiginiň anyk subutnamalarydyr.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmegi, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda ýaşlara berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmagy, hilini ýokarlandyrmagy, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi maksat edinip, elektron maglumatlar gorundan peýdalanmagy elýeterli edýär we okyjynyň kitap okamakdaky gözleglerine sarp edýän wagtyny tygşytlaýar. Şeýle-de, internet maglumatlar ulgamy boýunça daşary ýurt tejribesi bilen tanyşmaga, uzak aralykdan olimpiadalaradyr ders bäsleşiklerine, forumdyr maslahatlara gatnaşmaga, okuw gollanmalarynyň, kitaplaryň elektron görnüşinden peýdalanmaga şert döredýär. Ulgamy sanlylaşdyrmagyň netijesinde teleköpri hem-de onlaýn usulynda guralýan okuw sapaklary, internet bäsleşikleri, tejribe alyşmalar bilim dünýäsine içgin aralaşmaga, okatmagyň usulyny kämilleşdirip, öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmäge mümkinçilikleri üpjün edýär.

Döwletiň geljekki ösüşini üpjün etmek üçin ýurdumyzyň bagtyýar neslini ylma, bilime çekmek ilkinji zerurlyk bolup, munuň üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilýän zamanasynda, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýaşlar okamak, öwrenmek, döredijilikli zähmet çekmek bilen Watanymyzyň binýadyny has-da pugtalandyrmalydyrlar. Arkadagly Serdarymyz ýaşlaryň geljekde ilhalar, watansöýüji, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri, döredijilik, ylmy we taslama işleri bilen meşgullanmaklary, dünýä derejesindäki ösen tehnologiýa ulgamlaryndan oňat baş çykarmaklary üçin taýsyz tagallalary edip, olara hemişe uly ynam bildirýär. Hormatly Prezidentimiziň belent ynamyny ödemek, berkarar Watanymyzyň mynasyp nesilleri bolup ýetişmek bolsa mukaddes borçdur.

Goý, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaş nesliň döwrebap ylym-bilimli, edep-terbiýeli adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda guwandyryjy özgertmeleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Guwanç SAPAROW, 
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Howa hereketiniň dolandyrylyşy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.