«Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Ýaponiýanyň «NEC Telecommunication Information Technologies Ltd.Sti» kompaniýasynyň arasynda aragatnaşyk pudagyny özgertmek babaynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy
19-09-23
Şu gün, 18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygynyň we degişli wekilleriniň hem-de «NEC Telecommunication Information Technologies Ltd.Sti» kompaniýasynyň prezidenti Naoki Nakamuranyň ýolbaşçylyk etmeginde wekiliýetiň gatnaşmagynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda duşuşyk geçirildi.
Hususan-da duşuşygyň çäklerinde, 2023-nji ýylyň 2-nji iýulynda Arkadag şäherinde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen «NEC Telecommunication Information Technologies Ltd.Sti» kompaniýasynyň arasynda gol çekilen Ähtnama laýyklykda alnyp barylýan işler we öňde goýulan maksatlar ara alnyp maslahatlaşyldy
Taraplar, aragatnaşyk pudagynda özara bähbitli hyzmatlary ýola goýmak, sanlylaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler, telekommunikasiýa ulagmyny özgertmäge gönükdirilen wezipeler, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we ösdürmek, kiberhowpsuzlyk pudagynda hünärmenleriň tejribelerini alyşmak ýaly meseleler boýunça gürrüň etdiler.
Gepleşikleriň dowamynda «NEC Telecommunication Information Technologies Ltd.Sti» kompaniýasynyň wekilleri, türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ösdürmekde uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, aragatnaşyk pudagy boýunça yzygiderli gatnaşyklary gejekde dowam etmek zerurlygyny bellediler.
Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň esasy hünärmeni.
Gruziýa we Merkezi Aziýa ýurtlary ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdy
Gruziýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri 23-nji oktýabrda Batumi şäherinde geçirilen duşuşykda Merkezi Aziýa bilen Gara deňiz sebitiniň arasyndaky ulag we üstaşyr geçelgelerini ösdürmek meselelerini maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Türkmenbaşy we Alýat portlarynyň arasynda fider gatnawyny ýola goýmak meýilleşdirilýär
Orta geçelge boýunça ýük daşamalaryny ösdürmek maksady bilen, Türkmenbaşy we Alýat portlarynyň arasynda yzygiderli fider gatnawyny ýola goýmak teklip edilýär. Bu barada Azerbaýjanyň Ekspeditorlar assosiasiýasynyň başlygynyň orunbasary, “U.F.E. Shipping” kompaniýasynyň baş direktory Elmir Poladow Ýewropa Bileleşigi bilen Azerbaýjanyň arasynda geçirilen 2026-njy ýyldaky Işewürlik forumynda eden çykyşynda aýtdy diýip, “Report” habar berýär.
Türkmenistanda Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýoly gurlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awtomobil ulaglary ministrligine umumy uzynlygy 546 kilometre deň bolan Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýolynyň taslamasyny taýýarlamak hem-de gurluşygyny amala aşyrmak boýunça şertnamalary baglaşmaga rugsat berýän Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi
25-nji oktýabrda ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli giň gerimli dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar Aşgabat atçylyk sport toplumynda geçirildi. Bu ýerde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň hem-de alabaýlaryň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlendi.
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň VI mejlisi
24-nji oktýabrda Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň VI mejlisi geçirildi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde geçirilen bu forum türkmen halkynyň milli baýlygy bolan meşhur alabaýlaryň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmaga gönükdirilen möhüm wakadyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.