Döwrebap bilim — ýagty geljek

15-02-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň esasynda ýurdumyzda amala aşyrylýan bilim özgertmeleri halk hojalygynyň her bir pudagy boýunça ezber, häzirki zaman tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamaga, şeýle hem olaryň ýardamy bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň kuwwatyny has-da artdyrmaga gönükdirilendir.

Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bu günki gün dünýäde batly depginler bilen ösýän ýurt hökmünde özüni tanatdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halky Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň belent sepgitlerine ýetdi. Watanymyzyň geljekde hem at-abraýynyň belent derejelere göterilmegi bilimli, ylymly nesliň güýji, zehin baýlygy bilen baglanyşyklydyr. Munuň üçin hormatly Prezidentimiz yzygiderli alada edýär, ýaşlaryň alýan biliminiň kämil we döwrebap bolmagyny esasy üns merkezinde saklaýar. Häzirki wagtda ösüp gelýän ýaş nesliň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi, okadylyşyň milli esasda alnyp barylmagy we dünýäniň ösen döwletleriniň okuw maksatnamalaryna kybap derejede kämilleşdirilmegi üçin döwletimiz tarapyndan birnäçe mümkinçilikler döredilýär.

Alnyp barylýan işleriň hatarynda, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady barha berkidilýär, orta hem-de ýokary okuw mekdepleriniň kitaphana gory yzygiderli baýlaşdyrylýar, dersler boýunça işlenilip taýýarlanylan täze maksatnamalar girizilýär. Şeýle özgertmeleriň çäklerinde döwrebap elektron okuw-usuly toplumlaryň sany artdyrylýar. «Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda elektron bilim ulgamyny ösdürmek we bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary derejeli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, sanly serişdelerden giňden peýdalanyp, berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek işi giňişleýin alnyp barylýar.

Her bir täzeçilligiň durmuşyň ösmegindäki wajyplygyny nazara alanyňda, bu ugurda amala aşyrylýan işleriň geriminiň näderejede uludygyna göz ýetirmek bolýar. Bu babatda sanly bilim ulgamyna geçilmeginiň ähmiýeti diýseň uludyr. Munuň özi diňe bir mekdep okuwçylarydyr ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin däl, eýsem, olara bilim berýän mugallymlar üçin hem amatlyklary we ýeňillikleri döredýär. Sanly bilim ulgamyna geçilmegi bilen mugallymlarda sapagy uzak aralykdan dolandyrmak mümkinçiligi döreýär. Dünýäniň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň ylmy işleri, ol ýa-da beýleki ugruň şahamçalary bilen tanyşmak, sanly ulgam arkaly sapak bermek bu günki gün adaty ýagdaýa öwrüldi. Bu hem geljekki ösüşleriň güwäsidir.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halkymyzy beýik geljege tarap batly gadamlar bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, kämil hünärmenleriň täze neslini kemala getirmek bilen baglanyşykly döwletli işleri rowaçlyklara beslensin!

Aýnur KÖMEKOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.