Berkarar döwletiň ylym-bilim ulgamy

26-03-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri milli ylmyň hem ösdürilýän ajaýyp zamanasyna öwrüldi. Bu döwürde türkmen ylmynyň has-da kämilleşdirilmegi, ylym ulgamyna sanly serişdeleriň işjeň ornaşdyrylmagy, ylmy barlaglaryň, gözlegleriň, taslamalaryň netijeli amala aşyrylmagy, türkmen alymlarynyň halkara giňişliginde uly gyzyklanma eýe bolýan ylmy işleriniň sanynyň artmagy, hususan-da, ýaş alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegi buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.

Türkmen ýaşlarynyň netijeli ylmy işleri alyp barmaklary üçin döwlet tarapyndan uly mümkinçilikler we şertler döredilýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Döredijilik hyjuwyndan doly zehinli ýaşlaryň ylma gelmegini üpjün etmek, Watanyny jany-teni bilen söýýän, başarnykly, giň gözýetimli ylmy işgärleriň we hünärmenleriň sanyny düýpli artdyrmak döwrümiziň öňe sürýän iň derwaýys wezipeleriniň biridir» diýip belleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş alymlary goldamak, olary ylmy açyşlara höweslendirmek bilen bagly döredýän mümkinçilikleri ýurdumyzyň ylmy-tehniki we ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda hem möhüm ähmiýete eýedir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynda, ylmy-önümçilik merkezlerinde ýaş alymlar wajyp ugurlar boýunça ylmy-barlag, gözleg-taslama işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Bu işde sanlylaşdyrylan serişdelerden giňden peýdalanylýar. Olar arkaly ýaşlar alan bilimlerini we ylmy başlangyçlaryny düýpli özleşdirip, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine gönükdirilen taslamalary işläp düzýärler we önümçilige ornaşdyrýarlar.

Her ýylda ýaş alymlaryň alyp baran ylmy işleriniň netijelerini ýüze çykarmak, jemgyýetçilik durmuşynda peýdalanmak, önümçilige ornaşdyrmak we olaryň yhlasly zähmetini höweslendirmek maksady bilen, ylmy işler boýunça bäsleşikleriň, ylmy taslamalaryň sergileriniň geçirilmegi hem uly ähmiýete eýedir. Munuň özi beýik akyldarlaryň, dünýä ady dolan alymlaryň, ylmyň hem ösen medeniýetiň ojagy bolan Watanymyzda ýaş alymlaryň täze nesliniň kämilleşýändigini, olaryň asylly maksatly, netijeli çözgütli işleriniň öňe ilerleýändigini, ylmy gadamlarynyň rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan gözbaş alan kanuny we hukuk binýady berk bolan milli ylmyň ösdürilmeginiň çäklerinde ýaş alymlaryň sanynyň artmagy, olaryň oýlap tapyşlarynyň, ylmy seljermeleriniň internet arkaly geçirilýän halkara bäsleşiklerinde netijeli görkezijilere eýe bolmagy bellenilmäge mynasypdyr. Ýaş alymlaryň halkara ylym giňişliginde mynasyp orunlaryny tapmaklary we dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine işjeň goşulyşmaklary bolsa ylym bilen meşgullanýan ýaşlaryň höweslerini has-da artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilimi ösdürmek bilen bagly alyp barýan döwletli syýasaty netijesinde talyplaryň, aspirantlaryň, ýaş alymlaryň we professor-mugallymlaryň toplumlaýyn ylmy barlaglaryny geçirmegi üçin ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda sanly tehnologiýa we innowasiýa merkezlerini döretmäge, täze tejribehanalarda önümçilik synaglaryny geçirmäge ýokary ähmiýet berilýär. Şeýle-de, ylym-bilim we ýaşlar syýasaty boýunça kabul edilýän täze döwlet Maksatnamalarynda şunuň bilen bagly wezipeleriň wajypdygy bellenilýär. Munuň şeýledigini «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasynyň» mysalynda hem görmek bolýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaş alymlara ak ýollary açýan we beýik işleri bilen türkmen ylmyny dünýä derejesine çykarýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Leýli HALMYRADOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

1685250e64d9cd.jpeg
IL SAGLYGY - ÝURT BAÝLYGY

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak maksady bilen lukmançylyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegine, olarda işleýän hünärmenleriň ylym-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.


1683803e45a58f.jpeg
Bitaraplyk — Parahatlyk

Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.


1683804b380e91.jpeg
MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.


1683400122a15f.jpeg
«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi

24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.


16834010cead65.jpeg
Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi

25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.