Ýaşlar döwletimiziň şu güni we geljegidir

28-10-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe günlerimiz, aýlarymyz bir-birinden zyýada gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň: “Ýaşlar döwletimiziň şu güni we geljegidir», “Ýaşlar biziň başyny başlan işlerimizi mynasyp dowam etdirijilerdir» diýen sözleri türkmen ýaşlarynyň diliniň senasyna, durmuşyndaky ýörelgä öwrülip, olary nurana ertirlere ruhlandyrýar. Ýaşlykda güýç-gaýrat, täzeçillige bolan ymtylyş bar. Üstümizdäki ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmegi ähli türkmen ýaşlarynyň buýsanjyna buýsanç goşdy. Täze ýylyň şygary we nyşany ýaşlara bildirilýän belent ynamy özünde jemleýär. Çünki ýaşlar uly güýçdür, jemgyýetiň işjeň bölegidir.

Ýurdumyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesillerimiz hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň düýp özeninde durýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bilim we terbiýe ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, bu ugurda ýetilen sepgitler has-da guwandyryjydyr. Şunda berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine laýyk guramak esasy orunda durýar.

Bilim ulgamynyň döwrebap mazmuny adamzat ýaşaýşynyň aň-düşünjesini häzirki zamanyň ösen talaplaryna kybapdaş dowam etdirmekdir, onuň geçmiş mirasyny we häzirki gazananlaryny dolulygy bilen geljekki nesillere ýetirmekdir. Şoňa görä, kämil nesli kemala getirmek bilim ulgamynyň öňünde durýan döwlet derejesindäki baş aladalaryň biri hökmünde öňe çykýar. Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň bu ulgamy kämilleşdirmek hakyndaky Permanlarydyr Kararlarynyň, «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi düýpli bilim özgertmelerini durmuşa geçirmäge şert döredýär. Şeýle hem bu işler ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürjek giň gözýetimli, döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk ýokary derejede pikirlenýän ökde hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Şeýlelikde, ýaş nesliň sagdyn ösmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi bilim ulgamynyň işgärleriniň ýokary hil netijelerini gazanmaklaryna giň ýol açdy.

Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň ýokary, orta hünär okuw mekdeplerinde ýaşlarymyza hünär bilimlerini bermegiň giň mümkinçilikleri bar. Şoňa laýyklykda, biziň institutymyzyň talyplaryna hem oňat hilli hünär bilimini bermek bilen bir hatarda, terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Şeýle hem talyplar öz halypa mugallymlary bilen ýurdumyzyň taryhy-medeni merkezlerine gezelenç edýärler. Taryhymyza, geçmiş mirasymyza degişli ençeme gymmatly maglumatlar bilen tanyşýarlar. Geçirilýän medeni-köpçülik we döredijilik bäsleşiklerine işjeň gatnaşýarlar. Şeýlelikde, ýaşlar baradaky aladalar öz oňyn netijesini berýär.

Ösüşiň täze tapgyryny başdan geçirýän döwletimizde ýaş hünärmenleriň ýokary sowatlylygyny gazanmak ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Ýatlap geçsek, ýaşlaryň ýurdumyzyň ähli pudaklarynda öz ukypbaşarnyklaryny ýüze çykarmagy üçin Arkadagly Serdarymyz ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden başlap uly aladalar edipdi. Ylym-bilim pudagyna girizilen täzelikler muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýaş nesillerimiz hakynda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Guwanç SAPAROW, 
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Howa hereketiniň dolandyrylyşy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.