BEÝIK IŞLERIŇ EÝÝAMY
26-02-24

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby bagtyýar türkmen ýaşlaryna ajaýyp sowgat boldy. Bu kitabyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ahyrynda geçirilen ýaşlaryň halkara ylmy-amaly maslahatynyň we sergisiniň dowam edýän günlerinde neşir edilmeginde-de uly many bar. Çünki döwlet Baştutanymyzyň ýiti zehininden dörän bu kitapda taryhyň gatlaryna altyn sahypa bolup ýazylan şanly ýylymyzda türkmen ýaşlarynyň dürli ugurlarda gazanan, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant bolan üstünlikleriniň jemi jemlenýär.
Biri-birinden zyýada ýyllarymyzyň ýakym-täsirine, ata-babalarymyzyň görüm-göreldesiniň, asylly ýol-ýörelgesiniň gadyr-gymmatyna has çuňňur düşünýäris. Ol ýol-ýörelgelerde türkmençilige mahsus edim-gylymlara ygrarlylyk, belent sepgitlere ymtylyş we beýik işlere çakylyk jemlenýär. Hormatly Prezidentimiz döwlet Baştutanlygyna saýlanylan ilkinji günlerinden ýaşululary sarpalamak, ýaşlara daýanmak bilen, şu nusgalyk ýoly saýlap aldy, döwletlilik ýörelgesini ugur edindi.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen jemgyýetiniň ähli ulgamlarynda bolup geçen düýpli özgertmeler, gazanylan beýik ösüşler milli kanunçylygymyzyň kämilleşmegi esasynda amala aşyryldy. Ýurtda bolup geçýän özgertmeler kanunçylyk taýdan berkidilmegini, ilkinji nobatda bolsa, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýan edilmegini talap edýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesinden we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatyndan gözbaş alýan konstitusion özgertmeler kanunçylyk namalarymyzyň zamanabap bolmagyny hem-de olaryň döwrüň ösen talaplaryny doly kanagatlandyrmagyny üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň ilkinji kitabynda geçen şanly ýylymyzda şular dogrusynda durmuşa geçirilen hukuk özgertmeleri barada giňişleýin söz açylmagy onuň many goýazylygyny we ähmiýetini has-da artdyrýar. Mukaddes topragymyzda bolup geçýän özgertmeler, toý-baýramly günler göwünlere ganat bagladyp, durmuşymyza aýratyn many-mazmun çaýýar. Milli kanunçylygymyzda we ykdysadyýetimizde gazanylýan oňyn netijeler oba-şäherlerimiziň gün-günden gözelleşmegini, täze şäherleriň, obalaryň döremegini, halkymyzyň döwrebap durmuşda bolelin ýaşaýşyny üpjün edýär. Elbetde, munuň özi, ilkinji nobatda, ak ýürek bilen çekilýän zähmete bagly. Bu gün halkymyz döwlet Baştutanymyzyň döredip beren amatly şertlerinden, giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, yhlasly zähmet çekip, medeni-durmuş maksatly ajaýyp binalary, ähli amatlylyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, halkara derejesindäki ýollary, köprüleri, iri önümçilik toplumlaryny gurýar, deňsiz-taýsyz gözellikleri döredýär, ýokary hilli, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürip, ak bazarlarymyzy ekologiýa taýdan arassa önümlerimiz bilen baýlaşdyrýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Elbetde, bina galdyrmak, ýol, köpri gurmak halkymyzda ata-baba sogaply iş hasaplanýar. Şol sebäpli bu işlerde hem ýaşlarymyzyň tutýan orny uludyr. Gurluşykçy, binagär ýaşlarymyz berkarar Watanymyzyň çar künjeginde şäherleri, obalary, zawoddyr fabrikleri, beýik binalary, köprüleri, ýollary gurýarlar» diýip, ýaşlarymyza uly ynam bildirýär. Ynam uly güýçdir.
Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz ata Watanymyzyň mertebesini beýgeltmekde, şöhratly taryhymyzy, milli mirasymyzy sarpalamakda we röwşen geljegiň hatyrasyna beýik işlere badalga bermekde ýaşlara nusga alarlyk görelde görkezýärler. Hut şonuň üçin öz durmuşlarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we sarpasy belent hormatly Prezidentimiziň görelde mekdebine eýerýän ýaşlar ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegine, ulus-ilimiziň bolelin durmuşynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleriniň we berýän goldaw-hemaýatlarynyň netijesinde türkmen ýaşlary bu gün şanly ýeňişleri, täze ylmy açyşlary we ýeten belent sepgitleri bilen ýurdumyzyň at-abraýyny, mertebesini barha beýgeldýärler.
Biz ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri esasynda terbiýelenmekleri, sagdyn ruhly kemala gelmekleri ugrunda edýän hossarlyk aladasy üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Ata Watanymyzy we ulus-ilimizi ösüşleriň ak ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, sarpasy belent hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaç alsyn!
Hallygözel NURBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.