MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGI - TÜRKMENIŇ EGSILMEZ RUHY HAZYNASY
04-12-25
Şöhratly taryhymyza nazar aýlanyňda gymmatly edebi mirasymyzyň bardygyna göz ýetirýärsiň. Şeýle edebi mirasyň içinde Magtymguly Pyragynyň ajaýyp döredijiligi, onda beýan edilýän öwüt-nesihatlar bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Bu edebi miras üç asyra golaý türkmen halkynyň durmuşynda uly orny eýeledi. Ata-babalarymyz akyldar şahyryň goşgularynyň üsti bilen nesilleri terbiýeläpdirler, olara wagyz-nesihat edipdirler. Şonuň üçin şahyryň goşgulary ençeme ýyllaryň dowamynda alymlar tarapyndan öwrenilýär, bu hakynda ylmy pikirler beýan edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň baý hem-de şöhratly taryhy, medeni mirasy ylmy esasda öwrenilip, ony nesillerimize ýetirmek, gorap saklamak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Akyldar şahyryň döredijiligi akyl-paýhasa, öwüt-nesihata ýugrulandyr. Şonuň üçin onuň goşgularynda düýpli pikirler, pelsepewi garaýyşlar edebi ýörelgeler esasynda beýan edilýär. Bu görnüşli pikirleriň ynsanyň kalbynda baky orun alýandygyny hem bellemek gerek. Şeýle pelsepewi garaýyşlar Watan, watansöýüjilik, ynsanperwerlik we parahatçylyk bilen berk baglanyşyklydyr. Ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak we estetiki taýdan terbiýelemekde olaryň ähmiýeti örän uludyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenmegi üpjün edilip, şeýle ajaýyp goşgularyň many-mazmuny ýaş nesillere düşündirilýär.
Akyldar şahyryň sözleri, pelsepewi pikirleri türkmen edebiýatynyň şöhratyny hem-de watançylyk ruhuny belende galdyryp, diňe milli däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrüldi. Häzirki döwürde Magtymgulynyň goşgulary parahatçylygyň, agzybirligiň joşgunly senasy bolup ýaňlanýar. Şahyryň ynsanperwer pikir-garaýyşlary asyrlar geçse-de gymmatyny ýitirmeýär. Magtymguly Pyragynyň egsilmez ruhy hazynasy özünden soňky nesilleri halka, ata Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyga eýe boldy. Ynsan kalbynyň aýdymyna öwrülen şygyrlarynyň many-mazmuny çeperçilik taýdan has kämil bolup, türkmeniň nusgawy edebiýatynyň wekilleriniň döredijiliginde hem özüniň aýdyň beýanyny tapdy. Goşgularynyň ýokary çeperçiligi, çuňňur many-mazmuny her bir adamyň aňyna, içki duýgularyna uly täsir edýär.
Magtymguly Pyragynyň eserleri halkyň gepleşik diline ýakyn bolup, halkymyzyň arzuw-hyýallaryny, öňdebaryjy pikirlerini has aýdyň şöhlelendirýär. Şahyryň şygyrlary halkymyzyň ýol-ýörelgesine, ruhy gymmatlygyna öwrüldi. Türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň il-günümize galdyryp giden şahyrana hazynasyny ylmy esasda seljermek, onuň pelsepewi esaslaryny açyp görkezmek üçin türkmen alymlary tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Edebiýat ylmynda çeper eseriň gymmatlygy, pikirleriniň baýlygy, sözleriniň manylylygy hakynda ylmy pikirler beýan edilýär. Şeýle ylmy pikirleri bolsa Magtymguly Pyragynyň goşgulary bilen düşündirilse, mysallar getirilse has-da ýerine düşýär. Ylmy nukdaýnazardan seredeniňde hem, okyjynyň talapkär gözi bilen synlanyňda hem şahyryň edebi mirasy örän ýokary derejä eýedir.
Häzirki ajaýyp döwrümizde türkmen medeniýetiniň, sungatynyň ösüş aýratynlyklaryny çuňňur öwrenmekde, has-da kämilleşmegini, täze derejelere ýetmegini üpjün etmekde ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Magtymguly Pyragynyň ajaýyp goşgulary dünýäniň ençeme dillerine terjime edildi. Bu hem şahyryň nusgawy döredijiliginiň äleme ýaýylýandygyny, dünýäniň okyjylarynyň ünsüni özüne çekýändigini aýdyň beýan edýär. Milli medeniýetimiziň, nusgawy edebiýatymyzyň ylmy esasda öwrenilmegine giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Toýmyrat HOJAGELDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.