Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagyň möhüm ädimleri
05-11-24

Her bir güni şanly senelere, guwandyryjy üstünliklere beslenýän hemişelik berkarar ýurdumyzda okgunly ösýän ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu wezipeler maglumat tehnologiýasynyň iň häzirki zaman görnüşleriniň ornaşdyrylýandygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek boýunça ähli pudaklaryň öňünde belent maksatlaryň goýulmagy bu babatdaky giň gerimli işleriň ilerlemegine aýratyn goşant goşýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda sanly ulgamy ösdürmegiň konsepsiýasynyň çäklerinde ýurdumyzda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýasyny işjeňleşdirmek maksady bilen, döwlet edara-kärhanalarynda degişli meýilnamalar taýýarlanylyp, tehniki şertler we kadalaşdyryş-hukuk düzgünnamalary bilen üpjün etmek boýunça işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda 2019 - 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda birnäçe resminalamalar kabul edildi. Olardan «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet — hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» we başga-de birnaçe Kanunlara gol çekildi. Ýurdumyzyň ösüşini täze hil derejä çykarmaga itergi beren bu Konsepsiýanyň durmuşa geçirilmegi bilen ykdysadyýete maýa goýum işjeňliginiň, ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň, täze iş orunlarynyň döredilmeginiň ösüşini üpjün eder.
Häzirki döwürde sanlylaşdyrmagy ilerletmek we intellektual ulgamlaryň işini pugtalandyrmak ýurdumyzyň kommunikasiýa pudagynyň paýyna düşýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň kabul eden «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara topary döretmek hakynda» Kararyna laýyklykda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara kesgitlendi.
Bu ugurda netijeli işler alnyp barylýar. Muňa mysal hökmünde hökümet agzalarynyň, häkimlikleriň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de daşary ýurtly pudaklaýyn wekiliýetleriň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatlary geçirmäge mümkinçilik berýän ulgam doly ornaşdyryldy.
Ýurdumyzda transmilli optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň bolmagy internet akymlarynyň üstaşyr geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Ilatyň sanly maglumatlara dörän ýokary isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda häzirki wagtda internet akymynyň tizligi barha artdyrylýar.
Mundan başga-da, raýatlar üçin amatlyklary döretmek we elektron hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, e.gov.tm döwlet portaly işläp başlady. Bu elektron saýtda ilat üçin «bir penjire» döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamy döredildi. Häzirki döwürde ornaşdyrylan öýjükli we simli telefon, IP-TV, internet ýaly aragatnaşyk hyzmatlary, awtomobil, demir ýol we howa ulaglary, jemagat, bank hyzmatlary boýunça onlaýn arkaly tölegler halkymyzyň arasynda uly islegden peýdalanýar.
Bularyň ählisi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek ugrundaky işleriň ýokary depginlerde we üstünlikli alnyp barylýandygynyň anyk mysallarydyr. Belent arzuwlaryň, ýagşy niýetleriň, rowaçlyklaryň ýurdy bolan mähriban Watanymyzyň ajaýyp geljeginiň mizemez binýatlaryny döretmekde tagalla edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Merjen ESENOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.