Nowruz gadymy baýramymyz

18-03-25

Nowruz baýramy öz köklerini taryhyň gadym döwürlerinden alyp gaýdýar. Bu baýramçylyk barada nusgawy şahyrlarymyz hem öz döredijiliginde uly joşgun bilen, guwanç bilen agzap geçýärler. Ylaýta-da Nowruz barada, onuň asmany-zemini jana getirişi hakynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy şeýle çeper we jaýdar belläp geçýär:

- Gelse Nowruz äleme, reý kylar jahan peýda,
Ebzler owaz urup, dag kylar duman peýda.

Ata-baba bellenilip gelinýän Nowruzda ýaşaýşymyzyň ençeme ruhy-medeni kökleri bar. Türkmeniň taryhy bilen gönüden-göni bagly Nowruzda bişirilýän semeni toý saçaklarynyň bezegi bolupdyr. Oňa “Äşe-Patmanyň aşy” hem diýipdirler. Halkymyz Nowruzda semeni bişirip, ony ýedi öýe paýlasaň, rysgal-döwlet getirýär diýip ynanypdyr.

Bugdaý – baş ekin, baş tagam hasaplanypdyr. Bugdaýdan diňe bir semeni däl, her dürli tagamlary taýýarlapdyrlar. Çörek, gowurga, bulamak, şerbet ýaly tagamlar toý saçagynyň bezegi bolupdyr.

Gök maýsadan sykylyp alnan şerbedi garramazlygyň, uzak ýaşamagyň dermany hasaplapdyrlar. Şinelän bugdaýy çörek ýerine iýseň, gözüň görejini ýiteldýär, dişiňi bekeldýär.

Nowruzdan soň tebigatda hakyky janlanyş başlanýar. Türkmen yrymlarynda «Ýylyň gelşi Nowruzyndan bellidir» diýlip, ýöne ýere aýdylmandyr. Ata-babalarymyz hut Nowruz güni tebigaty synlap, tutuş ýylyň nähili boljakdygyny kesgitläpdirler. Ol çaklamalara görä, Ňowruzda ýagyş geçiniň şahyny ezip gitse, onda ýyl j hasylly bolar, Nowruzda howa bulutly bolsa, iýun aýyna çenli bulut köp bolar, Nowruzda gar-ýagyş ýagsa, ýyl hasylly geler. Nowruz sözi «Täze gün» diýmegi aňladýar. Ol pasyl çalşyp, täze başlangyjy aňladýar. Nowruz haýwany- ynsany, öt-çöpleri bogun-bogun söküp täzeden jana getirýär.

Nowruzda howa sowuk bolsa, däneli ekinler hasylly geler diýip çaklapdyrlar. Hatda Burkut babanyň ýoluna depäniň üstünde bir geçini daňyp goýupdyrlar. Göýä, otsuz-suwsuz duran janawaryň sesine çydaman, Burkut baba ýagyn iberýärmiş. Gadymy döwürde Nowruzda ýagyş ýagmasa, adamlar ýörite sanawaçlaryny sanar ekenler, doga-dilegler eder ekenler. Nowruzda ýagyş ýagsa ýyl hasylly, bolçulyk bolar diýip hem yrym edilýär. Nowruzyň özü-de şeýle diýermiş: “Men hiç bolmasa keýigiň şahyny öllärin welin, ýagaryn”. Bu sözler bahar paslynyň tebigaty jana getirmegi üçin ygalyň hökmanlygyny aňladýar.

  • Iň esasy zat hem 21-nji martda gündiz bilen gije deňleşýär.
  • Nowruz hakynda halk arasynda şeýle nakyllar hem döräpdir:
  • Nowruzda doglan çaga bagtly bolar.
  • Nowruz keýigiň şahyny ezse hasyla garaş.
  • Nowruz geçmän, dertli dertden sabamaz.
  • Nowruz gelse, buz durmaz, halady geçen – gyz. 
    Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň – ýaz.

Halkymyzda Nowruz güni dogan-garyndaşlaryňka myhmançylyga barmak sogap hasaplanylýar. Bu baýramda täze geýimler geýmek hem oňatlyga ýorulýar. Dessura eýerilip, otdan bökülýär. Şeýle-de baýramçylyk suprasynyň başynda maşgalanyň ähli agzalary jemlenip oturýar. Datly tagamlardan dadyp, birek-birege ýagşy doga-dilegler, arzuw-islegler aýdylyp, şatlyk-şagalaň bilen baýramçylyk bellenýär.

Nowruz biziň öýlerimize rysgal-döwlet, kalbymyza şatlyk, ruhumyza täze umytlar getirýär. Milli bahar baýramymyzda türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimize işinde üstünlik, döwletli tutumlarynda rowaçlyk arzuw edýäris.

Kerim ATAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň mugallymy.

169c969169252b.jpeg
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary

Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.


169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.