MERDANALYGYŇ MEKDEBI

09-05-26

9-njy maý – bu arzyly sene. Dünýä taryhynda aýratyn orun tutýan şanly sene — 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş baýramy. Ýeňiş baýramy adamzadyň parahatçylyk, dostluk, belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň çuň many-mazmunyny özünde jemleýär, halklaryň agzybirligini hem-de jebisligini alamatlandyrýar. Şoňa görä-de, 2026-njy — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli geçirilýän aýdym-sazly dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriň gerimi giňäp, erkana Watanymyzyň çar künjegini şatlyk-şowhuna besleýär.

Hoşniýetlilik, parahatçylyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, gaýduwsyzlyk, edermenlik türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli aýratynlyklary we häsiýetleridir. Dünýä taryhyna örän pajygaly döwür hökmünde giren 1941 — 1945-nji ýyllarda hem halkymyzyň bu mukaddes ýörelgelerine berk eýeren türkmenistanly gerçekler — merdana watandaşlarymyz doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, aldym-berdimli söweşlerde edermenligiň we gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezdiler hem-de geljekki nesilleriň çuň hormatyna we söýgüsine mynasyp boldular.

Uruş ýyllarynda Türkmenistan frontuň ygtybarly daýanç merkezine öwrüldi. Türkmenistanyň ähli ilaty beýik ynam duýgulary bilen tutanýerli, gaýratly zähmet çekip, bol bugdaý we pagta hasylyny ýygnap, şanly Ýeňşiň gazanylmagyna uly goşant goşdular. Müňýyllyklaryň dowamynda watansöýüji, namys-arly, öýüň ojagyny öçürmän saklaýan asylly maşgalalar hökmünde özlerini dünýä tanadan enelerimiz, gelin-gyzlarymyz Goranmak gaznasyna altyn-kümüş şaý-sepleriniň 7392 kilogramyny meýletinlik bilen tabşyryp, adamkärçiligiň, ynsanperwerligiň beýik nusgasyny görkezdiler.

Wagt nusgalyk söweş hem-de durmuş ýoluny geçen watandaşlarymyzyň gazaply uruş ýyllarynda gören güzaplary, jebir-jepalary, urşuň olara ýetiren uly zyýany hiç wagt unudylmaýar. Batyrlygyň, edermenligiň beýik nusgasyny görkezen gahrymanlar kalbymyzda baky ýaşaýar. Şoňa görä-de, azat-erkana durmuş ugrundaky aldym-berdimli söweşlerde mertligiň, gaýduwsyzlygyň, ýanbermezligiň belent nusgasyny görkezen gahrymanlarymyzy, gije-gündiz zähmet çekip, beýik Ýeňşi gazanmaga ägirt uly goşant goşan watandaşlarymyzy uly hormat bilen ýatlaýarys. Ýeňiş gününi bagtyýar nesillerde adamzadyň iň gowy, iň ajaýyp gaýduwsyzlyk, edermenlik, ynsanperwerlik ýaly gözel häsiýetlerini terbiýeleýän baýram hökmünde aýratyn dabaralar bilen belläp geçýäris.

Parahatçylygy goldaýjy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün ediji döwlete öwrülen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäherindäki «Halk hakydasy» ýadygärlik toplumynda, ähli şäherdir obalarymyzdaky ýadygärliklerde gazaply uruşda deňsiz-taýsyz edermenlik we gahrymançylyk görkezen watandaşlarymyzy hormatlamak dabaralaryny Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda geçirmek arkaly mähriban halkymyzyň ynsanperwerligini, agzybirligini hem-de jebisligini dünýä ýaýýarys

 

Urşuň yzynda galan enelerimiziň, esasan hem durmuş toýuny tutanlaryna bir aý geçmänkä, ýanýoldaşlaryny urşa ugradyp, ömrüni ýalňyzlykda, söwer ýaryna garaşyp, zähmet çekip gününi geçiren perişde ýaly ak saçly enelerimiziň gürrüňlerini diňläniňde olara bolan buýsanjyň, hormatyň artýar. Türkmen eneleri uly mertlik görkezdiler. Ýanýoldaşlaryny  fronta ugradyp, uruş ýyllarynyň kynçylyklaryny görüp, käte erkek adamlary-da aljyradýan ýüki gerdenlerinde çekip ejizlemändirler. Şeýdip olar mähriban ojagyny gorapdyrlar. Olar wepalylygyň beýik nusgasydyrlar. Gazaply urşuň ýeňiş bilen tamamlanjakdygyna bolsa berk ynanypdyrlar. Başgaça bolmagy mümkin hem däldi. Sebäbi Watan diýip, döş gerip söweşe ugran ezizleriniň gara başlaryny aýamajakdyklaryny, ýeňişsiz yzlaryna dolanmajakdyklaryny bilýärdiler. Şol  ynam olara güýç-kuwwat berýärdi. Olar tapdan düşseler-de, ruhdan düşmändiler.

Beýik Watançylyk urşunyň ýeňiş bilen tamamlananyna ençeme ýyllar geçse-de, onuň pidasy ýüreklerden çykmaz. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Watan üçin baş goýan, edermenligiň, gahrymançylygyň we synmaz ruhuň nusgasyny görkezen gahrymanlara uly hormat goýulýar. Munuň şeýledigini milletiň eşretli geljeginiň, hakyky edermen nesliň dowamatynda, halkynyň asuda, abadan durmuşynyň aladasy bilen ýaşaýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen kabul edilen «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunynda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylara pensiýalar aýratyn tapawutlandyrylmagynda görmek bolýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy söýmegi, ynsan mertebesini belent tutmagy, ene-ata sarpa goýmagy ündeýän, ak ýürekli, lebzi halal, zähmetsöýer, belent ahlakly bolmagy wagyz edýän, hakyky watançylary terbiýelemekde görelde bolýan ýaşulularymyz biziň buýsanjymyzdyr.

Biziň bagtly geljegimiz üçin şirin janyny gaýgyrman, söweş meýdanynda wepat bolan gerçeklere, uruş weteranlaryna tagzym edip, başymyzy egýäris. Olaryň hormatyna her ýylyň 9-njy maýy — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňiş güni uly dabaralara, şatlyk-şowhuna beslenip, toýuň hoş owazy belentden ýaňlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watansöýüjiligi terbiýäniň seresi, özeni hasap eden pederlerimiziň aýdyşy ýaly, gahrymanlar baky diridir. Olaryň mukaddes ruhlarynyň öňünde bolsa bu gün her bir türkmen raýaty baş egýär. Goý, halkyny parahat geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! 

Näzik KULIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyn Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Gospital pediatriýasy kafedrasynyň assistenti.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.