Sanly ulgama geçmek — ykdysady ösüşiň möhüm şerti

21-10-25

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» baş ugry hem-de ösen ýurtlaryň derejesine çykmagyň, bilimlere, innowasiýalara daýanýan ykdysady ösüşiň durnukly depginini üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Tehnologik taýdan ösen döwletleriň tejribesinden görnüşi ýaly, hut sanlylaşdyrmak işi olara batly depginler bilen öňe gitmäge hem-de dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşulmaga mümkinçilik berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Hökümetine, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryna ähli derejede halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda tabşyryklary berýär. Türkmenistanyň ösüşiniň geljegi daşarky şertler bilen, ýagny dünýä hojalyk gatnaşyklaryna mundan beýläk-de goşulyşmak, özara bähbitli söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ylmy-tehniki ösüşiň barşynda özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny ýüze çykarmak, adamzat üçin umumy meseleleriň ylalaşylan çözgütlerini işläp taýýarlamak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Döwlet Baştutanymyz orta möhletli geljekde ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna maglumat tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagyny, barha ýokary depginlere eýe bolýan sanlylaşdyrmak işini degişli tehnologiýalar bilen üpjün edýän howpsuz IT infrastrukturanyň döredilmegini strategik taýdan ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezýär.

Häzirki wagtda ählumumy we häzirki zaman meýilleri esasynda emele gelen daşarky täsirleri nazara almak bilen, her bir pudagyň öňünde goýlan wezipelere gaýtadan garamak zerurdyr. Innowasion ösüş ýoluna düşen ýurdumyzda degişli infrastrukturany döretmek, tehniki taýdan üpjün etmek babatda uly işler alnyp barylýar. Şunda şähergurluşyk ulgamynyň ösüşini mysal hökmünde görkezmek bolar. Sanly, maglumat-aragatnaşyk ulgamlaryny we «ýaşyl» tehnologiýalary ulanmagyň giň gerimi milli binagärlik däpleriniň, dizaýnyň häzirki zaman ýörelgeleriniň sazlaşygyny emele getirýän, «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäheriniň gurluşygynda-da öz beýanyny tapýar. Şäheriň ähli babatda, şol sanda ekologik taýdan halkara ölçeglere doly laýyk gelýän düzümleri ilatyň rahat we amatly durmuş şertlerini üpjün edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Köpetdagyň eteginde bina edilen Arkadag şäherinde ornaşdyrylan innowasion tehnologiýalar, sanly çözgütler «akylly» şäher we «akylly» öý ulgamyny döretmäge, bu hyzmatlary uzak aralykdan dolandyrmaga, olaryň kiberhowplara garşy ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. «Aşgabat-siti» taslamasynda hem iň kämil tehnologiýalary, döwrebap çözgütleri ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Elbetde, sanlylaşdyrma işi ulag ulgamyny ösdürmegiň hem möhüm şerti bolup durýar. Ulag pudagynyň kärhanalarynyň hödürleýän hyzmatlarynyň gerimi barha giňeýär. Türkmenistanyň bu ulgamda innowasion sanly tehnologiýalara, dünýä tejribesine esaslanýandygyny bellemek gerek. Bu bolsa halkara üstaşyr ýük daşamalaryň has amatly ugurlaryny ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Tehniki we tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyndaky özgertmeleriň-de esasy ugrudyr. Oba hojalyk önümçiliginde halkara tejribä, döwrüň talaplaryna, milli aýratynlyklara laýyklykda, sanly ulgamyň ulanylmagy kiçi hem-de orta telekeçiligi ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Diýarymyzyň sebitlerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan açylýan täze önümçilik toplumlary sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilip, öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga ýardam berýär.

Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy önüm öndürijilere önümi ýerlemegiň ähli tapgyrlaryna onlaýn görnüşde gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Ol taýýar önümleri ugratmakdan onuň bellenen ýere çenli bolan aralygy, ýola sarp edilen wagt, ýüküň agramy, saklanyş derejesi, ugradylýan ýurduň hem-de alyjynyň ady baradaky maglumatlary berip durýar. Munuň özi bar bolan meseleleri öz wagtynda çözmäge, harytlaryň içerki, häzirki mahabat ýagdaýyny, alyjylaryň isleglerini nazara almak arkaly olary daşarky bazarlara ibermegiň amatly ugurlaryny işläp taýýarlamaga ýardam edýär. Bank hyzmatlary babatda geçirilýän sanly özgertmeler bank bazaryna gatnaşyjylaryň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklaryň düýpli üýtgemegini aňladyp, ilkinji nobatda, hyzmat ediş tizligini artdyrmagy, hyzmatyň dürli ugurlaryny peýdalanmak arkaly müşderileriň wagtyny tygşytlamagy göz öňünde tutýar.

Internetiň ösmegi hem-de smartfonlaryň mümkinçilikleriniň giňelmegi bilen baglylykda, mobil goşundylar möhüm ähmiýete eýe bolýar. Olary ulanyjylar her gün özleriniň hasabyny barlamak, ýerine ýetirilen amallary gözden geçirmek, geçirimleri, hyzmatlaryň töleglerini amala aşyrmak üçin ençeme gezek ulgama girýärler. Hyzmatlaryň sanlylaşdyrylmagy az wagtyň içinde uly göwrümli maglumatlary işläp bilýän kuwwatly, ygtybarly we çeýe tehnologik ulgamyň döredilmegidir, hyzmatlaryň tutuş toplumyny hödürlemekdir. Bu bolsa Türkmenistanyň maliýe-bank edaralaryny tehnologik taýdan özgertmegiň wajyp ugrudyr.

Öňdebaryjy tehnologiýalar hyzmatlar ulgamyny hem düýpli özgerdýär. Mälim bolşy ýaly, häkimlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň önümçilik işini awtomatlaşdyrmak, bellige we hasaba almak işini ýeňilleşdirmek maksady bilen hem-de raýatlara amatly bolar ýaly, Türkmenistanyň döwlet hyzmatlarynyň e.gov.tm bitewi portaly döredildi. Bu portal raýatlardyr telekeçilere elektron görnüşde döwlet hyzmatlaryny hödürlemek üçin awtomatlaşdyrylan «Bir penjire» maglumat ulgamy görnüşindedir. Maglumat we telekommunikasiýalar ulgamynda ýerine ýetirilýän işleriň hukuk taýdan kadalaşdyrylyşynyň kämilleşdirilmegi dowam etdirilýär. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak hem-de «Elektron hökümet» ulgamyny doly derejede herekete girizmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara diýlip kesgitlenildi. Ministrlige ýüklenen wezipeleriň çäklerinde ýerli we öýjükli telefon aragatnaşygy, internet, poçta hyzmatlary, sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlyk, emeli hemra aragatnaşygy, milli teleradioýaýlymlar, hünärmenleri taýýarlamak ugurlary boýunça işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz sanly we mobil hyzmatlaryň ählumumy elýeterliligini üpjün etmegi esasy meseleleriň biri hökmünde kesgitledi. Pudagyň hünärmenleri öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan giň gerimli aragatnaşyk ulgamyny döretmäge, aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, görnüşlerini artdyrmaga, şol sanda ýurdumyzyň iň çetki künjekleriniň ilaty üçin hem internete elýeterliligi üpjün etmäge gönükdirilen iri taslamalary durmuşa geçirýärler. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» täzeçil usulda dowam etdirilip, welaýatlary we şäherleri sanlylaşdyrmagyň, olary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm şertine öwrülýär.

Sanly aragatnaşyk ýaýlymlary, emeli aň, robotlaşdyrmak — häzirki wagtda bularyň ählisi biziň gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şol bir wagtyň özünde, sanly tehnologiýalar ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagyny talap edýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Onuň durmuşa geçirilmegi maglumat gurşawynyň döredilmegini, jemgyýetiň aň-bilim mümkinçilikleriniň artdyrylmagyny, halkara ülňüleriň derejesinde ugurdaş usullaryň kämilleşdirilmegini üpjün etmekden ugur alýar. Şu maksat bilen, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan giň gerimli özgertmeler häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýeti innowasiýalaşdyrmagy çaltlandyrmak, işewürlik hem-de maýa goýum işjeňligini artdyrmak, ylmy gözlegleri köp talap edýän pudaklarda iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak, öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny jemgyýetiň ähli ugurlaryna ornaşdyrmak boýunça alyp barýan döwlet syýasaty halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzda sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Bibimerýem ALLANAZAROWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň talyby.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.