hemişelik BITARAPLYK — ÖSÜŞLERIŇ YGTYBARLY BINÝADY

20-06-20

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklaryň gerimi barha giňeldilýär. Ýurdumyz BMG-niň birnäçe konwensiýalaryna goşulyşyp, öz üstüne alan borçnamalaryna yzygiderli eýermek bilen, Ýer ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işlere işjeň gatnaşýar. Milli Liderimiziň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak boýunça öňe sürýän netijeli başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýar.

Bilşimiz ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assam-bleýasynyň 50-nji mejlisinde agza döwletleriň 185-niň goldamagy bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Rezolýusiýa, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bolup geçen 69-njy mejlisde 193 döwletiň goldamagynda bu Rezolýusiýa täzeden kabul edildi. BMG-niň Baş Assam-bleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi bolsa taryhy waka öwrüldi. Hemişelik Bitaraplyk baýramymyzyň halkara derejesine eýe bolmagy hormatly Prezidentimiziň alyp barýa parahatsöýüjilikli syýasatynyň tutuş dünýäde dabaralanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Ýurdumyzyň Hemişelik Bitaraplyk halkara-hukuk ýagdaýyna eýe bolan taryhy senesine 12-nji dekabrda 25 ýyl dolýar. Taryh üçin gysga bolan bu döwürde dünýä ähmiýetli işleriň ençemesi amala aşyrylyp, Türkmenistan döwletimiziň Halkara giňişligindäki abraýy has-da berkidildi.

Halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmeklik eziz Diýarymyzyň daşary syýasatynyň esasy özenini düzýär. Şunda, esasan hem Birleşen Milletler Guramasy bilen gatnaşyklaryň ýygjamlaşýandygyny nygtap bileris. Bu babatda BMG-niň Çagalar gaznasy, Bilim, ylym we medeniýet işleri baradaky, beýleki guramalary bilen hyzmatdaşlygyň has-da artýandygy guwandyryjydyr.

Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän “Açyk gapylar” syýasatynyň netijesinde, bu günki gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz dünýäde parahatçylyk söýüji, ähli ýerde parahatçylygyň rowaçlanmagyna goşant goşýan döwlet hökmünde giňden tanalýar.

Ýurduň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin giň mümkinçiliklere ýol açan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy — halkymyzyň milli guwanjydyr we mertebesidir. Sebitde we dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmegiň umumadamzat ähmiýetini ýaýbaňlandyrmakda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Aýbibi KUTLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.


aragatnaşyk ulgamy ösüşiniň täze tapgyryna gadam basýar

Günsaýyn özgerýän döwletimiziň aragatnaşyk ulgamynyň tehniki binýadyny halkara ülňülerine laýyk getirmek, innowasion tehnologiýalary üstünlikli ornaşdyrmak meselesi hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän esasy strategik ugurlarynyň biri bolmak bilen, bu babatda giň gerimli taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär.


Halkyň ruhy baýlygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan merdana halkymyzyň her bir güni, sözüň doly manysynda, toýlara ulaşýar. Şu şatlykly günlerde 22 — 27-nji iýuny aralygynda Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligi uly dabara bilen şatlyk-şowhuna beslenip toýlanar.


SAGDYN DURMUŞY ÜPJÜN ETMEK UGRUNDA

Golaýda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-niň mejlisler zalynda «Neşe serişdesine, seri dumanladyjy maddalaryna garşy jenaýatçylykly hereketleriň öňüni almak we ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek» maksady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.


«Altyn köl» dynç alyş zolagy myhmanlaryny kabul edýär

Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyzyň Aşgabadyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän kölüň ekologiýa taýdan arassa kenarynda dynç alyş toplumyny döretmek baradaky başlangyjy bu gün durmuşa geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda «Altyn köl» dynç alyş zolagynyň açylyş dabarasy boldy.


hemişelik BITARAPLYK — ÖSÜŞLERIŇ YGTYBARLY BINÝADY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklaryň gerimi barha giňeldilýär. Ýurdumyz BMG-niň birnäçe konwensiýalaryna goşulyşyp, Ýer ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işlere işjeň gatnaşýar.

2.jpg
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

– Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýaşaýan ynsanlaryň ählisi her bir ädimde özi hakynda Döwletimiziň, hökümetimiziň, Prezidentiniň özüniň yzygiderli alada edýändigini duýup ýaşamalydyr.