BÖTENDAG BELENTLIGI
26-03-22
Güneşli Diýarymyzyň uly kölleriniň biri bolan Sarygamyş kölüne barýan ýoluň çep tarapynda Gurbankem, Gyşgum, Goşahowuz ýaly çarwa obalary garagörnümden görünýän bolsa, sag tarapynda tokaý zolagynyň 20 müň gektarlyk uzap gidýän meýdan Bötendag belentligidir. Ir döwürler derýanyň boz bulançak suwundan ganyk bu toprak bag-bossanly mekan bolupdyr. Soňra derýanyň öz akym ugruny üýtgetmegi bilen, bu ýerler gugaryp ýatan çölüstana öwrülipdir. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda Atgyrlan ýaýlasy doly özleşdirilip, medeni zolaga öwrüldi. Bu ýerde birnäçe obalar döräp, bugdaýyň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasyly öndürilýär.
Atgyrlan ýaýlasyndan günbatarda, Amyderýanyň geçmişde Sarygamşyň üsti bilen Hazara guýýan döwründäki iki golunyň — Tüniderýanyň hem-de Derýalygyň aralygyny öz içine alýan Bötendag belentligine Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrinde täzeden jan girdi. Birnäçe wagtlardan bäri çöllük bolup ýatan Bötendag belentliginde tozanly howanyň öňüni almak maksady bilen, 20 müň gektar meýdanda çöl ösümlikleriniň tokaýyny döretmäge girişilmegi buýsandyryjy wakadyr. Şondan kän wagt geçmedik hem bolsa indi, bu ýerde bolup geçýän özgerişleri, döredilýän gözellikleri görmäge göz gerek. Bu künjekde salmalaryň, çilleriň çekilip, ýerleriň pellere, atyzlara bölünmegi we suwuň barmagy netijesinde sazakdyr, selin, gandymdyr, çerkez ýaly birnäçe pürli we saýaly çöl ösümlikleri belentligiň gözelligini has-da artdyryp ajaýyp tokaý zolagyny emele getirýär.
Maglumatlara görä, Derýalygyň hanasyna soňky gezek 1878-nji ýylda derýadan suw gelipdir. Şonda Ýegengylyç atly barly-barjamly bir adam derýanyň suwuny ekinzarlyga ulanmak üçin häzirki Bent obasynyň deňinden bent gurdurypdyr. Ol uzaklardan agaryp görnensoň, Akbent adyny alypdyr. Onuň galyndylary häzire çenli saklanyp galypdyr. Tas bir ýarym asyra golaý Bötendag düzlügi akar suwuň garasyny görmän, çölüstana öwrülip, tebsiräp ýatdy. Bu ýeriň çarwa ilaty bolsa töwerekde bar bolan Goşatereň, Söýünýatan, Garataýyň kaky, Goşahowuz ýaly kaklaryň suwy bilen oňňut etdiler.
Indi Atgyrlan ýaýlasynyň içinden geçýän Ak altyn ýap akabasynyň suwunyň Köllük zeý suw akabasynyň üstünden geçirilmegi bilen, Bötendag belentligi süýji suwdan teşneligini gandyrýar. Suwuň gelen ýerlerinde her dürli otjumak ösümlikler ösüp, zolagyň biodürlüligini artdyrýar. Suwarylan pellerde sazak tohumy ekilip, onuň nahallary ýetişdirilýär.
Öňler şyrlaň takyrlardan, gurak düzlükden ybarat bolup, sygyryp seredip oturmaly diýilýän Bötendag sährasy häzirki döwürde gelim-gidimli mekana öwrülýär. Düzlükde öz işlerine gümra bolup ýören tokaý hojalygynyň işgärlerini hasaba almanyňda hem, bu ýerde düşläp geçýän dürli maksatly ýolagçylar, syýahatçylar az däl.
Sanlyja ýyl mundan öň hem Bötendag belentliginiň üstünden öwüsýän ýeller girdabyna çöp-çalamlary, çägeli tozanlary alyp, asmana göterilýän tüweleýleri bilen, daş-töwerekdäki obalaryň üstüne gum sowran bolsa, häzir onuň hoştap howasy bu ýerde döredilýän tokaý sebäpli, sebitiň ekologik taýdan arassa mesgene öwrüldi.
Eziz Diýarymyzyň ähli künjekleriniň tebigatyna mahsus ajaýyp gözelligi bar. Ony gorap saklamak, ýerlikli peýdalanmak, geljekki nesillere ýetirmek bolsa, biziň paýymyza düşýär. Türkmen topragynyň gözelligi bolan ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak her bir türkmenistanlynyň mukaddes borjudyr.
Amanýaz AMANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromelioratiw ulgamlarynyň ulanyşy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.