BAGTYÝARLYGA BESLENÝÄN EZIZ WATAN
27-11-23

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halky bagtyýar durmuşda ýaşaýar, ýurdumyz uly ösüşlere beslenýär. Dürli pudaklarda, ulgamlarda gazanylýan üstünlikler beýik ösüşleriň şuglasydyr, röwşen geljegimiziň rowaçlygydyr. Ýurdumyzyň beýik ösüşleri biziň her birimizi guwandyrýar, buýsandyrýar. Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda gazanylýan şeýle ösüşler ýurdumyzy dünýä meşhur edýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan beýik binalar, täze desgalar, ýaşaýyş jaýlary ykdysady ösüşimiziň örän ýokarydygynyň görkezijisidir. Şeýle ösüşler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda halkyň bagtyýar durmuşyny, abadançylygyny üpjün etmek baş wezipeleriň biridir. Şu nukdaýnazardan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuş maksatly beýik işler amala aşyrylýar. Arkadagly Serdarymyzyň beýik işleri bilen gazanylýan ösüşler halkymyzyň kalbynda uly buýsanç döredýär. Ýurdumyzda yglan edilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly bolsa beýik ösüşlere, belent üstünliklere beslenip gelýär.
Hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli künjekleri ösýär we özgerýär. Ykdysady taýdan kuwwatly döwletde şäherleriň we obalaryň ösmegi, özgermegi bolsa, adam hakyndaky aladadan nyşandyr. Adamlaryň ýaşaýşy, döredijilikli zähmeti, bagtyýar geljegi döwletimiziň alyp barýan işleriniň baş ugry bolup durýar. Şu nurana ýylymyzyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda diýlip atlandyrylmagy bilen ýurdumyzyň, halkymyzyň durmuşy şanly wakalara beslenýär. Maksatnamalaýyn alnyp barylýan işler ykdysady ösüşimizi hasda berkidýär, geljekki ösüşleri üpjün edýär. Şunda öňde durýan wezipeleriň amal edilmegi netijesinde oýlanyşykly alnyp barylýan her bir işiň ýurdumyzyň ösüşlerine, halkyň abadançylygyna gönükdirilendigini aýratyn belläsimiz gelýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bagtly, abadan durmuşyň döwrüdir. Biz muny her bir ädimde, her bir işde, durmuşymyzyň her bir pursadynda duýýarys. Ýaşlaryň ylym-bilim almaklary üçin döredilýän mümkinçilikler, olaryň sagdyn durmuşda kemala gelmekleri, sport bilen meşgullanmaklary hakyky bagtyýarlygyň nusgasydyr, belent derejesidir. Şeýle mysallary durmuşymyzdan näçe diýseň getirip bolýar.
Eziz Diýarymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Biz muňa hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzy berk binýatly, kuwwatly döwlete öwürmek, merdana halkymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak ugrunda alyp barýan syýasatyny Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň dowamynda durmuşa geçirilen beýik işlerden hem göz ýetirýäris.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde bagtyýarlygyň mekanyna öwrülen Türkmenistan ýurdumyzda ýaşamak, ýaş nesillere guwanmak, beýik işlere buýsanmak egsilmez bagtdyr. Bu bagtyýarlygy peşgeş eden Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Ibragim EKEÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Awtomobiller we awtomobil hojalygy hünäriniň talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.