“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildi halkymyza sowgat berildi

21-11-24

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 9-njy oktýabrynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň XVI jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Täze neşir ýurdumyzda giňden bellenilýän hünär baýramynyň — Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda çap edildi.

Kitap lukmançylyk ulgamynyň işgärleri, dermanlyk çig mallaryny taýýarlaýanlar we ýygnaýjylar bilen birlikde giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir. Hormatly Prezidentimiziň gymmatly gollanmalarynyň dowamy bolan ylmy-ensiklopedik neşiriniň täze jildinde dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamasy barada giňişleýin berlen maglumatlary almak bolýar. Kitapda her bir dermanlyk ösümligiň surety berilýär. Bu bolsa şol dermanlyk ösümligi tanamaga, ýygylanda görmäge, deňeşdirmäge kömek edýär. Şeýle-de kitapda her bir dermanlyk ösümligiň häsiýeti, ýaşaýyş aýratynlygy, ýaýrawy, tebigy gory, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, peýdalanylyşy, ulanylyşy we ondan derman taýýarlanylyşy baradaky maglumatlar giňişleýin berilýär.

Okyjy dermanlyk ösümlikleriň atlarynyň türkmençe, latynça, rusça sözlügi, dermanlyk çig mallaryny ýygnamaklygyň senenamasy bilen tanşyp biler. Senenamada ösümlikleriň ady, olaryň köküni, ýapragyny, otuny, gülüni ýada miwesini, şahasyny, gabygyny haýsy aýda ýygnamalydygy görkezilipdir. Saklanyş möhletiniň giňden düşnükli edip beýan edilmegi bolsa, ylmy eseriň täsirliligini artdyrýar.

Diýarymyzyň ösümlik dünýäsiniň hakyky ensiklopediýasyna öwrülen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitaby soňky ýyllaryň dowamynda diňe bir ýurdumyzyň lukmanlary we derman senagatynyň işgärleri üçin däl, eýsem, dünýäniň köp halklarynyň diline terjime edilmegi arkaly köp sanly daşary ýurtly hünärmenler üçin ähmiýetli gollanma öwrüldi.

Milli Liderimiziň 2009-njy ýylda başyny başlan düýpli ylmy işiniň dowamy bolan ylmy-ensiklopedik kitabyň täze jildiniň üsti bilen okyjylar etraplaşdyrylan we ýabany ösümlikler bilen ylmy nukdaýnazardan tanşyp bilýär.  Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler hem-de milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň köp dillerine terjime edilip, daşary ýurt okyjylarynyň millionlarçasyna elýeterli boldy. Ol ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça iş alyp barýan hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz milli lukmançylygy ösdürmegiň pederlerimiziň paýhasyny we tejribesini, dünýä lukmançylygynyň häzirki zaman meýillerini özünde jemleýän nusgasyny döretdi.

Ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň, miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri giňişleýin beýan edilýän bu düýpli ylmy iş okyjylara adamzadyň gazanan üstünlikleriniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk ylmyna uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesi hem-de däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Baý mazmunly ensiklopediýa daşary ýurtly okyjylary ýurdumyzyň tebigaty bilen ýakyndan tanyşdyrmaga hem mümkinçilik döreder. Kitap ylmy ýörelgeleri ugur edinmek bilen, dermanlyk ösümlikleriniň atlaryndan ybarat sözlügi, dermanlyk içgileri taýýarlamagyň, olary ýygnamagyň usullary baradaky maglumatlary özünde jemleýär.

Milli Liderimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň täze jildinde “tebigy dermanhana” yzygiderli ýüzlenýän Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň, türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribeleri beýan edilýär. Şeýle hem eser ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň, şol sanda ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna goşant goşar.

Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Jahan LAMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň patologik anatomiýa kafedrasynyň mugallymy l.y.k. 

167650d0fe63d3.jpeg
“Demirýollary” AGPJ demirbeton şpallary we pürsleri öndürýän zawody gurmak boýunça halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda demir ýoluň geçirijileri üçin demirbeton demirýol şpallary we pürsleri öndürýän zawodynyň taslamasyny düzmek, şol sanda daş töweregini abatlamak we ony dolulygyna gurmak boýunça №DÝ/AGPJ-046 belgili açyk görnüşli halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär


16765092ae194d.jpeg
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň bäsleşik yglan edýär

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Jemagat hojalyk kärhanasy Aşgabat şäheriniň “Altyn kölüniň” töwereginde ýerleşýän bag nahallara ideg etmek boýunça bäsleşik yglan edýär


1676507eb72d7e.png
Türkmenistan bilen Malaýziýa hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin bilelikdäki topary dörederler

Türkmenistan bilen Malaýziýa hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin bilelikdäki topary döretmek bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmagy maksat edinýärler. Bu barada Malaýziýanyň Premýer-ministri Datuk Seri Anwar Ibragim iki günlük resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen bolan metbugat-maslahatynda mälim etdi. 


167650d9abfdef.jpeg
Türkmenistanyň we Rumyniýanyň tehnologiýa ugry boýunça ýokary okuw mekdepleri Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti we Buharestiň Milli politehniki ylymlar we tehnologiýalar uniwersiteti Özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekdiler.


167650f52caf99.jpeg
Eýranyň Gürgen şäherinde Türkmenistanyň harytlaryň sergisi geçirmek meýilleşdirilýär

2024-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Edaranyň başlygy M.Gurdow bilen Bilelikdäki Eyran-Türkmen Söwda-senagat edarasynyň başlygy Remezan Bahraminiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.