Magtymguly diýip adym tutsalar...

16-06-25

«Ber­ka­rar döw­let is­lä­rin» diýen akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gynyň ýa­şan döw­rün­de eden ar­zuw­la­ry bu gün­ki gün ha­ky­ka­ta öw­rül­di. Ýurt binamyzyň binýady gaýym guruldy. Bu günki gün agzybir türkmen halkymyz hormatly Prezidentimiziň eýe eden Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň egsilmez eşretlerini görüp, agzybirlikde, asudalykda ýaşaýar. Bu barada şahyryň döredijiligine çuňňur sarpa goýup, ony dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň milli Lideri: «Magtymguly Pyragynyň arzuwlan türkmen döwleti özüniň häzirki bagtyýarlyk döwründe ösüşleriň ak ýolunda özüniň bedew bady bilen ynamly öňe barýar» diýip, buýsanç bilen belläp geçýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Gündogaryň akyldar şahyry, türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlaryna, edebi mirasyna uly sarpa goýulýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda geçen ýyl “Pähim-paýhas ummany - Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edildi, şeýle hem akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy giň gerim bilen bellenip, uly toý tutuldy. Çünki, bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda - berkarar döwletde ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiliginiň, edebi mirasynyň sarpasyny belentden tutýar.

Magtymguly atamyzyň bugdaý ýaly sünnäli setirleri ýaly jümleleri deňsiz-taýsyz hazynadyr, edebi mirasdyr. Şahyr özüniň gyzyldan gymmatly eserlerinde türkmen halkynyň syýasy-ykdysady durmuşyny, umyt-arzuwlaryny, ähli asylly sypatlaryny şahyrana keşpler arkaly ussatlyk bilen suratlandyrýar. Beýik söz ussadynyň ajaýyp hikmetleri — parasatly sözleri diňe türkmene däl, adamzada hyzmat etmegiň nusgalyk mekdebi, ýolgörkeziji şamçyragy bolup durýar. Ýeri gelende, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynda hem Magtymgulynyň pentlerine, ata-babalarymyzyň mizemez, ajaýyp ýol-ýörelgelerine eýerilýändigini-de ýatlap geçesimiz gelýär. Watançylyga, ynsanperwerlige ýugrulan bu çuň mazmunly eser özündäki täsin pursatlary we akyl çeşmesinden akyl almagy, danalara uýmagy başarýan gahrymanlary bilen ýaşlar üçin uly ýörelge, mekdep bolup hyzmat edýär.

Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen şu ajaýyp bagtyýarlyk zamanamyzda akyldar şahyrymyzyň döredijiligine uly sarpa goýlup, ony dünýä ýaýmakda ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň göwün guşuny ganatlandyryp, buýsandyrýan asylly, döwletli işler amala aşyrylýar. Şu ýerde käbir mysallara ýüzlenip geçsek ýerlikli bolsa gerek. Hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen baglanyşykly dabaralar, uly möçberli çäreler tutuş ýurdumyzy gurşap aldy. Olara gatnaşmak bagty miýesser eden raýatlarymyzda we daşary ýurtlardan gelen myhmanlarda şol dabaralar hem-de çäreler ýatdan çykmajak pursatlara öwrüldi. «Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary» atly ylmy maslahata 50-den gowrak döwletden alymlardan, edebiýatçylardan we magtymgulyşynaslardan ybarat düzümde myhmanlaryň uly topary gatnaşdy.

Her ýyl indi ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlap welaýatlarymyzda Medeniýet hepdeligini geçirmek hem asylly, döwrebap däpleriň birine öwrüldi. Medeniýetimiziň we sungatymyzyň Hak hossary bolan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary bilen indi ençeme ýyldan bäri yzygiderli geçirilip gelinýän bu hepdeligiň milli medeniýetimizi ösdürmekde, milli mirasymyzy dünýä ýaýmakda, döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmakda, şeýle-de zähmetsöýer, agzybir halkymyza medeni taýdan ýokary hilli we döwrebap hyzmat etmekde ähmiýeti diýseň uludyr. 

Şöhrat HUDAÝBERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Mikrobiologiýa kafedrasynyň mugallym owrenijisi.

«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.


BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň  hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.


SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR

Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.


BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar. 


BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly  Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.