BILIMLI ÝAŞLAR – WATANYŇ GELJEGI
04-01-26
Günsaýyn gülläp ösýän Watanymyzda bagtyýar halkymyz mukaddes Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň miwelerine guwanyp, eşretli durmuşda ýaşaýar. Ýurdumyz bedew batly ösüşlere beslenýär. Ähli ösüşler, özgerişler ylym-bilimden gözbaş alýar. Ylym-bilim — bahasyny kesgitläp bolmaýan gymmatlyk. Ýurdumyzda ylym-bilimi hemmetaraplaýyn ösdürmek, onuň gazananlaryny netijeli ulanmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Häzirki döwürde ylmy işleri amala aşyrmak, olaryň netijelerini durmuşa ornaşdyrmak üçin ähli şertler döredilýär, saglygy goraýyş ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça kabul edilýän çözgütler ýurdumyzyň innowasion ösüşinde ylmyň kuwwatyny we ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da giňeldilýär. Hususan-da, ylym-bilime höwesi artdyrmak ýaşlar baradaky syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şonuň üçinem okuwa kabul edilýän talyplaryň sany ýylba-ýyldan artýar, ýokary okuw mekdeplerinde täze-täze hünär ugurlary açylýar. Talyp ýaşlarymyz ylmy-döredijilik işine giňden çekilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň Ylymlar akademiýasy, ylmy-barlag institutlary bilen sazlaşykly işi ýola goýlup, ýaş alymlaryň kemala gelmegini, olaryň ylmy-barlag işlerine döredijilikli çemeleşmegini gazanmak boýunça uly işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň özleri hakyndaky ýadawsyz aladasyny ýaşlar her ädimde duýýarlar. Ýaş raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini gowulandyrmaga, olaryň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşini gazanmaga, ata-babalarymyzyň watansöýüjilik, adamkärçilik, agzybirlik, zähmetsöýerlik ýaly nusgalyk ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmekleri üçin şert döretmäge gönükdirilen işler ýaşlarymyzyň kalbyny buýsanja besleýär. Şonuň üçinem olar Watana wepalylygyň ajaýyp nusgasyny görkezip, döwletimiziň abraý-mertebesini mundan beýläk-de belende götermekde, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmekde perzentlik yhlasyny gaýgyrmaýarlar.
Hawa, bu gün ýaşlaryň öňünde täze wezipeler durýar. Yhlasly okap, ylym-bilimleri başarnykly ele almak, döredijilik we sport bilen meşgullanyp, ruhy taýdan baý, beden taýdan sagdyn bolup ýetişmek, zähmeti söýmek, özüňde raýat jogapkärçiligini terbiýeläp, şahsy-jemgyýetçilik başlangyçlar bilen çykyş edip durmak, jemgyýetçilik birleşiklerine işjeň gatnaşmak, halallygy we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylygy baş ýörelgäňe öwürmek şol wezipeleriň esasyny düzýär.
Gahryman Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda sanly ulgama geçmek boýunça uly işler alnyp barylýar, sanly ylym-bilim, sanly ykdysadyýet ýaly dünýä derejesinde gazanylan ugurlar boýunça bu ulgama goşulmak babatyndaky işler üstünlikli dowam etdirilýär.
Berkarar döwletimiziň ýokary okuw mekdeplerinde talyp ýaşlar döwrebap bilim almak bilen birlikde, sanly bilim ulgamyna geçilmegi netijesinde başarnykly hünärmenler bolup ýetişýär. Sanly tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmak bilen bir hatarda, ulgamda zähmet çekjek hünärmenleri taýýarlamak hem-de ýurdumyzyň halk hojalygy pudagyny ösdürmek ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy, «Türkmenistanda 2026—2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem-de sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara toparyň düzümi we Düzgünnamasy tassyklanyldy. Bu bolsa dünýä ölçeglerine laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň subutnamasy boldy.
Häzirki şertlerde islendik ýurduň kuwwaty, ozaly bilen, ylym we bilim ulgamlarynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy hakynda gürrüň edilende, uniwersitetimizde we beýleki ugurdaş ýokary okuw mekdepleri bilen bilelikdäki okuw maslahatlary, sergiler, ylmy işgärleriň duşuşyklary, okuwlar geçirilýär.
Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzy üstünliklere besläp, bedew bady bilen röwşen geljege alyp barýan, mähriban halkymyzy berkarar döwlete, bagtyýar döwrana ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Sonagül DÖWLETOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Endokrinologiýa kafedrasynyň assistenti.
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.