WELOSIPED SPORTY – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ KEPILI

07-04-25

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk köpçüliginiň ünsüni sagdyn durmuş ýörelgesine giňden gönükdirilip, köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň guralmagy asylly däbe öwrüldi. Soňky ýyllarda ata Watanymyz Türkmenistan milli we halkara sportunyň, hususan-da, welosiped sportuň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşýan ýurda öwrüldi. Ähli ýaşdaky adamlar üçin elýeterli bolan ulagyň bu görnüşi saglyk üçin örän uly ähmiýete eýeligi,  beden taýdan taplanmaga ýardam berýänligi, ekologik howpsuzlygyny üpjün etmäge uly goşant goşýanlygy bilen watandaşlarymyzyň ünsüni özüne çekýär. Şu nukdaýnazardan watandaşlarymyzyň durmuşynda aýratyn orun eýelän welosport täze badalga alan döwrümiziň baş nyşanyna öwrülmeginiň-de ýöne ýere däldigine aýdyň göz ýetirýäris.

7-nji aprelde Bütindünýä saglyk gününi halkara derejesinde giňden belläp geçmeklik hem döwrebap däpleriň birine öwrüldi. Bütindünýä saglyk gününiň baýram edilýän günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sport, ekologiýa abadançylygyna gönükdirilen çäreler geçirilýär.

Uly üstünliklere, ösüşlere we şanly wakalara beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilýär. Tutuş ýurdumyzy gurşap alýan uly, ählihalk sport baýramçylyklaryna bagtyýar raýatlarymyz işjeň gatnaşýarlar. Sport bilen meşgullanyp, ruhubelentligini galdyrýarlar.

Munuň şeýledigini Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilendiginiň aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Bu Kararnamanyň döredijileri bolup 62 sany döwlet çykyş etdi. Mundan başga-da, Baş Assambleýanyň ýokarda agzalan mejlisinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň (UNCITRAL) agzalygyna 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanyldy.

Mälim bolşy ýaly, welosiped dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa, elýeterli we ygtybarly ulag görnüşi hökmünde giňden ulanylýar. Beýleki ulag serişdelerine garanyňda, ony dolandyrmak hem aňsat. Welosiped sporty bolsa sportuň ekologik taýdan arassa we gyzykly görnüşi bolmak bilen, ilatymyzyň beden saglygyny berkitmekde möhüm orny eýeleýär.

Berkarar döwletimizde her ýyl yzygiderli görnüşde dürli ýaşdaky watandaşlarymyzyň müňlerçesini jemleýän köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň guralmagy, awtoulagsyz günüň yglan edilmegi türkmen jemgyýetinde indi asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp, welosipediň ähmiýetini görkezmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny we ekologiýa abadançylygyny wagyz etmek baradaky çäreleri öz içine alýan, welosiped sürmek boýunça köp sanly ildeşlerimiziň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi. 2019-njy ýylda bolsa Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde 2019 welosipedçiniň gatnaşmagynda «Iň dowamly bir nyzamly welosipedli ýöriş» geçirildi.

Umumadamzadyň ýagty we nurana geljeginiň hatyrasyna watansöýüjiligiň ynsanperwerligiň, dostanalygyň belent nusgasyny görkezip, ajaýyp başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! 

Bazar HALMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik anatomiýa kafedrasynyň kafedra müdüri, l.y.k.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.