HAÝRAN GALDYRÝAN ULAGLAR

31-10-24

  • Bir at güýji diýip 75 kilogramlyk ýüki 1 sekuntda 1 metr hereket etdirip bilýän güýje aýdylýar.
  • Geçirilen barlaglara görä, köpçülikleýin ulaglardan peýdalanýan adamlar şahsy ulaglaryndan peýdalanýanlara garanyňda, ortaça, 2,25 kilogram hor bolýan eken.
  • 1900-nji ýylda awtoulaglaryň 38 göterimi elektrik energiýasy, 40 göterimi bug, 22 göterimi bolsa benzin bilen işleýän eken.
  • Nemes inženerleri düşünje bilen hereket edýän «Brain Driver» atly ulagy oýlap tapypdyrlar. Ol beýniden gelýän elektrik signallaryny kabul edýän 16 sany sensordan ybarat bolan kellä geýilýän enjam arkaly dolandyrylýar.
  • Zeminiň ilkinji awtoulagyny 1668-nji ýylda ýewropaly Ferdinand Werbist oýlap tapypdyr. Onuň ulagy 2 metr uzynlykda bolup, bug bilen işleýän eken.
  • «Toyota» dünýäniň iň köp awtoulag öndürýän kärhanasydyr. Onda her gün, takmynan, 13 müňden gowrak awtoulag öndürilýär. Munuň tersine «Ferrari» kärhanasynda bir günüň dowamynda aňry gitse 14 awtoulag ýasalýar.
  • «Rolls-Royce» haryt nyşany bilen öndürilen awtoulaglaryň 75 göterimini heniz-henizlerem ýollarda görmek bolýar.
  • Awtoulagy bellenen tizlikden ýokary dolandyrýandygy üçin ýazylan iň köp jerime töleginiň möçberi 1 million amerikan dollaryna barabardyr. Bu jerime ulagyny sagatda 288 km tizlik bilen dolandyran şweýsariýaly sürüjä degişlidir. Ýeri gelende bellesek, bu ýurtda jerimeler gazanylan girdeji bilen baglanyşykly bolup durýar.
  • Zemindäki iň gymmat awtoulag bahasy 4,8 million amerikan dollaryna barabar bolan «Koenigsegg CCXR Trevita» ulagydyr. Almaz bilen gaplanan bu ulagdan dünýäde bary-ýogy 3 sanysy bar.
  • Häzirki wagta çenli dünýäde iň köp satylan ulag «Toyota Corolladyr». Ol 2009-njy ýyldan bäri 30 milliondan hem köp satylypdyr. Munuň özi dünýäde her 40 sekuntda bir «Toyota Corollanyň» satylýandygyny aňladýar.
  • Ýer ýüzünde köçede hereket edýän iň pes ulag bary-ýogy 48,26 santimetr beýiklikdäki «Flatmobile» ulagydyr.
  • Iň agyr limuzin 22 müň 679 kilogramdyr. 3 salony we 1 bary bolan bu limuzin 40 ýolagçyny özüne ýerleşdirip bilýär.
  • Bir awtoulag, takmynan, 30 müň bölekden ybarat bolup, olaryň 80 göterimi gaýtadan ulanmak mümkin bolan önümlerden durýar.
  • Häzirki wagtda dünýäde 1 milliarddan hem köp awtoulag bar. Olaryň 300 milliondan gowragy ABŞ-da hereket edýär.

Azat Merdanow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.