Ylymly ýaşlar ýurdumyzyň aýdyň geljegidir

10-05-24

Berkarar Watanymyzda Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan adyl syýasaty netijesinde ýurdumyzda ýaş nesil baradaky döwlet derejesinde edilýän aladalar bu gün özüniň ajaýyp miwelerini berýär. Häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Watanymyza wepaly, ylymly-bilimli, milli ýörelgelerimize ygrarly, watansöýüji, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge yhlasly ruhubelent ýaşlar kemala gelýär.

Arkadag Prezidentimiziň alyp barýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty biz ýaşlary maksada okgunlylygy, zähmetsöýerligi, parahatçylyk ündemegi, ýokary ahlaklylygy özümize görelde edinmegimize gönükdirilendir. Döwletimizde ilatyň ep-esli bölegini düzýän ýaş nesiller ykdysadyýetimiziň kuwwatyny berkitmäge, diýarymyzy mundan beýläk hem ösdürmek bilen bagly giň gerimli işlerde mynasyp goşant goşýarlar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işlerde ýaşlara aýratyn bil baglanylýar. Ähli ugurlarda zähmet çekýän we ylym-bilim alýan ýaşlara öz zehinlerini, başarnyklaryny açyp görkezmäge, tejribelerini baýlaşdyrmaga, hünär derejesini kämilleşdirmäge bolan hemmetaraplaýyn islegleri kanagatlandyrylýar.

Ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini we tebigata aýawly garaýşyny kämilleşdirmek, köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaklary üçin toplumlaýyn çäreler durmuşa ornaşdyrylýar. Bular bilen bir hatarda dürli ugurlar boýunça ylmy we beýleki medeni bäsleşikleriň, halkara derejesindäki ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi ylma hem-de döredijilige höwesli ýaşlar üçin giň mümkinçilikleri açmaga ýardam edýär. Häzirki innowasiýalaryň ösen eýýamynda ýaşlaryň kämil tehnologiýalaryň, sanly elektron serişdeleriniň we dil sowatlylygynyň esaslaryny çuňňur özleşdirmeklerini gazanmak möhüm şertleriň biri bolup durýar. Bu bolsa talyp ýaşlaryň geljekde öz saýlap alan hünäri boýunça ýokary derejeli, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine uly itergi berýär.

Gülläp ösýän Diýarymyzda bilimde, saglygy goraýyşda, medeniýetde, ykdysadyýetde, umuman, durmuşymyzyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan anyk özgertmeler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýär. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesil baradaky alada döwletimizde esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlendi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna doly hukukly gatnaşmagy, şeýle hem ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny we sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, ýaş nesli watançylyga, ynsanperwerlige we zähmetsöýerlige mahsus ruhda terbiýelemek üçin mundan beýläk-de örän oňaýly şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär.

Ýaşlaryň jemgyýetde mynasyp orny eýelemegi, köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşmagy we saýlap alan hünäri boýunça kämilleşmegi ugrunda döwlet tarapyndan alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň ähmiýeti uly bolup, ýurduň geljekki ösüşi şol syýasat bilen aýrylmaz baglydyr. Bu ugurda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ylmy barlaglar bilen meşgul bolýan ýaşlary goldamak, ylmy-barlag institutlarynyň düzüminde ýaşlaryň ylmy gurnaklaryny we geňeşlerini döretmek, ýaşlaryň kompýuter we dil sowatlylygynyň esaslaryny çuňňur özleşdirmeklerini gazanmak, öwrenen bilimlerini ylym-bilim ulgamynda giňden ulanmaga çekmek boýunça işleriň gerimini giňeltmek, telekeçilige goldaw bermek, ýaşlary durmuş taýdan goldamak ýaly işleriň giňden durmuşa geçirilýändigini nygtamak ýerlikli bolsa gerek.

Kasymmyrat ÝEGENOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby. 

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.