DATLY NYGMAT
20-09-24
Gawun bereketli türkmen topragynyň behişti nygmatlarynyň biridir. Şonuň üçin-de tagamyna taý tapylmajak bu ajaýyp şirin-şeker nygmat türkmen halkymyzyň milli baýlygy, halal mirasy we bakjasynyň bezegi, buýsanjy hasaplanylýar. Halkymyzy beýik bagta ataryp, eşretli döwrana ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly: „Türkmen gawuny halkymyzyň rysgal çeşmesiniň dury bulagydyr, tagamyna taý tapylmajak nygmatydyr“.
Türkmen bakjasy bilen adygan halk. Häzir ýurdumyzda gawunlaryň dört ýüz otuz görnüşi, garpyzdyr kädileriň bolsa hersiniň altmyşdan gowrak görnüşleri bar. Berketli saçaklarymyzda azyk bolçulygyny döretmekde bu bakja ekinleriniň belli bahasy ýok. Gawun kaky, baly, şiresi, doňdurma ata-babalarymyzdan miras galan, türkmen halwasy diýip at alan ijan, garpyzdan sök, taşap we beýleki önümler indi gör niçeme ýüzýyllyklar bäri bereketli saçaklarymyzy bezäp gelýär. Gawun meselesinde hem her bir ýeriň öz ýüzi bar. Tejende waharman ýörgünli bolsa, gadymy Lebap topragy özüniň gülabysy bilen belli. Gadymy gawun görnüşleriniň biri bolan gürbek gawunynyň mekany-da Daşoguz topragy hasap edilýär.
Türkmen bakjaçy babadaýhanlary özleriniň halal, yhlasly zähmeti bilen gawun-garpyzyň dürli görnüşlerini ýetişdirip, ýylyň-ýylyna bol hasyl alýarlar. Biz muňa ýurdumyzyň bazarlaryndaky behişdi gawunlardyr garpyzlary görenimizde şaýat bolýarys. Şeýle pursatlarda baldan datly türkmen gawunlaryna bolan buýsanç has-da möwç alyp, hormatly Prezidentimiziň „Türkmen gawuny halkymyzyň rysgal çeşmesiniň bir dury bulagydyr, tagamyna taý tapylmajak nygmatdyr“ diýen sözleri bagtyýar ýere dolýar.
Janypkeş daýhanlarmyzyň yhlasy, maňlaý deri bilen ýetişdirilýän şirin-şeker gawun gadym döwürlerden bäri türkmen halkynyň milli baýlyklarynyň biri bolup, dünýäde at-abraýyny, özboluşly gadyr-gymmatyny saklap gelýär.
Türkmen gawuny geçmişde-de dünýäniň köp ýurtlarynda meşhur bolupdyr. Özem olar diňe bir tagamy, owadanlygy ýa-da özünden önýän dürli önümleri bilen däl, eýsem görnüşleriniň köplügi bilen-de aklyňy haýrana goýýar. Behişdi nygmat saýylýan gawun uzak döwürlerden bäri türkmeniň adyny göterip gelýär. Meşhur Beýik ýüpek ýoly arkaly gatnan kerwenleriň bu ülkeden gaýry ýurtlara alyp gidýän dürli harytlarynyň arasynda iýeniňde tagamy agzyňdan gitmeýän türkmen gawunlarynyň hem bolandygy barada taryhçylar, syýahatçylar öz ýazgylarynda aýdýarlar.
Göreniňde gözüňi dokundyrýan ajap halysy, dal bedewi, gazma dutary bilen külli äleme özüni tanadan türkmen bu gün iýeniňde tagamy agzyňdan gitmeýän, bala gaýra dur diýdirýän gawunyň hem hakyky eýesine öwrüldi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň bezegine öwrülen ak bazarlarymyzdaky bereket bolçulygyny göreniňde bolsa göwnüň göterilýär. Şol bereket, azyk bolçulygynda başarjaň bakjaçylarymyzyň-da paýy bar. Zähmetsöýer bakjaçylarymyzyň alan deri bilen ýetişýän gawunlar hem şirin-şeker süýji behişti nygmatlaryň biri.
Annagül BABAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.