Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanyldy

03-07-20

30-njy iýunda Birleşen Milletler Guramasynyň Ştab-kwartirasy ýerleşýän Nýu-Ýork şäherinden hoş habar gelip gowuşdy — 2020-nji ýylyň 29-njy iýunynda biziň ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanyldy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy habar berdi.

Türkmenistan eýýäm BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň wise-başlyklygyna altynjy gezek saýlanylýar. Ýurdumyza nobatdaky gezek şu wezipäniň ynanylmagy Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokary derejesine, milli Liderimiziň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasy ugrunyň ýokary abraýa eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanylmagy ýurdumyzyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda täze möhüm sahypany alamatlandyrýar. Şol bir wagtyň özünde munuň özi milli Liderimiziň milli bähbitlere hem-de ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek wezipelerine laýyk gelýän köp ugurly diplomatiýasynyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.


«Sanly çözgüt – 2020» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi

Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, fiziki we ýuridiki şahslary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan bäsleşik yglan edilýär.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pälwan atly alabaý bilen gezelenç etdi

21-nji iýulda hormatly Prezidentimiz dynç alyş möwsüminiň dowam edýän pursatlarynda säher bilen Köpetdagyň etegine gezelenje çykdy. Bu pursatda, milli Liderimiziň ýanynda Pälwan atly edermen alabaý boldy.


hormatly Prezidentimiz zähmet rugsady wagtynda balyk tutmak bilen meşgullandy

15-nji iýulda dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän ajaýyp kölleriň birinde balyk tutmak bilen meşgul boldy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, dynç alyş döwri wagtyňy peýdaly geçirmek, saglygy berkitmek üçin iň amatly pursatdyr.


Türkmenistanyň Prezidentiniň nobatdaky zähmet rugsady başlandy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsadyna çykdy hem-de Watanymyzyň şypahana merkezleriniň birinde dynç alýar, hemişe bolşy ýaly, milli Liderimiz işden boş wagtyny işjeň we peýdaly geçirýär.


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

3-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Mejlisiň wekilleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri çagyryldy.

PREZ_00.jpg
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

– Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýaşaýan ynsanlaryň ählisi her bir ädimde özi hakynda Döwletimiziň, hökümetimiziň, Prezidentiniň özüniň yzygiderli alada edýändigini duýup ýaşamalydyr.