Ylym we bilim — üstünlikleriň açary
11-11-24

Her bir taryhy döwür özüniň özgertmeleri, beýik ösüşleri, hoş habarlary bilen durmuşymyza özboluşly ýakym çaýýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň türkmen taryhynda, halkymyzyň durmuşynda aýratyn yz goýjakdygy mälimdir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýokary döwlet wezipesine täzeçe garaýyşlar, pikir-teklipler bilen girişdi, ýurdy dolandyrmak, milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak babatda öz öňünde belent maksatlary goýdy. Ol maksatlarda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» ugur alynýar. Elbetde, täze maksatlar bilen diňe öňe gitmekde, esasan, ýaşlara bil baglanýar.
Hormatly Prezidentimiz wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda hem: «Bu ynamyň diňe özüme däl-de, eýsem, bilimli-terbiýeli, iň öňdebaryjy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ähli türkmen ýaşlaryna hem bildirilen ynamdygyna düşünýärin» diýdi. Ylymly-bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly, täze, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek döwrüň mizemez talaby bolup durýar.
Diýarymyzda durmuşa geçirilýän innowasion özgertmeler, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary bilen doly üpjün edilen döwrebap desgalar hünärmenlerden ýokary ussatlygy, has anyk aýtsak, ylmy, bilimi, hünär taýýarlygy ýokary derejede bolan hünärmenleriň täze neslini ýüze çykarýar. Bilim ulgamy nyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy bolsa, öz gezeginde, ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga, ösdürmäge, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan doly baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär.
Arkadagly Gahryman Prezidentimiz ylmyň we bilimiň üstünliklerimiziň hem-de öňe gitmegimiziň binýatlyk esasy bolup durýandygyny nygtaýar. Sanly bilim ulgamynyň giň gerim bilen ösdürilmeginiň zerurdygyny belläp, bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalaryny ýokary hilli elektron materiallar hem-de degişli usullar esasynda kämilleşdirmegi esasy wezipeleriň hatarynda görkezdi.
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna, olaryň esasynda dolandyryşyň döwrebap ulgamlaryny emele getirmäge, elektron senagatyny ösdürmäge, innowasiýa häsiýetli önümçilikleri we ykdysadyýetiň täze ugurlaryny döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amal edilýän işler ýurduň ykdysadyýetiniň hemme ugurlarynda, şol sanda bilim ulgamynda hem düýpli özgertmeleriň geçirilmegine oňyn täsir edýär. Bu jähetden, biziň institutymyzda hem bilimleriň çuňlaşdyrylyp özleşdirilmeginde, dünýä tejribesini öwrenmekde, çylşyrymly tehnologiýalardan baş alyp çykmakda sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ýaş nesle bilim bermekde sanly tehnologiýalar giňden ulanylyp, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalaryň ediljekdigine ynanýarys.
Ýurdumyzda sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Merdan NURMANOW,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.