POMIDORYŇ ÄHMIÝETI WE ONDAN TAÝÝARLANYLÝAN KONSERWA ÖNÜMLERI
02-04-22

Hormatly Prezidentimiziň tassyklan “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda ýurdumyzyň oba hojalygynda köptaraplaýyn işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan yglan edilen azyk garaşsyzlygyny doly gazanmak syýasaty häzirki döwürde özüniň ajaýyp miwelerini berýär. Ýurdumyzyň oba hojalygynda ösdürilip ýetişdirilýän dürli görnüşli ekinleri özüniň azyklyk gymmaty boýunça ýokary hilliligi bilen ösen daşary ýurtlarda ösdürilip ýetişdirilýän ekinler bilen bäsleşmäge ukyplydyr, şonuň üçin bu günki günde ýurdumyz özüniň oba hojalyk ekinleriniň hasylyny dünýä bazaryna çykaryp daşary ýurtlara eksport edýän döwletleriň hataryna goşuldy.
Türkmenistanda oba hojalyk ulgamy milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň oba hojalygynda stragetiki ähmiýetli önümleriň köp görnüşi öndürilýär. Munuň özi mähriban diýarymyzda oba hojalyk önümleriniň ter we gaýtadan işlenilen görnüşleriniň bolelinligini döretmekde, ilatymyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde, bazarlarymyzy özümizde öndürilýän önümler bilen doldurmakda, senagaty ýerli çig mal bilen üpjün etmekde, umuman, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn okgunly ösdürmekde we halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmekde iňňän uly işler amala aşyrylýar. Şol bir wagtyň özünde halkymyza gök önümleri ter görnüşinde we gaýtadan işlenilen görnüşinde hödürlemek üçin we ýokary hilli azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek üçin anyk işler amala aşyrylýar.
Ýurdumyzda agrosenagat önümçiliginde miwe-gök önümlerini gaýtadan işlemek pudagy esasy orunlaryň birini tutýar. Esasan-da miwe-gök önümleri gaýtadan işleýän kärhanalarymyzda iň bir köp mukdarda gaýtadan işlenilýän gök önümiň biri hem pomidordyr. Pomidor ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän gök ekinleriň umumy meýdanynyň esasy bölegini eýeleýär.
Pomidory gaýtadan işläp alynýan önümleri ýurdumyzyň miwe-gök önümleri gaýtadan işleýän kärhanalarynda dürli-dürli görnüşlerde taýýarlanylyp, turşadylan pomidor, pomidor marinady, pomidor goýtmagy, püresi, pomidor şiresi, pomidor üwmeji we beyleki önümler taýýarlanylýar. Bulardan başga-da pomidordan taýýarlanan önümler balyk konserw önümçiliginde, işdäaçarlar we naharlyk konserwalary üçin guýma suwuklygy hökmünde ulanylýar.
Pomidory bütewüligine, şeýle-de goýaldylan we goýaldylmadyk görnüşde konserwirlemek mümkindir. Goýaldylan pomidor önümlerine pomidor püresi we pomidor goýtmagy degişlidir. Olary taýýarlamak üçin pomidor massasyny bugardyjy enjamlarda gaýtadan işlemek gerek bolýar.
Pomidor bütewüligine konserwirlenende doly bişen derejedäki pomidor ulanylýar. Pomidory gabygyndan aýrylan we aýrylmadyk görnüşinde konserwirlemek bolýar. Önümiň ýokumlygyny, datlylygyny ýokarlandyrmak üçin pomidor önümlerine hoşboý ys we tagam beriji ösümlikler goşulýar. Pomidory aýna ýa-da demir gaplara ýerleşdirilip, sürtülen pomidor massasy, duzly-şekerli guýma suwuklygy ýa-da pomidor şiresi bilen dolduryp gaplamak bolýar. Ondan başga-da, bu konserwalar taýýarlanylanda nahar duzy, sirke turşulygy, limon turşulygy goşulýar.
Esasan hem, häzirki döwürde biziň ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň azyk önümçiliginde pomidor önümleriniň goýaldylan görnüşini öndürmekde durnukly tendensiýa saklanýar. Konserw önümçiliginde pomidoryň bolelin möwsümlerinde ýörite häzirki zaman tehnologiki enjamlaryň kömegi bilen gury maddalarynyň mukdary 27-30% bolan konsentratlary taýýarlamak bolỳar. Bu bolsa pomidoryň ter görnüşinde ýok wagtlarynda gök önüm dadymlyk we naharlyk konserwleri we dürli tagamly üwmeçleri, nahara atylýan suwuk huruşlary, püreleri, şireleri we içgileri taýýarlamaga mümkinçilik döredýär.
Pomidoryň iýmit gymmatlylygy onuň düzüminde adam bedeni üçin örän möhümli bolan maddalaryň barlygy bilen esaslanýar: gantlar, witaminler, organiki kislotalar, aminokislotalar, beloklar, fermentler, mineral duzlar, kletçatka, pektinler, ýaglar, fitonsidler we başga-da peýdaly biologiki işjeň maddalar. Şeýle hem bu gök önüm ýokary hilli tagam görkezijilere eýedir. Olar işdäniň gowulanmagyna we iýmitiň oňat siňmegine ýardam edýär. Pomidoryň adam iýmitinde giňden ulanylmagy iýmit, tagam we berhizlik häsiýetleri bolan himiki düzümi bilen düşündirmek bolar. Pomidoryň himiki düzümi ösdürilip ýetişdirilişine, sortuna we bişenlik derejesine baglydyr.
Pomidor önümleri hem özüniň ýokary biologiki gymmatlygy, turşulyga garşy durup bilijilik işjeňligi we funksional häsiýetleri bilen köp ỳyllaryň dowamynda alymlaryň ünsüni özüne çekip gelýär. Ylmy maglumatlara görӓ, aýratyn hem guradylan pomidor we konsentrirlenen pomidor önümleri uly gyzyklanma eýedir. Sebäbi olarda biologiki işjeň antioksidantlar (likopin, β-karotin, C-witamini, ýarym fenollar, flawanoidler) konsentrirlen görnüşde saklanýar. Has-da likopin özüniň gymmadyny diňe bir antioksidant häsiýeti bilen ýüze çykarman, ol funksional iýmit önümlerini taýýarlamakda we iýmitlere biologiki-işjeň goşundy hökmünde goşulyp şeýle-de sagaldyş-bejeriş çärelerinde hem ulanmaga ýaramlydyr.
Pomidoryň iýmit gymmatlylygy onuň düzüminde adam bedeni üçin gerekli birnäçe maddalaryň bardygy bilen düşündirilýär. Bu maddalar: gantlar, witaminler, organiki kislotalar, aminokislotalar, beloklar, fermentler, mineral duzlar, kletçatka, pektinler, ýaglar, fitonsidler we beýleki birnäçe peýdaly biologiki işjeň maddalar saklanýar. Pomidor miweleri tagamy boýunça ýokary hile eýedir. Olar işdäni açyjy, gowulaýjy we iýmit siňdirijilige ýardam berýär.
Şeýle-de pomidoryň gymmatlylygy onuň kaloriýalylygy bilen kesgitlenýär. Ol az kaloriýalylykyr. Şonuň üçin hem olar adam bedeni üçin peýdaly bolup, bedeniň artykmaç agramyny pese düşürýär.
Pomidoryň we pomidor önümleriniň rak keseline garşy täsiri onuň düzüminde adam bedeniniň kadaly işlemegi üçin örän möhüm bolan ýaňy-ýakynda alymlar tarapyndan açylan madda karotinoid likopiniň saklanýandygy bilen düşündirilýär. Hut şu madda hem pomidoryň gyzyl reňkli bolmagyna ýardam berýär. Pomidoryň gyzyl reňkli bolmagy hem onuň düzümindäki likopiniň we karotiniň pigmentleriniň garyndysyna baglydyr. Pomidoryň düzümindäki bar bolan karotinoidleriň aglaba bölegini ortaça 83%-ni likopin tutýar. Likopiniň antioksidant işjeňliligi karotinoidleriň toparynyň belli wekili beta-karotiniň antioksidant işjeňliligine garanyňdan iki esse ýokarydyr. Likopiniň erkin radikallary weýran ediji täsirli göreşinde oňa bäşdeş bolup biljek başga madda ýokdur.
Pomidory - gaýtadan işlemegiň möwsümini uzaltmak we pomidor önümleriniň öndürmeleriniň assortimentini giňeltmek meselelerini üstünlikli amala aşyrmak üçin, çig maly gaýtadan işlemegiň täze tehnologiki usullaryny ulanmak zerurlygy ýüze çykaryldy. Bu meseläniň çözgüdiniň geljegi bolan ugurlarynyň biri hem, tehnologiki prossesleriň intensifikasiýasynyň täze usullaryny işläp düzmekden ybaratdyr. Hususan-da, çig maly ýokary gyzgynlykly gurşawda owratmak we gomogenizasiýa prossesleriniň dürli fiziki täsirlerini peýdalanmak esasynda alnyp barlar.
Häzirki döwürde bu gök önümsiz hiç bir desterhan hem oňup bilmezmikä diýýän, sebäbi onuň suwly kesim bölejikleri dürli-dürli naharlarymyzy, işdäçarlarymyzy taýýarlamak üçin örän zerur. Taýýarlanylyşy we düzümi boýunça tapawutlanýan pomidor üwmeçleri we souslary bolsa özüniň dürliligi bilen haýrana galdyrýar. Gaýtadan işlemegiň täze usullarynyň döremegi bilen, pomidordan taýýarlanylýan önümleriň assortimenti gün-günden artýar.
Pomidor önümleri özüniň tygşytly usul bilen taýýarlanylýandygy, ýokary iýmit we biologiki gymmatlygy, baý funksional düzümi bilen tapawutlanýarlar. Bu hem olaryň halk köpçüligi tarapyndan giňden isleg bildirilýänligi bilen düşündirmek bolar. Şonuň esasynda hem, bu ylmy-barlag işlerimiz pomidor önümleriniň görnüşlerini giňeltmäge, hilini ýokarlandyrmaga ýardam etjek täze tehnologiki prossesleriň we pomidor üwmejiniň düzüminde ýurdumyzda ösýän ýakymly ys we tagam berýän dermanlyk ösümliklerini ulanmak tehnikasyny peýdalanmak özüniň maksada laýyklylygyny göz öňünde tutmak gerek.
Pomidory aýna ýa-da demir gaplara salnyp, sürtülen pomidor massasy ýa-da duzly-şekerli guýma suwuklygy bilen başga-da pomidor şiresi bilen dolduryp gaplamak bolýar. Ondan başga-da, bu konserwalar taýýarlanylanda nahar duzy, sirke turşulygy, limon turşulygy, yakymly ys we tagam beriji ösümlikler ulanylýar. Goýaldylan pomidor önümlerine pomidor püresi we pomidor goýtmagy degişlidir. Olary taýýarlamak üçin pomidor massasyny bugardyjy enjamlarda gaýtadan işlemek gerek bolýar.
Konsentrirlenen pomidor goýutmagy iýmit önümçiliginde giňden ulanylýan önümleriň biridir. Pomidor goýutmagy birnäçe önümleri taýýarlamaga esas bolup durýandyr: pomidor şiresini, köp görnüşli gök önüm şirelerini, içgilerini, üwmeçleri taýýarlamakda; et, balyk we gök önüm konserwleri öndürilende (guýma suwuklygynyň esasy düzüm düzüjileriniň biri hökmünde); guradylan pomidor külkesini (poroşogy) öndürmekde ulanylýar.
Pomidordan her hili önümleriň we täzeden işlenen görmüşlerini taýýarlamak usullaryny we tehnologiýasyny döwrebaplaşdyrmak barada kafedramyzda deslapky geçirilen ylmy-nazary, we praktiki barlaglarmyz bu pudagy kämilleşdirmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny görkezýär. Munuň üçin: pomidordan goýtmak, şire, işdäaçar konserw önümlerinde goşundy hökmünde ulanmak, Gahryman Arkadagymyzyň "Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri" ylmy işlerinden gelip çykýan wezipeleripi göz öňünde tutup, ter dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanylan goşundylar goşmak arkaly pomidordan öndürilýän önümleriň hilini, durumlylygyny, ýokumlylygyny we datlylygyny has-da ýokarlandyrmakda uly mumkinçilikleriň bardygyny görkezýär.
Käkil BAZARGULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Miwe-gök önümlerini gaýtadan işlemek hünäriniň talyby.

Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler. Gol çekmek dabarasy Aşgabat şäherinde geçirildi.

Medeniýet hepdeligi — 2025: üçünji gün
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dürli çärelere beslenen üçünji güni ýurdumyzyň baý medeni mirasynyň we parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň arasyndaky çuňňur arabaglanyşygy nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.