SANLY BILIM ULGAMY — DÖWRÜŇ ÖSÜŞI

19-12-25

Häzirki zaman ösen tehnologiýalar dünýäsinde sanly bilim ulgamyna geçmeklik döwrüň talaby bolup, jemgyýetiň ösüşi bilen baglanyşyklydyr. Bu tehnologiýalaryň örän çalt ösýän döwründe sanly bilim ulgamy maglumat alyşmakda, aragatnaşyk saklamakda birnäçe ýeňillikleri döredýär. Şeýlelikde, sanly ulgam arkaly ýokary hilli bilim almak usulyny ulanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda sanly bilim ulgamyna geçilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Döwrüň talabyna görä, raýatlaryň maglumat tehnologiýalaryny işjeň hem netijeli ulanyp bilmegini gazanmak esasy möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Ösen tehnologiýalar dünýäsinde sanly bilim ulgamy barha ösdürilýär. Ýurdumyzda okatmagyň öňdebaryjy usullaryny özünde jemleýän täze ugurly ýokary okuw mekdepleri açylýar, olarda täze hünärler okadylyp, ökde hünärmenler taýýarlanylýar. Sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda uzak aralykdan sapaklary guramakda alnyp barylýan işler hem özüniň aýdyň netijelerini görkezýär. Munuň mysaly hökmünde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda teleköpri arkaly okuw tejribe sapaklary yzygiderli guralýar.

Sanly bilim ulgamy tehnologiýalar döwrüniň bilim ulgamynyň gurluşyndaky özboluşly aýratynlykdyr. Ýurdumyzda bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy arkaly sanly ulgamlardan, ösen tehnologiýalardan her bir raýatyň baş çykaryp bilmegini gazanmaga, dürli pudaklarda zähmet çekýän işgärleriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda bilim ulgamynyň işini döwrebap derejede guramakda, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda dünýä tejribesinden ugur alnyp, sanly ulgama geçilýär.

Jemgyýetiň ruhy medeniýetiniň esasyny düzýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak işini maksadalaýyk guramakda onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilmegi bilim syýasatynyň esasy ugrudyr. Hünärmenleriň bilim derejesini ýokarlandyrmak işiniň mazmuny okatmagyň döwre laýyk täze usullaryny halkara tejribesiniň häzirki zaman gazananlary bilen utgaşdyryp işläp taýýarlamakdan, hünär bilimlerini, nazary we amaly işlerini usuly taýdan dogry guramak ussatlyklaryny artdyrmakdan, syýasy düşünjelerini baýlaşdyrmakdan, täze-täze hünärleri öwretmekden, ylmyň hem-de tehnikanyň dünýä ulgamynda iň soňky gazanan üstünliklerine daýanyp, olaryň dürli pudaklary babatda ýetilen ýokary sepgitler hakyndaky täzeçe düşünjeleri giňden almaklaryna bolan zerur islegleri kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Çünki häzirki döwrüň hünärmenleri öz hünäri boýunça bilimleri ele almak bilen birlikde, dünýä dillerini bilmeli, kompýuter tehnologiýalaryny öz hünärinde, işinde ulanmagy başarmaly. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýaş hünärmenlerde şeýle ukyp-başarnyklaryň kemala gelmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Döwletimizde bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuknamalar toplumlaýyn we yzygiderli häsiýete eýedigi bilen tapawutlanýar. Bu hukuknamalar ýurduň raýatlarynyň bilim almaga bolan konstitusion hukugyny üpjün etmek we goramak hem-de bilim ulgamynyň üznüksiz işlemegi we ösmegi üçin hukuk kepilliklerini döretmek ýaly esasy wezipeleri öz içine alýar. 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda kabul edilen «Bilim hakynda» Türkmenistanyň kanuny ýaş nesli terbiýelemek we okatmak babatda ulgamlaýyn işiniň binýady bolup durýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda bilim berýän orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw-terbiýeçilik işlerine üns has-da güýçlendirilip, ol hil we mazmun taýdan düýpli özgerdilýär. Bilim ulgamynyň dürli basgançaklarynda bilim-terbiýeçilik işlerini alyp barmak babatda usuly täzelikler, dünýä usulyýet ylmynyň gazananlary giňden durmuşa ornaşdyrylýar. Döwrebap bilim-terbiýeçilik işleri ösen şahsyýeti kemala getirmekde öňde durýan wezipeleriň mazmunyna, ýörelgelerine we milli däp-dessurlarymyza laýyklykda guralýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakdaky köpugurly özgertmeleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Maksatnama laýyklykda ukyply çagalary we zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga we goldamaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek barada alnyp barylmaly işler meýilleşdirilýär.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň netijeliligi artýar we milli bilim ulgamynyň düýpli gurluşy döwrebaplaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Bu konsepsiýa laýyklykda, daşary ýurt dilleriniň okadylyşy barha ösdürilýär. Häzirki döwürde käbir mekdeplerde birnäçe daşary ýurt dilleriniň okadylmagy, çagalar baglarynda bolsa iňlis dilleriniň öwredilmeginiň girizilmegi has-da buýsandyryjydyr.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwletimizde sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi netijesinde durmuşa geçirilýän özgertmeler halkymyzyň kalbynda buýsanç duýgularyny döredýär. Halkymyzy şeýle belent derejelere ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Bagtyýar HAMRAÝEW,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň howa ulaglaryň ulanylyşy kafedrasynyň mugallymy.

16a3cc01ce112c.png
Türkmenistan bilen Azerbaýjan gümrük ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasynda gümrük hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy sişenbe güni habar berdi.


16a3cbbf8cfc83.jpeg
Medeniýet hepdeligi — 2026: üçünji gün

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan wakalarynyň üstüni ýetiren Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde sungatyň, çeper döredijiligiň dürli görnüşlerini öz içine alýan köp sanly medeni çäreler ýaýbaňlandyryldy.


16a3cba2d74906.jpeg
Oňyn halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler

24-nji iýunda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdar Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara dost-doganlyk gatnaşyklary — parahatçylygyň we ösüşiň berk binýady” atly maslahat geçirildi.


16a3b65a2db209.jpeg
Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy agyr ýük ulaglarynyň sürüjilerini işe kabul edýär

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligine degişli Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy täze iş orunlarynyň açylandygyny yglan etdi. Kärhana «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük ulaglaryny dolandyrmaga ukyply we degişli tejribä eýe bolan sürüjileri işe çagyrýar.


16a3b5d24ac84d.jpeg
Türkmenistan umumy abadançylygyň bähbidine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz rowaçlygyň ýoly bilen öňe barýar. Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine yzygiderli eýerýän Türkmenistan ählumumy abadançylygyň bähbidine deňhukukly we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant goşýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.