Bilim — üstünligiň şuglasy

07-05-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhy gymmatlyklarymyzyň hatarynda mynasyp orny eýeleýän ylym-bilimiň has-da uly ähmiýete eýedigini belläsimiz gelýär. Çünki bilim-ylym ähli ösüşleriň, galkynyşlaryň binýady, ykdysadyýetiň kuwwaty hasaplanýar. Ylmyň we tehnologiýanyň ösýän döwründe islendik döwletiň kuwwaty bilimiň we ylmyň ösüş derejesi bilen, adamyň sowatlylygy bilen kesgitlenýär. Şunda jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak möhüm ähmiýete eýedir. Öňdebaryjy ylmyň gazananlaryndan netijeli peýdalanmak möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň häzirki zaman ylmyny ösdürmek baradaky tagallalary aýratyn bellärliklidir.

Orta mekdepleriň, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň şu günüň ýokary talaplaryna laýyk gelýän täze binalary yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Olarda ylmyň gazananlary, öňdebaryjy tehnologiýalar, şol sanda kompýuter tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar. Alymlaryň, professorlaryň we mugallymlaryň, tejribeli hünärmenleriň gatnaşmagynda döwrebap okuw kitaplary we okuw gollanmalary taýýarlanylýar. Şeýle hem ýokary okuw mekdepleriň meýilnamalaryna täze hünärler girizilip, olarda täze kafedralar açylýar. Döwrebap bilim bermegiň netijeli usullaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýlelikde, eziz Diýarymyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini ýokarlandyrmak, talyp ýaşlary bilime höweslendirmek boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Bularyň hemmesi döwletimizde bilim ulgamyna ýokary üns berilýändigini görkezýär.

Eziz Diýarymyzda mugallymlaryň hünär ussatlygyny kämilleşdirmekde daşary ýurtlaryň ösen tejribelerinden peýdalanylýar. Şu maksat bilen mugallymlar, bilim işgärleri daşary ýurtlaryň ylym-bilim merkezlerinde bolup, bilimlerini kämilleşdirýärler. Şeýle mümkinçilikler bolsa bilim işgärlerine bu ugurda täze tejribeler bilen tanyşmaga hem-de özleriniň hünärini kämilleşdirmäge giň şertleri döredýär. Mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan köpugurly çäreler bilim ulgamyny dünýäniň öňdebaryjy ülňülerine laýykda guramaga ýardam edýär.

Talyp ýaşlaryň geçilýän sapaklary çuňňur özleşdirmegi, olara berilýän bilimiň netijeliligi mugallymlaryň öz hünärine ussatlygy bilen bir hatarda, olaryň ýokary hilli okuw kitaplary bilen üpjün edilmegine-de bagly bolup durýar. Şoňa görä-de, täze okuw kitaplarydyr gollanmalaryň öz wagtynda neşir edilip, mekdepleriň üpjün edilmegi barada uly alada edilýär. Bu möhüm işe gönükdirilýän maliýe serişdeleriniň möçberi artýar. Döwrebap mazmunly we ýokary hilde bezelen okuw kitaplaryny taýýarlamaga mugallymçylyk işinden baý tejribesi bolan ussat usulyýetçileriň, mugallymlaryň we alymlaryň uly topary çekilýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmäge uly ähmiýet berýän Milli Liderimiziň we Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri rowaç bolsun!

Guwanç SAPAROW,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Howa hereketiniň dolandyrylyşy hünäriniň talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.