Milli bilim ulgamy: ösüşleriň täze döwri
29-12-24

Milli ösüşimiziň täze tapgyry — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri. Bu ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda beýik özgertmeleriň amala aşyryljak, ajaýyp ösüşleriň gazanyljak we belent sepgitleriň ýetiljek eýýamydyr. Onda esasy ynam Garaşsyz ýurdumyzyň altyn geljegi bolan, häzirki zaman innowasiýalaryndan baş çykarýan ylymly we bilimli türkmen ýaşlaryna bildirilýär. Munuň özi täze taryhy döwürde ähli ýaşlaryň bilim alyp, ylym öwrenip, ählitaraplaýyn kämil hünärmenler hökmünde durmuşa geçiriljek beýik işlere mynasyp goşant goşmaga bolan ynamyny has-da artdyrýar, olary ruhlandyrýar.
Taryhyň giň durmuş tejribesinden belli bolşy ýaly, ylym we bilime esaslanýan özgertmelerdir amal edilýän işler hemişe belent ösüşleri gazanmaga ýardam berýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde: «Ylym we bilim biziň üstünliklerimiziň hem-de öňe gitmegimiziň binýatlyk esasy bolup durýar» diýip nygtady. Şu nukdaýnazardan, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» geljekde ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda täze wezipeler göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda: «Bu ynamyň diňe özüme däl-de, eýsem, bilimli-terbiýeli, iň öňdebaryjy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ähli türkmen ýaşlaryna hem bildirilen ynamdygyna düşünýärin» diýip belledi. Munuň özi ylymly-bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekligiň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli dowam etdirilmelidigini görkezýär. Hut şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu ugurda özgertmeleriň täze tapgyryny amala aşyryp, kämil ýaşlary ýetişdirmek boýunça ähli tagallalary etjekdigini nygtady.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny döwrüň talaplaryndan ugur alyp, häzirki zaman dünýä tejribesi esasynda ösdürmeklige aýratyn üns çekildi. Onda milli ylym we bilim ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmek, ýokary hünärli ýaş hünärmenleri we alymlaryň täze neslini taýýarlamak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de sanly ulgama giň gerim bermek ýaly öňde duran möhüm wezipeleriň bardygy nygtaldy.
Sanly bilim — kämil tejribe. Muny dünýä tejribesi doly subut etdi. Bu babatda häzirki döwürde «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem-de «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hususan-da, agzalan konsepsiýalar milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebap derejede berkitmäge, ulgamy sanlylaşdyrmaga — sanly bilim ulgamyny has-da ösdürmäge mümkinçilik berýär. Ýurt Baştutanymyzyň hut şu ugurda geljekde hem giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçiriljekdigini, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň, şol sanda bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagynyň yzygiderli dowam etdiriljekdigini bellemegi bolsa, bilimler ýurduna öwrülen ata Watanymyz Türkmenistanda iň kämil innowasion tehnologiýalara esaslanýan sanly bilim ulgamynyň hemişe üns merkezinde saklanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Bilimli nesil — ýagty ertirlerimiziň eýeleri. Ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda göz öňünde tutulýan özgertmeleriň täze tapgyry hem şöhraty belende göterilen türkmen döwletiniň synmaz kuwwaty bolan ýaşlarymyzyň ýagty ertirleri üçindir. Diýmek, ýaşlar syýasaty bilen utgaşykly durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegine we kämilleşmegine, ata Watanymyz Türkmenistanyň dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da belende göterilmegine mümkinçilik berer.
Ýagşymyrat ONMÄDOW,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.